Bagtdan paýly

25.11.2025

Aýly Orazow,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy gözegçilik müdirliginiň müdiri,
justisiýanyň geňeşçisi:

— Ýaşamak we işlemek üçin döredilýän giň mümkinçilikler hem-de ynsan mertebesiniň belentde tutulyp, ak ýürekden çekilýän halal zähmete mynasyp baha berilmegi başy başlanan işleriň netijeliligini üpjün edýär.

Maňa-da Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Munuň özi meni döwletimizde kanunlaryň berjaý edilişine we hukuk namalarynyň kanunylgyna prokuror gözegçiligini güýçlendirip, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak we döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly alyp barýan işlerimizde mundan beýläk-de jan aýaman zähmet çekmäge, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmaga borçlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun.

 

Berdinazar Berdinazarow,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň müdiriniň orunbasary, işler bölüminiň müdiri,
justisiýanyň geňeşçisi:

— Ine, şu toýly günde maňa-da Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmak bagty nesip etdi.
Bu döwlet sylagy meni mundan beýläk-de gijämi gündiz edip, ak ýürekden gulluk etmäge ruhlandyrdy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýen, kalbyňa ganat berýän setirler ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin aýratyn buýsançlydyr.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy we enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!