SAHAWATYŇ ŞUGLASY

19.10.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu forum uly ähmiýete eýe bolup, halkara jemgyýetçiliginde oňyn seslenme döretdi. Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy. Şol Jemleýji resminamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde kabul edilmegi halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanýandygynyň mysaly boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň «Maşgala hakynda», «Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda», «Zähmet kodeksi», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Haýyr-sahawat işi hakynda» Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň berkliginden habar berýär.

Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giňden orun almagyna, adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly üns berilýändigi, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitirilen uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Arkadag» medaly bilen sylaglandy.

Gaznanyň döredileni bäri geçen dört ýylyň dowamynda ýüzlerçe çaganyň saglygyny dikeltmek, çylşyrymly operasiýalary geçirmek işleri mugt alnyp baryldy. Bu çygyrdaky aladanyň diňe şular bilen çäklenmän, çagalaryň operasiýalardan soňky dikeldiş döwründe-de ýerli saglyk öýleriniň aýratyn gözegçiliginde saklanylmagy, mynasyp dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi bellärliklidir.

Gaznanyň hasabyna Owganystana, Pakistana, Täjigistana, Türkiýä, Ukrainä, Russiýa, Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde nygtaýşy ýaly, ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa, türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan-terezisine öwrülendir.

Nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!