Ynsan sarpasy belentde

18.11.2025

Ähli pudaklar boýunça il-ýurt bähbitli işleriň döwlet maksatnamalary, meýilnamalar esasynda durmuşa geçirilmegi her bir başy başlanan tutumyň, öňde goýlan maksadyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.

Ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy Lukman hem-de Alym Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň hem-de taýsyz tagallalarynyň miweleridir.

Bu maksatnama her bir raýatyň saglygyny berkitmäge we adamyň sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynyň:
«Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýen kadalarynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylan adamlaryň saglygyny goramaga, ýaramaz endiklere, ýokanç kesellere garşy göreşmäge we olary jemgyýetimizden ýok etmäge gönükdirilen işler diňe bir halkymyzda uly ruhy galkynyş döredmän, eýsem, dünýä halklaryny hem haýrana goýdy.

Gahryman Arkadagymyzyň, nusgalyk peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Belent Serkerdebassymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary belent, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Batyr Artykow
Garagum etrabynyň prokurory,
ýustisiýanyň geňeşçisi