BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADY

06.01.2025

Sagdynlyk — bagtly geljegiň binýady. Şol esasdan ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň agzybir, abadan, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi bellärliklidir. Üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işleriň netijesinde hem ata Watanymyz sagdynlygyň, sportuň mekanyna öwrüldi. Ajaýyp zamanamyz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň şan-şöhratynyň barha artýan döwri bolup taryha girer. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň arasynda sporta bolan söýgini artdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar. Biz hem jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz-ündew edýäris. Şeýle çäreleriň oňyn netijeleri berýändigi bolsa bizi örän begendirýär.

Şatlyk Jora­ýew, Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.