04.12.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, her bir türkmen raýaty pederlerimiziň arzuwlan berkarar ýurdunyň raýatydygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Hukuk döwletimizde kanunyň mizemezligini gazanmak, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk hem-de bir meňzeş berjaý edilişine, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek möhüm wezipe bolup durýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dana Pyragy bilen baglanyşdyrylmagynda uly many bar. Munuň özi türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşanydyr. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny äleme äşgär eden beýik söz ussady her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymgu ly nyň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň, ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçe gi bolup halkymyzyň arasynda asyrlar boýy ýaşap gelýär.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde geçiriljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň kepilidir.
Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri, onuň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna goşan goşandy, umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmatlary çäksizdir. Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde örboýuna galýar. Magtymguly Pyragy öz döwründe halky birleşdirmek, bir bitewi döwlet gurmak taglymatyny öňe sürüp, halkynyň aňyny ösdüren bolsa, hormatly Prezidentimiz bu gün ykbaly göterilen, bir supranyň başynda jem bolan türkmeniň azat-erkana halk, Garaşsyz döwlet hökmünde şan-şöhratyny äleme ýaýýar.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Şol forumda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýen sözleri akyldar şahyra berlen uly bahadyr.
Türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun.
Aba ATAÝEW, Bäherden etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.