Ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugry

22.11.2025

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk.

Şunuň bilen birlikde, biz halkara ölçegleriniň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän döwrebap terminallary, demir ýol menzillerini, deňiz portlaryny hem-de inžener-tehniki maksatly binalary gurmagy dowam etdirýäris. Şularyň ählisi-de Beýik Ýüpek ýolunyň täze ösüşlerine giň ýol açýar.

Ulag pudagy ýurduň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşinde, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmakda, işewürligiň we jemgyýetçilik ösüşiniň netijeliligini artdyrmakda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de, ygtybarly we ýokary hilli ulag hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmekde, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm orun tutýar.

Ulag ulgamynda öňe sürülýän oňyn başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklipleri esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”, “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek”, “Sürdülebilýän ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, “COVID-19 pandemiýasy döwründe we ondan soň durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek” bilen baglanyşykly Kararnamalar hem-de 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy kabul edildi. Bularyň ählisi bu ugurda alnyp barylýan işleriň öňe ilerlemegine mümkinçilik döretdi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara ulag geçelgelerini giňeltmek aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň birnäçe halkara konwensiýalarynyň gatnaşijysy bolmagy hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara şertnamalarynyň agzasy hökmünde çykyş etmegi bu işleriň mazmunyny berkitdi.

Türkmenistan geografik taýdan halkara ulag ulgamynyň möhüm çatrygynda ýerleşýär. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahasynyň taryhy taýdan ýurdumyzyň üstünden geçmegi bu tebigy artykmaçlygyň müňýyllyklaryň dowamynda peýdalanylandygyny görkezýär. Häzirki wagtda ulag gatnawlarynyň dürli görnüşleriniň artmagy bilen, Türkmenistan dünýä ulag zynjyrynyň möhüm halkasy hökmünde has-da möhüm ähmiýete eýe boldy.

Gündogar–Günbatar, Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça, şeýle hem aralyk ugurlar boýunça howa, demir ýol, gara ýol hem-de suw ulaglary babatda uly mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanyň demir ýol ulgamy diňe bir ýurduň çägindäki ilatly nokatlary we ykdysady merkezleri birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara demir ýol ulgamyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Goňşy döwletleriň ählisi bilen gönüden-göni birigýän ýol ulgamy ýurduň üsti bilen bökdençsiz gatnawlaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň açyk deňizlere çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň hataryna girmegine garamazdan, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi onuň halkara deňiz gatnawlaryna işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilik döredýär. Hazar deňzi sebitdäki bäş döwletiň arasynda ýolagçy we ýük daşamalaryna hyzmat edýär, onuň üsti bilen açyk deňizlere hem çykyp bolýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan port üpjünçilik ulgamyny we deňiz ulaglaryny ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň deňiz gatnawlaryndaky mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm çäre boldy. Munuň netijesinde milli deňiz flotuny giňeltmek, daşary ýurt gämilerine hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak, Watana gelýän we gidýän ýükleriň mukdaryny artdyrmak hem-de üstaşyr geçirmeleriň möçberini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredildi.

2016-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirildi. Onuň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýän birnäçe resminama gol çekildi. Türkmenistan Transaziýa demir ýollary boýunça hökümetara ylalaşygyna hem-de Serhetlerde ýüklere gözegçilik etmegiň şertlerini ylalaşmak hakyndaky halkara konwensiýasyna goşuldy. Bu ylalaşyklaryň maksady Aziýa–Ýuwaş umman sebitinde intermodal ýük daşamalaryny rejeplemek we ýeňilleşdirmek, halkara söwdasyny ösdürmek hem-de deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerine laýyk şertleri döretmekden ybaratdyr.

Döwrebap özgertmeler, gazanylýan ösüşler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny hem-de ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýar. Ulag pudagyndaky üstünlikler ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda täze sahypalaryň açylmagyna mümkinçilik döredýär.

Hangeldi ANNABAYEW,
Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça
Mary welaýatynyň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.