BÄHBITLI IŞE GOŞANDYMYZ

01.11.2024

Raýat jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň rowaçalýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşekeşligiň we beýleki zyýanly endikleriň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmegini gazanmak derwaýys meseleligine galýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygy bir tarapdan jemgyýetimiziň jebisliginiň, mäkämliginiň gözbaşy bolsa, ikinjiden, halkyň saglygyny goramakda netijeli ädimdir.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde sagdyn durmuşyň hemmeler üçin baş ýörelge bolmagyny gazanmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, alnyp barylýan degerli işler gowy netijesini berýär. Onuň ýene bir bähbitli tarapam, berk bedenli, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmekdäki ähmiýetidir. Şu günki günde bu meselede düşündiriş-öňüni alyş çäreleri derwaýysdyr. Şonuň üçinem wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi sagdyn durmuşly jemgyýetimiziň abadan geljegine gönükdirilendir. Şeýle çärelere etrap prokuraturamyzyň işgärlerem işjeň gatnaşyp, degerli işleri geçirýärler.

Mähri ANNAMUHAMMEDOWA, Ýolöten etrap prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.