26.10.2024
Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyryň adyny arşa göteren eser bolmak bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi.
Şu ýerde Milli Liderimiziň şol goşgusynyň käbir setirlerine ýüzlensek ýerlikli bolar:
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Bendiň birinji setirindäki «Ähli şygyr älemi» diýmegi, munuň özi umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasy, ýagny dünýä edebiýatynyň — Ýer ýüzüniň şygyr älemidir. Mizemez binalar — munuň özi berkararlyk binasydyr, türkmeniň döwletlilik binasydyr. Şol mukaddes binanyň ygtybary binýady bolsa pähim-paýhasdan, parasatdan tutulandyr.
Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,
Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Goşgynyň bu bendiniň ilkinji setirinde Magtymguly Pyragynyň il-halky, ýurdy üçin ähli işe taýyn bolandygy, öz topragyny, Watanyny jany-teni bilen söýendigi beýan edilýär. Akyldar şahyr üçin ownuk iş ýok. Ol halkyň derdine ýarap, nesil terbiýesinde-de, agzybirligi ündemekde-de yhlasyny gaýgyrmandyr.
Ikinji setirdäki «Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine» diýen parasatly sözleri okanymyzda, akyldar şahyryň «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» diýen ganatly sözleri biygtyýar ýadymyza düşýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz «Alynmyş dyr asmanlaryň keramatly belligine» diýen paýhasly setirinde dana şahyryň paýhas dünýäsiniň arşy belentlige göterilendigini, onuň hakdan içen şahyrdygyny nygtaýar.
Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Biz bu parasatly setirleri okanymyzda, Magtymguly Pyraga goýýan hormatymyz, sarpamyz has-da artýar. Halkyň jana-janyna öwrülmek her bir ynsana başartmaýar. Ol diňe parasatly, paýhasly danalara mahsus aýratynlyklar. Halkyň eziz jana-janyna öwrülen akyldara baş egip, müň togap bilen ýanyna barylmagy, türkmeniň öz danalaryna, parasatly ogullaryna goýýan sarpasynyň häzirki döwürde hem dowam etdirilýändigini ala matlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýýän dana pikirli setirinde Pyragynyň mertebesiniň belende göterilmeginiň halkyň mertebesiniň arşa göterilýändiginiň aýdyň ykrarnamasydyr. Çünki akyldar şahyryň sarpasy Ýer ýüzünde näçe belende göterildigiçe, türkmen halkynyň at-abraýy hem dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna,
Onuň Alyjena by Magtymguly Pyragy.
Köpetdagyň eteginde dana Pyragynyň ägirt uly ýadygärliginiň, medeni-seýilgäh toplumynyň bina edilmegi Milli Liderimiziň asylly başlangyjydyr, döwletli işleriniň netijesidir.
Ýeri gelende bellesek, şu günler ýurdumyzda beýik akyldaryň goşgularynyň özbek we ermeni dillerinde çapdan çykan neşirleriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň dünýä halklarynyň gyzyklanmasyna eýedigini nobatdaky gezek aýdyň görkezýär.
Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny dünýä ýüzünde belende gö ter ýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Mekan ANNAMYRADOW, Baýramaly şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.