YKDYSADYÝET WE TÄZEÇILLIK

10.01.2026

    Mälim bolşy ýaly, 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähriban halkymyza ajaýyp sowgat bolan bu toplum milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagynyň ýolunda anyk ädimdir.

Sirkulýar ykdysadyýeti ählumumy derejede üstünlikli ornaşdyrmak Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň iň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmekde ýerine ýetirilmeli işleriň, ýeňilip geçilmeli kynçylyklaryň az däldigine garamazdan, bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ykdysady ösüşi, adamlaryň durmuş abadançylygyny hem-de ekologik durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan içerki we daşary syýasatynyň hem möhüm ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmaga ýardam edýän ýapyk aýlanyşykly — sirkulýar ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde bütin dünýäde ileri tutulýar.

Sirkulýar ykdysadyýet dürli ugurdaky önümçilik-sarp ediş halkalary üçin täze işe würlik nusgalaryny peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Bu ugurda önümçilik serişdeleri, harytlar we olaryň aýry-aýry bölekleri birnäçe gezek gaýtadan peýdalanylyp bilinýär. Munuň üçin abatlamak, dikeltmek ýa-da gaýtadan işlemek zerur bolýar.

Adaty önümçilik nusgasyndan sirkulýar ykdysadyýete geçmegi ýeňilleşdirmek üçin pudagara hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhümdir. Ýapyk aýlawly, ýagny serişdeleri gaýtadan peýdalanmagy göz öňünde tutýan ykdysady nusga geçmek birnäçe zerurlyklar bilen baglanyşyklydyr.

Adaty önümçilik nusgasynda önüm tebigy baýlyklaryň çig mal hökmünde peýdalanylmagy arkaly öndürilýär. Ulanyş möhletiniň tamamlanmagy ýa-da näsazlyklaryň ýüze çykmagy zerarly önüm peýdasyz bolýar. Onuň ýerine ýene-de tebigy baýlyklardan täze önüm taýýarlanýar. Emma Ýer togalagynyň tebigy baýlyklarynyň möçberiniň çäklidigini göz öňünde tutsak, şeýle önümçilik nusgasynyň ygtybarlylygynyň pesdigi düşnüklidir.

Oýlanyşyksyz alnyp barylýan ekerançylyk işleri ekin ýerleriniň hasyllylygynyň peselmegine, tokaýlaryň çapylmagyna we ýerasty suw gorlarynyň azalmagyna getirýär. Ilatyň köpelmegi bilen azyk önümleriniň we energiýanyň sarp edilişi artýar, şol bir wagtda bolsa ulanyşdan aýrylan önümler köp möçberde galyndylary döredýär. Bu meseleler gysga wagtda oýlanyşykly çözgütleri talap edýär.

Sirkulýar ykdysadyýet harytlaryň uzak ömürli bolmagyny, gaýtadan peýdalanylmagyny we galyndysyz önümçiligi maksat edinýär. Önümiň taslamasy düzülende onuň ulanyş möhleti we täzeden peýdalanylmagy öňünden göz öňünde tutulýar. Bu bolsa energiýa we zähmet serişdeleriniň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär.

Häzirki «sarp ediş» ykdysadyýetinden sirkulýar ykdysadyýete geçmek diňe bir täzeçillik däl, eýsem, zerurlykdyr. Çünki daşky gurşawa ýetirilen zyýan häzirki we geljekki nesilleriň durmuş derejesine täsir edýär. Bu ýagdaý ekologik, durmuş we ykdysady töwekgelçilikleri döredýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanda strategik meýilnamalaşdyrmak, maksatnamalaýyn býujet we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şeýle hem «akylly» şäher konsepsiýalary ornaşdyrylýar. Arkadag şäheri sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgelerini özünde jemleýän döwrebap şäher hökmünde mysal bolup durýar.

Netijede, ýurdumyzda kagyz, plastik, rezin, polietilen, agaç we metal galyndylaryny gaýtadan işleýän önümçilikler ösdürilýär. Bu çäreler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Daňatar Abdyllaýew
Akdepe etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist