BUÝSANJA BESLENEN MENZILLER

17.04.2025

Mälim bolşy ýaly, Ösüş arkaly parahatçylyga gönükdirilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň baş maksady. Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimizde Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalary, Ýuwaş ummany we Aziýa se­bit­le­ri, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­gar, Ýew­ro­pa we Ame­ri­ka ýurt­la­ry bi­len dür­li ugur­lar­da­ —­  syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk, ähli döwletler bilen ösdürilýän dostlukly gatnaşyklar bolsa ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki at-abraýynyň artýandygyny görkezýär.

Hemişelik Bitarap Watanymyz dünýä bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde tanalýar. Muňa Milli Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de durnukly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len «Dia­log­—­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li», «Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk» at­ly tag­ly­mat­la­ry, «Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!», «Türk­me­nis­tan­—­pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» at­ly şygyrlary, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary, alyp barýan içeri we daşary syýasaty, şonuň ýaly-da biziň ýurdumyz tarapyndan söwda-ykdysady, ynsanperwer we medeni gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşine itergi berýän, durmuşda üstünlikli amala aşyrylýan anyk tekliplerdir taslamalar doly güwä geçýär. Buýsanç bilen bellenilmeli ýagdaýlaryň biri-de, ýurdumyzyň öňe sürýän çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan teklipleri, başyny başlan başlangyçlary köp wagt geçmänkä ägirt uly üstünlikler bilen tutuş halkara jemgyýetçiliginde hoşallyk duýgusyny döredip, BMG-niň ýörite Kararnamalary bilen berkidilýär. Bu babatda Türkmenistanyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len «2025-nji ýyl­—­Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diýlip yglan edilendigi biziň aýdanlarymyzy aýdyňlygy bilen subut edýär.

Bu günki günde eziz Diýarymyz dünýä halklarynyň ykballaryna täsirini ýetirjek derwaýys meseleleriň çözülýän ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi. Muny BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabat şäherinde hereket etmegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerine wise-başlyklyga birnäçe gezek saýlanylmagy, köp sanly daşary ýurtlaryň biziň döwletimiz bilen özara bähbitli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga isleg bildirýändigi hem öňki aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär. Bularyň ählisi bolsa Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň buýsanja beslenen menzilleridir.

Goý, şeýle üstünlikler bilen ata Watanymyzyň her gününi bagtyýarlyga besläp, ruhubelentlik bilen täze ösüşleriň belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymy zyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän işler mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Guwanç IŞADOW, Aşgabat şäher prokuraturasynyň Ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, ýüstisiýanyň kiçi geňeşçisi