Fiziki şahslaryň ýüz tutmalaryny elektron görnüşde kabul etmek üçin şu hereketleri yzygiderlikde ýerine ýetirmegiňizi soraýarys:
1. Ýüz tutmak isleýän prokuratura edarasyny saýlaň;
2. Hukuklaryň bozulan ýeri;
3. Familiýaňyzy giriziň;
4. Adyňyzy giriziň;
5. Ataňyzyň adyny giriziň;
6. Welaýaty ýa-da Aşgabady saýlaň we Etraby saýlaň;
7. Salgyňyzy giriziň;
8. Telefon belgiňizi giriziň:
9. Email salgyňyzy giriziň;
10. Ýüz tutmanyň mazmuny;
11. Faýllaryňyz bar bolsa birikdiriň;
Ýokarda görkezilen ähli amallary ýerine ýetireniňizden soňra “ugradyň” düwmesine basyň. “Ugradyň” düwmesine basanyňyzdan soňra ýüz tutmaňyzda görkezilen telefon belgiňize sms arkaly ugradylan kody, emele gelen penjirede tassyklap, ugradyň düwmesine basyň. Şondan soňra Siziň ýüz tutmaňyz kabul edilýär.
Siziň ýüz tutmaňyz “Türkmenistanyň Administratiw önümçilik hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, netijesi barada arzaňyzda görkezen salgyňyza 1 aýyň dowamynda ýazmaça jogap beriler.
Bellik: Ýüz tutmany dolduran wagtyňyz “*” ýyldyzjyk görkezilen ýerler hökmany doldurylmaga degişlidir, şeýle hem Siziň şahsyýetiňizi tassyklamak üçin islendik tassyklaýjy resminamaňyzyň nusgasyny goşmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.
Ýuridik şahslaryň ýüz tutmalaryny elektron görnüşde kabul etmek üçin şu hereketleri yzygiderlikde ýerine ýetirmegiňizi soraýarys:
1. Edaranyň adyny giriziň;
2. Wezipäňizi giriziň;
3. Familiýaňyzy giriziň;
4. Adyňyzy giriziň;
5. Ataňyzyň adyny giriziň;
6. Welaýaty ýa-da Aşgabady saýlaň we Etraby saýlaň;
7. Salgyňyzy giriziň;
8. Telefon belgiňizi giriziň:
9. Email salgyňyzy giriziň;
10. Ýüz tutmanyň mazmuny;
11. Faýllaryňyz bar bolsa birikdiriň;
Ýokarda görkezilen ähli amallary ýerine ýetireniňizden soňra “ugradyň” düwmesine basyň. “Ugradyň” düwmesine basanyňyzdan soňra ýüz tutmaňyzda görkezilen telefon belgiňize sms arkaly ugradylan kody, emele gelen penjirede tassyklap, ugradyň düwmesine basyň. Şondan soňra Siziň ýüz tutmaňyz kabul edilýär.
Siziň ýüz tutmaňyz “Türkmenistanyň Administratiw önümçilik hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, netijesi barada arzaňyzda görkezen salgyňyza 1 aýyň dowamynda ýazmaça jogap beriler.
Bellik: Ýüz tutmany dolduran wagtyňyz “*” ýyldyzjyk görkezilen ýerler hökmany doldurylmaga degişlidir, şeýle hem Siziň kärhanaňyzyň hasaba alnandygyny tassyklamagyňyz üçin Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň göçürmesiniň nusgasyny goşmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.