30.11.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
2022-nji ýylyň 4—6-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu halkara gurama tarapyndan türki halklaryň dost-doganlygyny berkitmek, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda köp işler ýerine ýetirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän medeni çäreler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly goşgulary türki halklarda giňden meşhurdyr. Dana Pyragynyň eserleri azer baýjan, gazak, gyrgyz, türk, tatar, özbek, garagalpak dillerinde dürli ýyllarda birnäçe gezek neşir edildi. Magtymgulynyň goşgularynyň türki dillerde yzygiderli neşir edilmegi, akyldar şahyryň baý many-mazmunly eserlerini türki dilli okyjylara giňden tanyşdyrmakda has-da ähmiýetlidir.
Görnüşi ýaly, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň uly manysy bar. Türki dilli doganlyk halklaryny edebiýatlarynyň, medeniýetleriniň we dilleriniň ýakynlygy, däp-dessurlarynyň meňzeşligi has-da ysnyşdyrýar. Bu halklaryň taryhyň synagyndan geçen dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze öwüşginlere eýe bolýar.
Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny dünýä ýüzünde belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Hangeldi ANNABAÝEW, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.