BUÝSANJYMYZYŇ ÇÄGI ÝOK

07.02.2022

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly dabara bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň günüdir.

Bu mukaddes günde Watan goragçylarynyň ýurdumyzyň howpsuzlygyny, adamyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde alyp barýan jogapkärli işlerinde bitirýän hyzmatlaryna mynasyp baha berlip, döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Ine, şu şanly günde maňa-da «Watana bolan söýgüsi üçin» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagy meni mundan beýläk-de, gijämi gündiz edip, ak ýürekden gulluk etmeklige ruhlandyrdy.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa götermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriniň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

 

Agakemal ESENOW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik müdirliginiň uly prokurory,  ýustisiýanyň geňeşçisi.