18.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan badalga alan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde ýetilýän belent sepgitler halkara ykrarnama eýe boldy. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk etmekde, ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam etmekde, sebitde we tutuş dünýäde bar bolan meseleleri çözmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gatnaşmakda toplanan tejribe ýurdumyzyň halkara bileleşikde eýeleýän ornuny has-da berkidýär.
Ajaýyp zamanamyzda içeri we daşary syýasatdaky üstünlikler, nusgalyk başlangyçlar ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterdi. Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlarynyň we alyp barýan hoşniýetli syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy ösüş bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini bellemek has-da buýsançlydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Berkarar Watanymyz biziň buýsanjymyzdyr, şöhrat-şanymyzdyr. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi we durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Babahan BATYROW, Esenguly etrabynyň prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.