ÝURDUMYZYŇ YLYM ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

28.01.2025

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne iş­jeň go­şu­lyş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ylym we teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da­ky üs­tün­lik­ler, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýur­dumyzyň yk­dy­sa­dy­ dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga iter­gi ber­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­niň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da ylym we teh­nolo­gi­ýa ba­bat­da­ky ösüş­ler gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Türk­men alym­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän yl­my mas­la­hat­la­ra gat­naş­ma­gy, döw­re­bap yl­my-bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­me­gi we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nylma­gy ýur­du­my­zyň ösü­şin­de esa­sy orun eýe­le­ýär. Bu bol­sa tä­ze be­lent­lik­le­re çykma­ga iter­gi ber­ýär. Türk­me­nis­tan­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2024­—­2052­-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy tas­syk­la­nyl­dy. Bu ösüş Stra­te­gi­ýa­syn­da ylma we teh­no­lo­gi­ýa üns ber­lip, ola­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­de ula­ny­lyşy esa­sy ugur hök­mün­de gör­ke­zil­ýär.

Şu ýy­lyň 24­-nji sent­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len stra­te­gi­ki me­ýil­na­ma­ny yg­lan et­di. Bu me­ýil­na­ma 2024­—­2052­-nji ýyl­la­ry öz içine alyp, ylym ulgamyn­da düýp­li öz­gertme­le­ri we öň­de­ba­ry­jy amal­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yl­myň we tehno­lo­gi­ýa­nyň döw­le­tiň dur­muş­-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de mö­hüm or­nu­nyň bar­dy­gy­ny nygta­ýar. Yl­my üs­tün­lik­ler we in­no­wa­si­ýa­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şin­de uly äh­mi­ýete eýe bo­lup, döw­le­tiň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň esa­sy sü­tü­ni hök­mün­de gö­rül­ýär. Şu mak­sat bi­len, tä­ze Stra­te­giýa­da yl­my­-bar­lag mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek we ös­dür­mek, yl­my iş­gär­le­riň hü­när dere­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly me­se­le­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Mun­da tä­ze bar­lag mer­kez­le­ri­ni, ýo­ka­ry de­re­je­li ins­ti­tutla­ry, ylym­-bi­lim mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak, teh­no­lo­gi­ýa we in­no­wa­si­ýa ar­ka­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pudak­la­ryn­da önüm­çi­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak,dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy yl­my ins­ti­tut­la­ry bilen hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry we bar­lag­la­ry ge­çir­mek, iň­lis di­li we teh­no­lo­gi­ýa ug­run­dan yl­my iş­gärle­riň taý­ýar­lan­ma­gyny kä­mil­leş­dir­mek we da­şa­ry ýurt­lar­da tej­ri­be geç­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek ýa­ly iş­le­re üns be­ril­ýär.

Bu Strategiýa di­ňe bir içer­ki ösüş üçin däl, eý­sem, hal­ka­ra nuk­daý­na­za­ryn­dan hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nista­nyň yl­my hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi ýur­duň dün­ýä­de mö­hüm stra­te­gi­ki hyzmat­daş hök­mün­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ýar.

Ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar hä­zir­ki dö­würde yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy çeş­me­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan­da bu ugur­lar­da­ky üs­tün­lik­le­riň hal­ka­ra tej­ri­be­si­ne esas­lanma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bi­lim ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, yl­my­-bar­lag mer­kez­le­riniň iş­le­ri­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, inno­wa­si­ýa mer­kez­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len iş­leş­mek bu ugur­lar­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sy­ýa­sa­ty ýurdu­my­zyň ýaş alym­la­ry­nyň we tej­ri­be­li hünär­men­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­de alyp bar­ma­gy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Il-ýurt bäh­bit­li bu Stra­te­gi­ýa 2024­—­2052­-nji ýyl­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Ýurt­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dü­ri­lip, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry dur­mu­şa ge­çirmek ar­ka­ly yl­myň yk­dy­sa­dy­ýet­dä­ki or­ny has­-da ber­ki­dil­ýär. Mu­nuň özi yk­dy­sa­dy ösü­şi ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow ta­ra­pyn­dan yg­lan edilen 2024—­2052-­nji ýyl­la­ry öz içi­ne alýan yl­my Stra­te­gi­ýa ýur­dumyzyň gel­jek­ki ösü­şi üçin mö­hüm ädim­dir. Bu Stra­te­gi­ýa esa­syn­da Türk­me­nis­tan di­ňe bir mil­li ösüşi däl, eý­sem, hal­ka­ra de­re­je­sin­de öz ornu­ny ber­kit­mä­ge ym­tyl­ýar.

Aýbölek NURSÄHEDOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.