ÄHLUMUMY BÄHBITLERIŇ BINÝADY

28.11.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şöhratly wakalaryň ençemesiniň taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylmagyna sebäp boldy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýa; 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakynda» Rezolýusiýa; 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň, 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr.

Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde dünýä döwletleriniň arasynda dostluk köprüsi hökmünde möhüm hyzmat edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!