HUKUK MEDENIÝETI — DÖWRÜŇ TALABY

20.01.2025

Raýat jemgyýetimizde kämil kanunlarymyzy raýatlara düşündirmek prokuratura edaralarynyň işgärleriniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle wezipäniň maksadam raýatlaryň hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçinem bu işe hemişe uly üns berlip, onuň oňyn çözgüdini gazanmak ugrunda degerli işler ýola goýulýar.

Gürrüňi edilýän meselä etrap prokuraturamyzyň işgärleri hem çynlakaý çemeleşip, onuň guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýärler. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde kabul edilýänkämil kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmegiň ähmiýeti uludyr. Sebäbi, raýatlaryň hukuk sowatlylyklarynyň derejesi ýokarlandygyça şonça-da jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almakda gowy netijeleriň gazanylmagyna getirýär. Jenaýatçylyga, kanun bozulmalara garşy göreşde abadan, asuda ertirimiziň özboluşly kepili bolan düşündiriş işiniň talaba laýyk guralmagyny gazanmaga çalyşýarys.

Ýalkapberdi MYRADOW. Türkmengala etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.