HALKYMYZYŇ EŞRETLI ERTIRI

04.07.2025

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at ly kitabynda: «Ýaş lar babatynda durmuşa geçirýän işlerimizi kanunçylyk taýdan üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belleýär. Ajaýyp zamanamyzda bolsa ýaş nesilleri döwrebaplyk we millilik ruhuna ýugrulan bilim-terbiýe bilen taplamak, olary beden hem-de ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler edip ýetişdirmek üçin kämil kanunçylyk binýady döredildi.

Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda bilimiň we terbiýäniň üznüksizligi hem-de arabaglanyşygy üpjün edilýär. Sowatly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hili ni, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga gönükdirilen işleriň uly tapgyry amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, okatmagyň usulyýeti has-da döwrebaplaşdyrylýar.

Şu ýerde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň binýadynyň has-da berkidilendigi ni bellemelidiris. Çünki Türkmenistan ýaşlaryň sagdyn ösüp, giň dünýägaraýyşly, dünýä ýaşlary bilen deň gadam urup bilýän nesiller bolup ýetişmegi ugrunda çuňňur alada edýän bilimler ýurdudyr.

Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Hezretali ANNABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.