02.12.2025
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda:
«Döwletimiziň bähbidi — halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge hem-de ägirt uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris» diýip belledi.
Diýarymyzda täze şäherçeleriň we obalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy üçin berilýän ýeňillikli we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwletimiziň ykdysady syýasatynyň baş maksady — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Täze-täze döwrebap şäherçeler we obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berilýär hem-de bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumda «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigini, munuň bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga giň mümkinçilik döredýändigini belledi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär we geljege ynamly seredip, belent maksatlar goýmaga esas berýär.
Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyz mejlisde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykddaýna ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy we Halk Maslahatyna hödürlemagi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýip belleýşi ýaly, umumymilli forum ýolumyza aýdyňlyk, maksadymyza anyklyk, geljegimize nur çaýdy. Taryhy forum zähmetsöýer halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we agzybirliginiň beýany boldy. Onda kabul edilen çözgütler Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýolunda täze üstünliklere ýetmegine ýardam eder.
Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak: döwletimiziň bähbidi — halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada ýurdumyzyň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan we hemişelik Bitaraplygymyzynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanylýan ýylynda geçirilen bu taryhy maslahatda çykyşlaryň mazmunynda Bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak ýaly gymmatlyklar eriş-argaç bolup geçdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen utgaşmagy, bu taryhy senäniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn ähmiýetlidir. Geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi.
Maslahatda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini kesgitleýän «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu resminama türkmen Bitaraplygynyň syýasy maksatlarynyň hukuk taýdan berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen halky — zähmetsöýer halk, tutumly toýlara zähmet ýeňişleri we belent sepgitleri bilen gelýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlygy, joşgunly zehini nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň bir toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy — ýurdumyzda her bir adamyň zähmetine mynasyp baha berilýändiginiň we uly toýlaryň mynasyp garşy alnyşynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimiziň halkara abraýynyň pugtalanmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Şirmyrat Aýdogdyýew,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.