Habarlar
WATAN GORAGY MUKADDESDIR
Watan - bu baha berip bolmaýan gymmatlyk we mukaddeslik, onuň goragy bolsa onda ýaşaýan her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Watan diýlende, biygtyýar hakydamyzda Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde eden çykyşynda: «Watanyny diňe söz bilen däl, halal zähmeti, yhlas-başarnygy bilen söýýän, beýik şahsyýetlere hormat goýýan ýaşlar hakyky watançy nesillerdir» diýen pähim-parasada ýugrulan jümleleri janlanýar. Bu keramatly sözler ýaşlarda Watanyň mukaddes bolşy ýaly, onuň goragynyň hem mukaddesdigini kesgitleýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden gulluk etmegi, mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly işleri alyp barýar.
Bilşimiz ýaly, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurt goragçylarynyň, harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslary anyk kadalarda beýan edilýär. Bu Kanunyň 5-nji maddasynda harby gullukçylaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň, şeýle hem eýeleýän harby wezipeleriniň, dakylan harby atlarynyň, harby gullugyň umumy dowamlylygynyň, amala aşyrýan wezipeleriniň, harby gullugy geçmegiň şertleriniň we tertibiniň nazara alynmagy esasynda üpjünçiligiň maddy we beýleki görnüşleriniň bir bitewi ulgamynyň bellenilýändigi barada anyk görkezilýär. Bu ýeňillikleriň hatarynda harby gullukçylaryň janynyň we saglygynyň goragy, şeýle-de mynasyp durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen çäreleriň döwletimiziň wezipesi bolup durýandygy hakynda takyk beýan edilýär.
Milli goşunymyzyň maddy binýadyny berkidýän şeýle döwrebap desgalar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan goragçylarynyň harby tälimleri ýokary derejede özleşdirmekleri, hünär derejelerini kämilleşdirmekleri, bagtyýar maşgala bolup ýaşamaklary üçin döredilýän mynasyp şertler Gahryman Arkadagymyzyň atasy, beýik mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň: «Dowamat dowam bolsun, nesiller bagtyýar ýaşasyn!» diýip eden arzuwlarynyň dowamat-dowama beslenýändiginiň buýsançly hakykatydyr.
Ýurdumyzda we dünýäde parahatçylygy ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç we dowamat-dowam bolsun!
Baýatgül Potyýewa, Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň Guramaçylyk işi, ýerine ýetirişe gözegçilik we statistika bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.