15.03.2025
Sebitde we dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy berkarar Diýarymyzyň daşary syýasat ugrunyň häsiýetli aýratynlygydyr. Onuň çuňňur mazmuny hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinde mynasyp beýanyny tapýar. Iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi ata Watanymyzy dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň berkarar bolmagyna ýardam berýän ýurt hökmünde tanatdy. Ýetilen bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini umumadamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli durmuşa geçirendigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesini, şan-şöhratyny beýgeldýän bu üstünlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowamat-dowam tapýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 30 ýyllyk şanly senesi uludan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň bagtyýarlygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen uly möçberli döwlet maksatnamalarynyň, durmuş-ykdysady özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginiň mizemez binýatlarynyň biridir. Şeýle döwletli tutumlaryň çäklerinde ýurdumyz baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň wezipe-borçlaryna berk eýermek, ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly baý gorlara daýanýan tebigy çig mal serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyny we özara tejribeler alyşmagyny gazanmakda uly işleri amala aşyrýar. Täze taryhy eýýamyň bezegine öwrülýän şunuň ýaly köpugurly tutumlar hemişelik Bitaraplygymyzyň parahatçylyk dörediji güýje eýedigini jümle-jahana ýaýýar. Mähriban Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesi merdana halkymyzyň milli buýsanjydyr, dünýä dolan hormat-sarpasydyr. Ýurdumyzyň gülläp ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir, bagtyýar durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagynyň ygtybarly kepilidir.
Ýurdumyzyň gazanan syýasy üstünligi bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini eýeleýän belent sepgitlerimiziň binýadynda goýýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ýunus ERKINOW, Türkmenbaşy şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.