Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama berilen we bellige alynаn аdwokatlaryň, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 06-njy aprelindäki 2213 belgili «Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada» kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan ygtyýarnama berilen Türkmenistanyň raýatlarynyň we ýuridik şahslaryň hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.
1) dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we düşündirýär; 2) arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär; 3) raýat we arbitraž işlerinde ynanyja wekilçilik edýär; 4) dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky we jenaýat işleri boýunça döwlet, anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynda, kazyýetde ynanyjynyň goragyny amala aşyrýar ýa-da oňa wekilçilik edýär; 5) döwlet edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki gaýry edaralarda, häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde hem-de fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda ynanyja wekilçilik edýär; 6) Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän halatlarda şol döwletleriň döwlet, kazyýet, hukuk goraýjy we beýleki edaralarynda, halkara kazyýet we täjirçilik arbitraž edaralarynda ynanyjylara wekilçilik edýär; 7) ynanyjynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary, guramalary ýa-da raýatlary bilen bolýan hukuk gatnaşyklarynda kömek berýär; 8) bellenilen tertipde eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýuridik şahslara, şeýle-de daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna ýuridik kömegi berýär. 2. Adwokatyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýuridik kömekleri bermäge hem hukugy bardyr. 3. Ýuridik kömek üçin ýüzlenen adam adwokat saýlap almakda erkindir. Eger adwokat saýlanyp alynmadyk bolsa ýa-da oňa mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda oňa ýuridik kömegi bermek üçin adwokat bellenilýär. (Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasy)
1. Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär: 1) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça dilden maslahatlar görnüşinde ýuridik kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende; 2) Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplygy bolan adamlara, pensionerlere, "Ene mähri" diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende; 3) pensiýa ýa-da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende; 31) adam söwdasynyň pidasy statusy berlende; 4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda. 2. Fiziki şahslaryň ýuridik kömegi tölegsiz almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär. 3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulandakylardan başga halatlarda adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem özleriniň önümçiliginde işi bolan anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy we kazyýet, fiziki şahsyň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, ony ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden doly ýa-da bölekleýin boşatmaga hukuklydyr. Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan boşadylanda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy ýa-da kazyýet boşadanynda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi bellenilen tertipde döwletiň hasabyna tölenilmäge degişli edilýär. (Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasy)
Ata-ene (olaryň biri) şu ýagdaýlarda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilýär: 1) esasly sebäp bolmazdan, çaganyň dogluşy bolup geçen saglygy goraýyş edarasyndan ýa-da beýleki edaradan öz çagasyny almakdan ýüz dönderseler; 2) ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderseler ýa-da öz ata-enelik hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalansalar; 3) çaga ýowuz çemeleşseler, oňa fiziki we (ýa-da) psihiki zorluk ulansalar; 4) özleriniň ahlaksyz hereketleri bilen çaga zyýanly täsir etseler; 5) arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan ejir çekýän bolsalar; 6) öz çagasynyň ýa-da äriniň (aýalynyň) ömrüne we saglygyna garşy bilkastlaýyn jenaýat etseler. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 93-nji maddasy).
Mirasdarlar, goý ol kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça mirasdar bolsun, mirasy kabul etmeli. Ýagny, mirasdar tarapyndan mirasyň ýüze çykarylan ýeri boýunça notarial edarasyna mirasy kabul etmek hakynda arza berilmeli. Şonda miras kabul edilen hasaplanylýar. Ýa-da mirasdar hakykat ýüzünde emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişmeli, munuň özi onuň mirasy kabul edendigine gürrüňsiz şaýatlyk edýär. Eger mirasdar mirasyň bir bölegine eýeçilik etmäge hakykatdan girişen bolsa, şol emläk nähili beýan edilse hem we haýsy ýerde bolsa hem, ol dolulygyna kabul edilen hasaplanylýar. Eger mirasdarlaryň biri mirasdan paýy almakdan beýleki mirasdaryň peýdasyna ýüz dönderse, şeýle hereket mirasyň kabul edilmegi hasaplanylýar. (Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1180-nji maddasy).
