24.02.2025
Gurbanmyrat BEKMYRADOW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist:
— Berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde toýlar toýa ulaşýar. Maňa-da Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde toýlanylýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagyna mynasyp bolmagym meni döwletimizde kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak we döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly alyp barýan işlerimizde mundan beýläk-de jan aýaman zähmet çekmäge, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmekde mynasyp goşant goşmaga borçlandyrýar.
Asuda Watanymyzyň gülläp ösüşi üçin goşant goşmak her bir Watan goragçysynyň ykbalyna öwrülsin!