04.11.2024
Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelerde oba hojalyk pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Bu özgertmeler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyny, ýerli önümleriň öndürilişini we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny maksat edinýär. Şu maksatlar bilen, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda milli kanunçylygymyz döwrebaplaşdyrylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertler döredilýär.
Türkmenistanyň çäklerinde gidrometeorologik maglumaty toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkme nis tanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Kanun 5 bapdan we 27 maddadan ybaratdyr.
Gidrometeorologiýa — gidrologiýany we meteorologiýany öz içine alýan, Ýeriň gidrosferasy we atmosferasy hakyndaky ylymlaryň toplumy .
Gidrometeorologiýa işi — daşky gurşawyň ýagdaýy, tebigy hadysalar hakynda maglumatlary almak üçin gözegçilikleri we synlamalary geçirmegiň, maglumatlary toplamagyň, olary işläp taýýarlamagyň, seljermegiň netijesinde çaklamalary düzmäge, seljermäge, ýaýratmaga, saklamaga we peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn hereketlerdir.
Gidrometeorologiýa işi hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol Kanundan hem-de gidrometeorologiýa işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Agzalan Kanunda gidrometeorologiýa işiniň esasy ýörelgeleri, onuň görnüşleri, gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylaryň hukuklary we borçlary düzgünleşdirilendir. Gidrometeorologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara hökmünde Daşky gurşawy goramak ministrligi, Gidrometeorologiýa baradaky gulluk we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Şunlukda, Türkmenistanyň çäginde ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalar arkaly gidrometeorologiýa gözegçiligini geçirmegiň, gidrometeorologiýa maglumatlary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň netijesinde umumylaşdyrmagyň, çaklamalary düzmegiň, wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamagyň we peýdalanma gyň bitewüligi üpjün edilýär. Bu geçirilýän işler
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň işine laýyklykda utgaşdyrylýar. Bütindünýä meteorologiýa guramasy barada aýdylanda bolsa, atmosferanyň, deňiz gurşawynyň zaýalanmagynyň bes edilmegine ýardam etmäge borçlanýan iri guramalaryň biridir. Ol ählumumy howa ulgamynyň we atmosferanyň ýagdaýy boýunça hasabaty düzýär, şeýle hem daşky gurşaw babatdaky köptaraplaýyn ylalaşyklarda hökmany goldawy üpjün edýär. Her birimiziň asuda durmuşda ýaşamagymyz, zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli başlangyçlary rowaç alsyn.
Daňatar ABDYLLAÝEW, Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.