24.04.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz esasynda ýaşlar Watana, halka wepalylyk, mertlik, adalatlylyk, gerek bolsa, öz mähriban Watany, eziz halky üçin gahrymançylyk görkezmäge taýýarlyk ruhunda terbiýelenýärler. Harby gullukçylarda çuňňur watansöýüjiligi, Watana wepalylygy kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän kitaplary, öwüt-ündewleri ýörelge bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ykbalyny ýurt goragyna — mukaddes borja baglan ýigitlere bagyşlap ýazan «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleri Watan ogullarynyň gulluk durmuşynda yhlasly, halal zähmet bilen üstünlikleri gazanmaklarynda şamçyrag boldy.
Milli Liderimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eseriniň her bir jümlesi çuňňur mazmuna eýe. Ondaky: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligi, asmanyň hem Zeminiň giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýen setirleri ýaş nesliň kalbynda çuňňur watançylyk duýgularyny oýarýar. Goý, asmanymyz asuda, ýurdumyz parahat bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan belent maksatly işleri hemişe rowaç bolsun!
Şirin HODJYÝEWA, Ahal welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.