16.02.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza ak ýürekden gulluk edýän ýurdumyzyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hatarynda, biz hem mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etmegi belent mertebe, mukaddes borç hasaplaýarys.
Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň prokuratura edaralarynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly prokuror gözegçiliginiň ähli ugurlaryna programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär.
Elektron resminamalaryň dolanyşygyna geçmek bilen, prokuratura edaralarynyň maglumatlarynyň bitewi gorunyň döredilmegi we onuň kiberhowpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça anyk işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022—2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Prokuratura işgärleriniň döwrebap hünär taýýarlygyny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda täze döwrebap hukuk kitaphanasy döredildi. Bu kitaphanada ýurdumyzyň hukuk ulgamyna degişli hukuk edebiýatlary bilen birlikde daşary ýurtlarda çap edilen we halkara guramalar tarapyndan taýýarlanan hukuk edebiýatlary hem bar.
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda döredilen döwrebap kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserlerine aýratyn orun berilýär.
Biz — prokuratura işgärleri hormatly Prezidentimiziň:
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözlerinden ugur alyp, mundan beýläk hem halkymyza, döwletimize we mukaddes Watanymyza ak ýürekden gulluk ederis.
WATAN GORAGÇYSY, TOÝUŇ MÜBÄREK!
Siz Watanyň gerçek ogul-gyzlary,
Watan goragçysy, toýuň mübärek!
Gülledýäňiz kalbyňyzda ýazlary,
Watan goragçysy, toýuň mübärek!
Bagt barmy Watany söýmekden başga?
Halkyň gullugynda durmakdan başga?
Asman, zemin, ata ýurdumyz rahat,
Watan goragçysy, toýuň mübärek!
Arkadag şäher prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory