Habarlar
PARAHATÇYLYGA WE ÖSÜŞE MYNASYP GOŞANT
Alym Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, her bir halkyň milli buýsanjyna öwrülen aýratynlyklary bar. Türkmen halkyny bezeýän häsiýetler bolsa halkymyzy beýgeldýän aýratynlyklardyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynyň «Bitaraplyk — türkmen paýhasynda» atly bölüminde: «Dünýä halklary türkmenleri birnäçe milli medeni gymmatlyklary, baý ruhy mirasy, ylmy açyşlary, döredijilikli hem-de oýlap tapyjylykly ukyp-başarnyklary bilen tanaýar» diýip nygtamagy taryhyň ähli döwürlerinde hem türkmenleriň adamzada parahatçylygy ýaýýan ösüşleri peşgeş berendigini subut edýär.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly eserde çuň mana ýugrulyp ýazylyşy ýaly, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan biragyzdan ykrar edilenden bäri ýurdumyz özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejedäki durnuklylyk üçin möhüm işleri alyp barýar.
Milli Liderimiziň paýhasyndan 2007-nji ýylyň dekabrynda sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi Aşgabat şäherini sebitiň parahatçylyk paýtagtyna öwürdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda taryhda ilkinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly rezolýusiýany ikinji gezek kabul etmegi Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň, adamlaryň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amala aşyrýan üznüksiz tagallalaryna berlen mynasyp baha boldy.
Dürdäne kitapda Milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň energetika, ulag, suw-ekologiýa diplomatiýalarynda gazanan üstünlikleriniň bütin dünýäde hormatlanylyşyna çuňňur düşünmek bolýar. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde hem «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmeginiň syýasy, ykdysady we taryhy ähmiýetine göz ýetirýärsiň.
Adamzadyň parahat durmuşynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Bäşim Ýalkabow, Wekilbazar etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.