Habarlar
DURMUŞYMYZYŇ ÇEŞMESI
Tebigat diňe bir bizi gurşap alýan gurşaw bolman, eýsem, ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa ylham berýän beýik güýçdür. Bütin dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem ene tebigatymyzyň gözelligini, onuň baýlyklaryny we olary gorap saklamagyň ähmiýetini wasp etmäge aýratyn orun berilýär.
19-njy oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmagynda «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre tebigatyň ajaýyplygyny özünde jemleýän hakyky baýrama öwrüldi.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ekologik abadançylygy üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz 16-njy oktýabrda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde: «Tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris. Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr» diýip bellemek bilen, gözel tebigatymyz, onuň ekologik ýagdaýy barada edilýän tagallalara ünsi çekýär.
Sahawatly, beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, sahawatly işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýbölek Nursähedowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş derňew müdirliginiň uly prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.