21.02.2025
Welaýatymyzyň prokuratura işgärleri hem Watan goragçylarynyň gününi uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda asuda jemgyýetimiziň goragynda durmak biziň üçin belent mertebedir.
Döwrebaplyk we borja ygrarlylyk — alyp barýan işlerimiziň özenini düzýän sütünler. Bu babatda biz her bir pursatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz goldawlaryny duýup ýaşaýarys we işleýäris. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň her bir mejlisinde beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde hem belent wezipeleri goýýar. Biz öz işlerimizi şol wezipelerden ugur alyp, durmuşa geçirýäris.
Ýurdumyzda Watan goragçylarynyň gününiň bellenilýän günlerinde merdana ata-babalarymyzyň şu günki nesillere miras galdyran ýol-ýörelgeleriniň aýratyn gadyry bar. Pederlerimiz döwleti dolandyrmagyň, kanuny jemgyýeti berkarar etmegiň ýol-ýörelgelerini kämil derejede özleşdiripdirler. Şol ýol-ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa eserlerinde has berkidilip, Watan goragçylaryna taýýar gollanma hökmünde hödürlenilýär. Şonuň üçin hem biz işde bu dürdäne eserleri özümiz üçin ýol ýörelge edinýäris. Bu bolsa ýurdumyzda kabul edilýän milli kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmek ýaly il bähbitli işlerimiziň has netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Hangeldi MÄMIÝEW, Hojambaz etrap prokurory, 1-nji derejeli ýurist.