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 54-nji maddasyna laýyklykda, nika baglaşylmazdan öň, är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi bolýar, ýöne gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli bolmaýar.
Çagany ekläp-saklamak üçin aliment ata-enesinden (olaryň birinden) her aýda şu möçberde tutulyp alynýar: 1) bir çaga üçin - girdejiniň dörtden biri; 2) iki çaga üçin - girdejiniň üçden biri; 3) üç we şondan köp çaga üçin - girdejiniň ýarysy. Eger aliment tölemäge borçly atanyň (enäniň) kämillik ýaşyna ýetmedik başga çagalary bolup, şu maddada bellenilen möçberde aliment alynýan mahalynda şol çagalaryň maddy taýdan üpjünçiligi aliment alýan çagalaryňkydan az bolsa, şeýle hem aliment töleýän ata (ene) I ýa-da II topar maýyplygy bolan adam bolup durýan halatlarynda, ýa-da çagalar işleýän we olaryň ýeterlik girdejisi bar bolsa, ýa başga esasly sebäpler bolanda, aliment tölemegiň şol bellenilen möçberleri kazyýet tarapyndan azaldylyp bilner. Eger çagalar doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan bolsalar, kazyýet alimentiň möçberini azaltmaga ýa-da ata-enäni aliment tölemekden boşatmaga haklydyr. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 144-nji maddasy).
Türkmenistanyň Raýat iş-ýörediş kodeksiniň 80-nji maddasyna laýyklykda, alimentleri tutup almak we ekläp-saklamak hakynda hak islegleri boýunça hak isleýjiler döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylýar.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1073-nji maddasyna laýyklykda nikasyz dogrulan çaga, eger onuň kakalygy kanunda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen bolsa, kakasynyň mirasdary hasaplanýar. Eger şeýle çaga kakasyndan öň ölse, onuň çagalary özleriniň kakasyna degişli mirasyň paýyny talap edip bilerler.
Hossarlar ýa-da howandarlar saýlanylan mahalynda olaryň şahsy häsiýetleri, hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmäge ukyby, hossar ýa-da howandar bilen hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň arasyndaky gatnaşyklar, şeýle hem eger bu mümkin bolsa hossarlykda bolýan adamyň islegine üns berilmelidir. Saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän kämillik ýaşyna ýeten kämillik ukyply adama howandar diňe onuň öz razylygy bilen saýlanyp bilner. Hossarlyk we howandarlyk edaralary geljekde hossar ýa-da howandar diýlip bellenip bilinjek adamyň şahsyýeti barada maglumatlary almak maksady bilen, özüniň hossar ýa-da howandar bellenilmegi barada arza beren adamdan degişli resminamalaryň berilmegini talap etmäge haklydyrlar. Hossarlyk we howandarlyk edaralary özüniň hossar ýa-da howandar bellenilmegi barada arza beren adam barada içeri işler edaralaryndan, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy edaralaryndan, saglygy goraýyş, bilim we gaýry edaralardan maglumatlary soramaga borçludyrlar. Şonda hossarlyk we howandarlyk edaralary diňe onuň hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirip bilmek ukybyny kesgitlemäge mümkinçilik berjek maglumatlaryň berilmegini talap etmäge haklydyrlar. («Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasy).
Hossarlyk we howandarlyk bellenilmäge degişli adamyň ýaşaýan ýeri boýunça hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilýär. Hossarlyk ýa-da howandarlyk käbir halatlarda hossaryň we howandaryň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan bellenilip bilner. Hossarlyk we howandarlyk bellenilýän ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasy bir aýyň içinde hossarlyk we howandarlyk boýunça resminamalary taýýarlaýar hem-de olary häkimiň garamagyna hödürleýär. Häkim hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan berlen resminamalaryň esasynda, hossar ýa-da howandar bellemek hakynda karar çykarýar (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 133-nji maddasy).
Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri ata-enesiniň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär. Ylalaşyk bolmadyk mahalynda ata-enäniň arasyndaky jedel çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen kazyýet tarapyndan çözülýär. Şunda kazyýet çaganyň ata-enesiniň her birine, doganlaryna ysnyşyklylygyny, ata-enesiniň her biriniň we çaganyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary, çaganyň terbiýesi we ösmegi üçin zerur şertleri döretmek mümkinçiligini (käri, ata-enäniň işiniň düzgünini, ata-enäniň maddy we maşgala ýagdaýyny we başgalary) nazara alýar. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 89-njy maddasy).
Çagadan aýry ýaşaýan ata (ene) ony terbiýelemäge, çaganyň bilim almagyna gatnaşmaga hukugy bardyr we borçludyr hem-de onuň bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. Çaga ýanynda ýaşaýan atasy (enesi), atanyň (enäniň) beýlekisine çaga bilen gatnaşyk saklamaga we onuň terbiýelenmegine gatnaşmaga päsgel bermäge hakly däldir. Eger ata-ene çagadan aýry ýaşaýan atanyň (enäniň) çaganyň terbiýesine gatnaşmagy barada ylalaşyga gelip bilmese, onda bu tertip ata-enäniň gatnaşmagynda we çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Eger şeýle gatnaşmak çaganyň beden we psihiki saglygyna, ahlak taýdan ösmegine zyýan ýetirýän bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy çagadan aýry ýaşaýan atany (enäni) onuň bilen gatnaşyk saklamak hukugyndan anyk möhlete çäklendirip biler. Haçan-da ata (ene) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň kararyny ýerine ýetirmeýän bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy, şeýle hem atanyň (enäniň) her biri kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.Kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetirilmedik mahalynda günäkär ata (enä) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreler ulanylýar. Günäkär ata (ene) tarapyndan kazyýetiň çözgüdi bilkastdan ýerine ýetirilmedik mahalynda, aýratyn ýaşaýan ata (ene), çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara alyp, çaganyň özüne berilmegi hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Çagadan aýry ýaşaýan atanyň (enäniň) durmuş hyzmaty edaralaryndan we beýleki edaralardan öz çagasy hakynda maglumat almaga hukugy bardyr. Diňe ata (ene) tarapyndan çaganyň ömri we saglygy üçin howp abanan mahalynda maglumat bermekden ýüz dönderilip bilner. Maglumat bermekden ýüz dönderilmegi barada kazyýete şikaýat edilip bilner (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 90-njy maddasy).
Çagany perzentlige almak ony perzentlige almak isleýän adamyň (adamlaryň) ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da perzentlige alynýan çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça geçirilýär. Çagany perzentlige almak isleýän adam (adamlar) degişli arzany öz ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da perzentlige alynýan çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça häkimiň garamagyna berýär. Häkim arza seredeninden soňra ony çagany perzentlige almak barada karary çykarmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak üçin hossarlyk we howandarlyk edarasyna berýär. Hossarlyk we howandarlyk edarasy ýigrimi senenama gününiň dowamynda çagany perzentlige almak üçin degişli resminamalary taýýarlaýar. Häkim hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan taýýarlanan resminamalaryň esasynda, onuň gatnaşmagynda on senenama gününiň dowamynda resminamalara garaýar we çagany perzentlige almak hakynda karar çykarýar. Perzentlige alýanyň we perzentlige alnan çaganyň hukuklary we borçlary çagany perzentlige almak baradaky kararyň çykan gününden başlap ýüze çykýar. Hossarlyk we howandarlyk edarasy çagany perzentlige almak baradaky kararyň çykarylan gününden başlap üç senenama gününiň dowamynda perzentlige almak baradaky kararyň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasyna görkezilen karary ibermäge borçludyr. Çagany perzentlige alan adam (adamlar), çagany perzentlige almak baradaky häkimiň kararyny hem ýanyna goşmak bilen, degişli RÝNÝ edarasyna çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy barada arza berýär. Çaganyň perzentlige alynmagy baradaky kararyň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasy