Ýüz tutmagyň tertibi

Prokuratura edaralary fiziki we ýuridik şahslaryň kanunlaryň bozulandygy hakynda maglumatlary bar bolan arzalaryna, şikaýatlaryna we beýleki ýüztutmalaryna “Administratiw önümçilik hakynda” we “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda seredýärler we çözýärler.

Fiziki we ýuridik şahslaryň kanunlaryň bozulandygy hakynda maglumatlary bar bolan arzalary, şikaýatlary we beýleki ýüztutmalary şulary öz içine almalydyr:

 

1) şikaýat berilýän administratiw edaranyň ady we salgysy;

2) şikaýat berýän fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy ýa-da ýuridik şahsyň ady we ýuridik salgysy;

3) şikaýat edilýän administratiw nama ýa-da şikaýat edilýän administratiw edaranyň hereketi ýa-da hereketsizligi;

4) şikaýat beren şahsyň talaby we onuň esaslary;

5) şikaýatyň düzülen senesi;

6) şikaýat beren şahsyň goly.

 

Fiziki we ýuridik şahslardan prokuratura edaralaryna gelip gowuşýan arzalara, şikaýatlara we ýüztutmalara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde seredilýär.

Prokuror raýatlaryň şahsy kabul edişligini alyp barýar, döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda arzalara we şikaýatlara seretmegiň tertibini düzgünleşdirýän kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

Ýüze çykarylan kanun bozulmalaryň her biri boýunça prokuror fiziki we ýuridik şahslaryň bozulan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini dikeltmek, düzgün bozujylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýär.