ÖÝLI BOLMAK BAGTY

31.01.2022

Bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllaryna mahsus bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem toýlar-toýa ulaşýar. «Watan goragçylarynyň güni» mynasybetli Daşoguz şäherinde prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin 2 sany 16 öýli 4 gatly täze ýaşaýyş jaýy gurlup, ulanylmaga berildi.

Bu täze ýaşaýyş jaýyndan öýli bolmak bagtynyň nesip edendigine buýsanjym çäksizdir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýär. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bimöçber tagallalar bizi mundan beýläk-de ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak ugrunda jan aýaman, ak ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

«Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwürde ýaşamak, Watan öňündäki borjumyzy ýokary derejede, birkemsiz berjaý etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.

 

Allanur PALTABAÝEW, Daşoguz welaýatynyň  harby prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.