Döwrüň ýalkymy

22.02.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak, toýlary uludan tutmak ajaýyp däbe öwrüldi. Baýramçylyk dabaralarynyň halkara derejesinde guramaçylykly geçirilmegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň giňden wagyz edilmegi, dünýä nusgalyk syýasaty durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň mertebesini has-da belende göterýär.

Şol dabaralaryň içinde halkara we ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň, medeni sport çäreleriniň, media-forumlaryň, brifingleriň we metbugat konferensiýalarynyň guralmagy göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  30 ýyllyk baýramy bilen dabaralanjak 2021-nji ýyl şanly senelere, buýsançly wakalara baý ýyl bolar. Iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyş dabaralaryndan başga-da, bu ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşlaryň guralmagy, Lebap welaýatynda medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, şeýle-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýaly şatlykly wakalara beslenýär.

 

 Ogulnabat GARATAÝEWA, Aşgabat şäheriniň prokurorynyň hasaplaýyş we seljeriş boýunça kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.