TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ GERIMI GIŇEÝÄR

05.10.2026

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň birnäçe gezek bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy hem-de Gadymy Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, keşdeçilik sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyndaky buýsançly netijeleridir.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna şu gezekki döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, halklarymyzyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär. Ýurdumyzyň bir ýokary we orta okuw mekdebinde bolsa koreý dili öwredilýär. Ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň akademiki toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar pugtalandyrylýar.

Türkmenistan ynsanperwer ulgamda-da ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär. Iki ýurtda hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmegiň uly tejribesi toplandy. Özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde Songýungwan uniwersitetine geleninde bu ýerde döwlet Baştutanymyzy uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom mähirli garşylady. Soňra hormatly Prezidentimiz we Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy bilelikde bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda ýeten sepgitlerine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň Koreýa Respublikasynda üstünlikli dowam etmeginiň gözbaşynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!

Batyr Berdiýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.