ASUDA ÝOL — ABADAN IL

28.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan her bir işde mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy, kanuny bähbitleri ileri tutulýar. Bu bolsa döwletimiziň baş aladasynyň halkyň bähbidine we abadançylygyna gönükdirilendiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Ýol hereketiniň kadalary» hem şol aladadan gözbaş alýar.

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de döwletimiziň ýol hereketi baradaky kanunçylygyny halkara ölçeglere laýyk getirmek maksady bilen kabul edilen bu kadalaryň 2-nji bölümi «Sürüjileriň umumy borçlary» diýlip atlandyrylýar. Onda ulagyň sürüjisiniň ýanynda ony dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnamasynyň, bu şahadatnama bellenen tertipde elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasynyň, şahsyýetini tassyklaýan we beýleki resminamalarynyň bolmalydygy, howpsuzlyk kemerleri bilen enjamlaşdyrylan ulagda hereket edilende, kemerleri dakynmaga we olary dakynmadyk ýolagçylary gatnatmazlyga borçludygy barada beýan edilýär. Şeýle-de ulagyň tirkegi bar bolan ýagdaýynda oňa we daşalýan ýüke degişli ähli resminamalaryň bolmalydygy nygtalýar. Agzalan kadalaryň 25-nji bölümine laýyklykda bolsa, sürüji ulagyň tehniki ýagdaýynyň sazlygyny, guratlygyny barlamaga we ony ýolda üpjün etmäge borçludyr.

Umuman, Türkmenistanyň her bir raýaty ýol hereketi bilen baglanyşykly kadalary berjaý etmegi öz hökmany borjy hasaplamalydyr.

Maýa Agaýewa, welaýat prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.