18.12.2024
Gurmak, döretmek, ýolçekmek ata-babalarymyzdan miras galan döwletli ýörelgedir, sogap işdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu mukaddes ýörelge dünýä nusga alarlyk derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap röwüşde döwrebap desgalar bilen gaýtadan dikeldýär.
Täze taryhymyzyň iň bir şanly sahypalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda uzynlygy 600 kilometre deň bolan «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berlip, oňyn ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň ulag ulgamynda ýene-de ähmiýetli işiň başy başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýlaryny goşalandyryp, 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, 2021-nji ýylyň güýzünde ulanylmaga berlen ýoluň 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen böleginiň açylyşy hem göwünleri galkyndyran pursatlaryň biri bolup, ýatda galypdy.
Täze ýol ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de halkara ulag giňişligine işjeň goşulyşmagyna, berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, döwletimiziň üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmaga ýardam eder.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň birnäçe abraýly halkara güwänamalara eýe bolmagy onuň gurluşygynyň hiliniň ýokary derejede ýerine ýetirilendiginiň, dünýä ýurtlarynyň degişli düzümleriniň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýänliginiň subutnamasydyr. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyz üçin birnäçe mümkinçilikler açylar. Ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnaşyklary çaltlandyrmaga şert dörediler.
Döwrebap ýoluň ugrunda ýolagçylaryň dynç almagyna, düşläp geçmegine niýetlenen binalaryň, uly we kiçi ýangyç guýujy beketleriň, awtoduralgalaryň, dükanlardyr ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlarynyň, çöl haýwanlary üçin ötükleriň we beýleki zerur desgalaryň bolmagy onuň hiliniň hem-de şertleriniň ýokarydygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistan döwletimiziň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Biz geljekde-de Diýarymyzyň awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris» diýip belledi. Munuň özi halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriň geljekde-de döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, dowamat-dowam boljakdygynyň aýdyň nyşanydyr. Bütin dünýäde önümçiligiň artmagyna, durnukly ösüşiniň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýän ulag geçelgelerini döretmekde umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun.
Myrat Myradow, Baýramaly etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi