Berk binýat

15.11.2025

Türkmenistan hukuk döwletidir. Ýurdumyzda milli kanunçylygy ösdürmäge we kämilleşdirmäge örän uly ähmiýet berilýär. Kanunlar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan guraldyr. Olar näçe kämil bolsa, jemgyýet hem şonça sagdyndyr. Kanunlary bilmek durmuşda ynamy artdyrýar. Bu aýratynam ýaşlar üçin möhümdir.

Kanunlarda adam hukuklarynyň goragy esasy orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda milli kanunçylyk binýady döredildi. Kämil kanunlar döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine möhüm düzümi bolup durýar. Olar döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky hukuk gatnaşyklaryny sazlaýar we jemgyýetiň sagdynlygyna oňaýly täsir edýär.

Kanunlar ýolbaşçy resminamasy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda işlenip düzülýär we kabul edilýär. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan kabul edilen kämil kanunçylyk namalaryny bilmek ýaşlar üçin zerur bilimleriň biridir.

Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýar. Umuman, adamzat we milli gymmatlyklar esasynda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin döwletimizde hukugy, durmuşy, kanunçylygy üpjün edýän şertler döredilendir.

Bilimiň jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegine esas bolýandygyny, onuň döwleti ösdürmäge itergi berýändigini belleýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda kabul edilen kämil kanunlar ýurdumyzda bilim ulgamynyň hem öz oňyn netijelerini görkezýär.

Bilim ulgamyna degişli kabul edilen kanunlarda ýaş nesle dünýä ölçeglerine gabat gelýän bilim bermek, olary ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, parahatçylygy, agzybirligi gorap saklamagy, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmagy maksat edinen zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek göz öňünde tutulýar.

Kämil hukuk düşünjeli we hukuk medeniýetli şahsyýetleri kemala getirmekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Wezipelerini ýerine ýetirmek bolsa, her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Berk araz döwletiniň täzeden galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we olaryň hukuk terbiýesine gönükdirilen uly möçberli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen nesiller üçin döredilýän şertleriň gadyrny bilmek, hözirini görmek uly bagtdyr.

Agaşöhrat IŞANOW
Görogly etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.