16.10.2025
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň goranyş ukybyny artdyrmak, milli Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hukuk hem-de durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli berkidilýär.
Durmuşa geçirilen özgertmeleriň netijesinde harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy has-da kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň:
«Geçmişde türkmeniň edermen gerçekleriniň, hanlarynyň, begleriniň ata Watany goramakda görkezen edermenlikleri, gaýduwsyzlyklary, gahrymançylyklyklary häzirki Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi goramaga, Watan öňünde kasam edip, mukaddes borjy ýerine ýetirmäge girişýän ýaş serkerdeler üçin ajaýyp mekdepdir, egsilmez nusgadyr»
diýip nygtaýşy ýaly, harby gullukçylar merdana pederlerimizden dowam edip gelýän watansöýüjilik häsiýetlerine pugta eýerýärler.
Çünki Watan goragy örän jogapkärli we mukaddes wezipedir. Ýurt asudalygynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen kanunçylygyň kämilleşdirilmegine hem aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň her birinde şöhratly taryhymyzyň sahypalarynda yz galdyran atababalarymyzyň harby däplerine ornaşan ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, Watanymyzda her bir harby gullukçynyň, ýaş esgeriň ählitaraplaýyn taýýarlygy ýurdumyzyň mertebesini beýgeldýär.
Watan şahsyýetler bilen beýgelýär, şahsyýetleri bolsa Watan beýgeldýär.
Her bir türkmen perzendi öz ykbalyny Watan goragy ýaly mukaddes duýgy bilen baglanyşdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan taýsyz tagallalar netijesinde barha özgerýän we kuwwatlanýan Milli goşunymyz bar.
Hormatly Prezidentimiz Watan goragynda durýan merdana goragçylary we olaryň maşgala agzalaryny birjik-de ünsden düşürmeýär. Bu aladalar bolsa Watan goragynda duran her bir adamyň yhlasly gulluk etmegine, watana bolan söýgüsiniň has-da artmagyna itergi berýär.
Watan goragçylarynyň esasy wezipesi — watançy ýaşlary we kämil serkerdeleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetiň jebisligini, asudalygyny üpjün etmek, alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň esasy maksadydyr.
Ýurtda hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmekde, her bir raýatyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini we kanuny hukuklarynyň ygtybarly hem-de berk goralmagyny üpjün etmekde netijeli işler amala aşyrylýar.
Mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň, mukaddes Garaşsyzlygynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen zerur amatlyklaryň döredilmegi, Ýaragly Güýçlerimiziň binýadynyň berkidilmegi döwletimiziň Watan goragçylary baradaky yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara görkezýän watansöýüjilik göreldesi biziň her birimiz üçin mukaddesdir. Bu milli mekdep ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadançylygyny üpjün edýär.
Goý, türkmen halky agzybirligini, jebisligini öňküsinden-de berkidip, asuda ýaşaýşyň eýeleri bolsun! Dünýämiz parahat, ýurdumyz abat, ilimiz bagtyýar bolsun!
Batyr BERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi.