03.07.2026
Bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýadydyr. Häzirki wagtda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesiniň görkezişi ýaly, ykdysady we medeni ösüş gönüden-göni intellektual baýlyga, ýagny bilime baglydyr. Bilim arkaly beýik geljek gurulýar.
Türkmenistanda hem bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamynda öňde goýýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda her bir raýatyň bilim almaga bolan hukugy kepillendirilýär. Şunuň bilen birlikde, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim berlişiniň hilini täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Bu resminama diňe bir nazary bilim däl, eýsem, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagy, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmagy göz öňünde tutýar.
Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr.
Gahryman Arkadagymyz: «Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär» diýmek bilen, innowasiýalaryň, häzirki zaman ylymlarynyň, nanotehnologiýalaryň, sanly ulgamyň adamzat jemgyýetini öňe alyp barýandygyny belleýär. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň tehnologik ösüşlerden yza galmazlygy üçin bilim edaralarynda ýörite internet merkezleri döredilýär. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýady sanly bilimiň serişdeleri arkaly yzygiderli pugtalandyrylýar.
Bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini we amaly endiklerini kämilleşdirmekleri, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglarydyr tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň okamagyna, zerur hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin hemme zerur şertler bar. Bularyň ählisi türkmen ylmyny dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarjak ýaş alymlaryň, inžener-tehnologlaryň geljegimizi gurjak täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.
Bilim hiç wagt gymmatyny ýitirmejek iň uly hazynadyr. Daşary ýurt tejribesini milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşdyrmak ýaşlaryň dünýä ylmyna goşulmagyna ýol açýar. Bilimli nesil döwletiň sarsmaz sütünidir. Mugallymçylyk usulyýetiniň kämilleşdirilmegi we halkara öňdebaryjy tejribeleriň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly we watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam berýär.
Yhlasly zähmet çekmäge mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýbölek NURSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş derňew müdirliginiň uly prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.