05.02.2025
Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, her bir gününi üstünlikler bilen garşy alýar. Diýarymyzda alnyp barylýan ähli oňyn işler we özgertmeler mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna gönükdirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işler öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Kanunylygyň durmuş maksady bolsa milli jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny berkitmäge we ösdürmäge ýardam bermekdir, demokratiýanyň dabaralanmagydyr. Kanunylyk döwletde hukuk kadalarynyň takyk, gyşarnyksyz, birmeňzeş berjaý edilmeginden ybarat bolan döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ýörelgesini aňladýar. Şonuň üçin ol fiziki şahslaryň hereketleriniň we ýuridik şahslaryň işleriniň, şeýle-de hukugyň subýektleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň kanunylygyny üpjün etmegiň guraly bolup çykyş edýär.
Kanunçylygy üpjün etmek ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Prokuratura edaralarynyň işiniň esasy ugurlary raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetçilik howpsuzlygynyň we ykdysady esaslarynyň goragydyr.
«Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň 49-njy maddasyna laýyklykda, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygynyň üpjün edilmegi barada bellenilip geçilýär. Şeýlelik bilen hukuk kepillikleriniň ulgamynda ýerine ýetiriji edaralar tarapyndan hukuk namalary çykarylanda kanunylygy saklamak we berkitmek boýunça borç üstüne ýüklenen döwlet edaralarynyň işi aýratyn ähmiýete eýedir.
Hukuk döwletimizde her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol sanda onuň kepilligini ýokarlandyr mak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, röwşen geljegi üçin kanunçylygy berkitmek barada edýän talaplary eziz Diýarymyzda adam hukuklarynyň goraglylygynyň başlangyç esaslaryny emele getirýär.
Ähli ösüşlerimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň biz — ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Azatgeldi JEPBAROW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.