06.01.2026
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmäge hem-de sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge mümkinçilik berer. Täze toplumyň işe girizilmegi bilen, ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndürilip, zawodda fosforly dökünleriň önümçiligi häzirkisinden iki esse artar. Bu bolsa diňe bir içerki talaplary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem eksport mümkinçiliklerimizi hem giňelder. Çünki bu toplum Merkezi Aziýanyň iň iri mineral dökün çeşmeleriniň biri bolar.
Maryda, Tejende, Garabogazda ammiak hem-de karbamid öndürýän ösen ylmy-innowasion derejeli zawodlar Türkmenistanyň ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatynyň iri mineral dökünleri öndürmek babatda dünýä bazarynda uly orny eýeleýändigini aýdyň subut edýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Ahal we Lebap welaýatlarynda her biri ýylda bir million tonna önüm öndürýän Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlary dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Şeýle giň gerimli işleriň alnyp barylmagy üçin uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda:
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip belledi.
Ösüşlere beslenýän döwrümizde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen belent tutumlaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Şöhrat Ýangibaýew
Lebap welaýat prokuraturasynyň
umumy gözegçilik bölüminiň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi