Döwre buýsanç - zähmete hujuw

09.02.2021

— Gadymy we müdimi halkymyzyň halallyk, ynsaplylyk, sabyr-kanagatlylyk, dogry sözlülik ýaly mukaddes hem keramatly saýylýan milli ýol-ýörelgeleri bilen parahorluk ýaly jenaýatçylykly hereketler asla bir ýere sygyşyp bilmez. Ata-babalarymyzdan miras galan päkize ýol-ýörelgeleri biz elmydama şol nogsanlyklaryň garşysyna goýmalydyrys.

Ata-babalarymyz «Iliň güýji — siliň güýji» diýipdir. Halkyň synmaz erk-isleginiň öňünde durjak güýç bolmaz. Bu jogapkärli hem gaýragoýulmasyz göreşde biz, ilkinji nobatda, sowatly, ylym-bilimli, düşünjeli adamlaryň işjeňligine, il sylagly ýaşulularymyzyň, öý-ojagyň eýesi bolan ene-mamalarymyzyň halk köpçüliginiň, ýaş ýetginjekleriň öňünde edýän täsirli wagyz-nesihata ýugrulan düşündiriş işlerine bil baglaýarys. Her bir adam üçin oňat şahsy göreldäniň güýji aýratyn uludyr. Biziň hemmämiziň her bir işde baş bolup, özüniň şahsy göreldesi bilen ýollarymyza şamçyrag şuglasyny saçýan Arkadag Prezidentimiziň sargytlaryna mäkäm eýermegimiz gerek. Ýüregi her  pursatda: «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip urýan milli Liderimiziň söýgüsi ýaly halky, Watany söýmek hem buýsanç we borçdur. Biz bu hormatly borja hemişe abraý bilen hötde geleris.

 

Bilbil Saparowa,

Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist: