02.01.2026
Döwlet Baştutanymyz:
«Kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döretmelidir» diýip belleýär hem-de olaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek işleriniň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtaýar.
Türkmen halkynyň taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk kadalaryna esaslanýan we şol bir wagtda döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan häzirki zaman kanunçylygy barha kämilleşýär.
Ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynda döwletimiziň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetine, iň ýokary gymmatlygyň adamdygyna we onuň bähbitleridigine degişli esasy ýörelgelere uly orun berilýär.
Kanunçylyk namalaryny özleşdirmek döwrebap dünýä garaýşyň bolmagy, ahlak-hukuk meselelerine dogry düşünmek, jemgyýetçilik tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşmek üçin zerurdyr. Türkmenistanda taryhy gysga döwrüň içinde jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän pugta kanunçylyk binýady döredildi.
Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen, hususy eýeçilik, hususy kärhanalar, paýdarlar jemgyýeti ýaly täze hukuk düşünjeleri ýüze çykdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçe görnüşlerine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyryjy, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, ulaglar bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär.
Kämilleşdirilýän kanunçylyk namalary ýurdumyzyň häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryny hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkider hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi has-da pugtalandyryp, ynsanperwer, adalatly, sagdyn jemgyýeti ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döreder.
Kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda uly alada edýän
Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag, işleri rowaç bolsun!
Azat Şyhnazarow
Görogly etrabynyň prokurory,
2-nji derejeli ýurist