02.05.2025
Parahatlyk abadanlykdan, asudalykdan we agzybirlikden başlanýar. Adamlaryň arasyndaky jebislik we bitewülik, tagallalaryň birligi jemgyýetiň kämildigini, ynanyşmak medeniýetine esaslanýandygyny görkezýär. Döwletleriň arasyndaky hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklar parahatçylygyň höküm sürýändigini alamatlandyrýar.
Parahatçylyk bolan ýerinde ösüş bolýar, öňe gidişlik gazanylýar. Şu jähetden alnanda, häzirki zaman dünýäsinde ýurtlaryň arasynda asudalygy we parahatçylygy gorap saklamak wajyp wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bütin dünýäde parahatçylygy wagyz etmek, ynanyşmak medeniýetini ilerl etmek bilen bagly netijeli işler durmuşa geçirilýär, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ykrarnama eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan etdi. Şundan ugur alnyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda üstümizdäki ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy halkara derejede giňden belleniler. Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidir» diýip belleýär. Dogrudan-da, hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratbolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär.
Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz täze taryhy eýýamda tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» ýaly Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.
Şemşat GURBANGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Işgärler bölüminiň Hünäri ýokarlandyryş bölümçesiniň uly prokuror-metodisti.