09.02.2021
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watansöýüji nesilleri kemala getirmegiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy nazara alnyp, maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 3-nji maddasyna laýyklykda: «Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar» diýlip kesgitlenilen. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar» diýlip kesgitlenilýär. Şu günki ýaşlar — ertirki Watan eýeleri. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, ylym-bilim alyp, mähriban halkymyza, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär.
Ýaşamak, işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.
Laçyn AKGAÝEWA,
Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist: