Bagtyýarlygyň kepili

11.11.2025

Şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýoly» diýip atlandyrylmagynyň aňyrsynda halkymyzyň geçmiş taryhy, milli ýörelgeleri, dünýä ýüzünde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen berk baglanyşykly çäksiz many-mak, öwüt-nesihat jemlenendir.

Dünýä jemgyýetçiligi halkymyzyň şanly taryhy bilen ýakyndan gyzyklanyp, milletimiziň has irki döwürlerde-de parahat durmuş, erkinligi, il-ýurt abadançylygyny berkarar etmek ugrunda beýik işleri bitirendigine göz ýetirer.

Irki döwürlerde entek özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmän, Garagumyň giň sährasyny, gojaman Hazaryň kenaryny, Köpetdagyň etegini, Jeýhun derýasyniň boýlaryny, Was topragyny mekän edinip ýaşaýan ata-babalarymyz şol döwürlerde üste-näçe gelip gelýän sansyz-leşger bilen parahatçylykly ýol arkaly düşünişmek, halk, il-gün üçin abanýan howpy agyr ýitgiler siz yzyna gaýtarmak üçin täsirli çäreleri ulanandygyny taryh Türkmenistanyň öňünde äşgär edýär.

Şol döwürlerde hem halk arasynda pähim-parasatly, dilewar, hormat-sylagy belent aksakgal ýaşulular, kethudalar goňşy döwletler bilen agzybirlikde düşünişip, birek-birek bilen ynanyşyp ýaşamakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde zerur tagallalary edipdirler.

Berkärar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly ädimler bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwletimizi halkara derejede öňe sürýän, dünýäniň döwletleri tarapyndan goldanylýan parahatçylykly, birek-birege ynanyşykly, dostlukly gatnaşyklary berkitmek bilen baglanyşykly başlangyçlary halkymyzyň asyrlap gelýän milli ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde mynasyp ýaýbaňlandyrylmagydyr.

Parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri halklary, döwletleri biri-birine ýakynlaşdyrmagyň iň ygtybarly kepilidir.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwletimizi gülledip ösdürmekde, dünýä ýüzünde parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini pugtalandyyrmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Mahym HALYÝEWA,
Welaýat prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi,
1-nji derejeli
ýurist.