bu karar we perzentlige alanyň (alanlaryň) arzasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň habary esasynda çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýär. Kodeksiň 106-njy maddasynyň üçünji böleginde bellenilen halatda, kämillik ýaşyna ýeten adamy perzentlige almak ony perzentlige almak isleýän adamyň (adamlaryň) arzasy we perzentlige almak hakynda kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär. Şunda kazyýetiň çaganyň perzentlige alynmagy hakyndaky çözgüdinde, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 116-119-njy maddalaryna laýyklykda, häkimiň çaganyň perzentlige alynmagy hakynda kararynda görkezilmegi talap edilýän maglumatlar görkezilýär. Çagany perzentlige almagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin esas bolup durýan häkimiň çaganyň perzentlige alynmagy baradaky kararynda ýa-da kazyýetiň kämillik ýaşyna ýeten adamy perzentlige almak hakynda çözgüdinde ýalňyşlyk ýa-da nätakyklyk goýberilen bolsa, ol ýalňyşlyk ýa-da nätakyklyk degişlilikde häkim ýa-da kazyýet tarapyndan düzedilýär. Çagany perzentlige almakdan ýüz dönderilmegine bir aý möhletde kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner). (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 108-nji maddasy)
Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar: - çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara, şeýle hem umumy adamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak medeniýetini kemala getirmäge hukuklydyrlar we borçludyrlar. - çagalary hökmany umumy orta bilimi alýançalar bilim almagyň görnüşlerini, bilim edaralaryny saýlamaga, çaganyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, bilim edarasynyň işine gatnaşmaga hukuklydyrlar. - çagalarynyň hökmany umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge borçludyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilim edarasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar. («Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 42-nji maddasy)
Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.03.2019 ýyldaky 1158 belgili karary bilen tassyklanan “Döwlet umumybilim edaralary hakynda” Düzgünnamasyna laýyklykda orta mekdebiň soňky alty ýylyny tamamlap bilmediklere berlen kepilnama olaryň orta bilim maksatnamasyny eksterna görnüşinde dowam etmegi üçin esas bolup durýar. Okuwçynyň orta mekdepden çykarylmagy onuň 16 ýaşy dolandan soň terbiýeçilik häsiýetli çäreler netije bermedik we okaýanyň bu orta mekdepde mundan beýläk bolmagy beýleki okaýanlara ýaramaz tädir edýän, olaryň hukuklaryny we işgärleriň hukuklaryny bozýan, şeýle hem orta mekdebiň kadaly işlemegine päsgel berýän ýagdaýynda amala aşyrylyp bilner. Okuwçynyň orta mekdepden çykarylmagy baradaky çözgüt Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň pikirini göz öňünde tutup, onuň işe ýerleşdirilmegi we umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi boýunça çäreleri kesgitleýän kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparyň razylygy bilen kabul edilýär. Ýetim çagalary we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalary okuwdan çykarmak baradaky çözgüt, mundan başga-da, olaryň umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi, geljekde hünär bilimini almagy we işe ýerleşdirilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýan, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen kabul edilýär.
«Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara on sekiz ýaşyna ýetmedik çagalaryny hemişelik işlenilýän işlerde, aýratyn-da çagalaryň okuwdan alnyp galynmagy bilen baglanyşykly işlerde ulanmak çaganyň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda berkidilen hukuklarynyň we bähbitleriniň bozulmagyna eltýändigi sebäpli gadagan edilýär. On sekiz ýaşa ýetmedik çagalaryň, olaryň saglygyna ýa-da ahlak ösüşine zyýanly bolmadyk zähmet işi, onuň haýsy görnüşde amala aşyrylýanlygyna, wagtlaýynlygyna ýa-da möwsümleýinligine garamazdan, olaryň umumy orta bilim almagyna päsgel bermeli däldir.». Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 23-nji maddasyna laýyklykda on sekiz ýaşyna ýetmedik şahs bilen zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna diňe onuň özüniň razylygy we onuň ata-enesiniň biriniň (hossarynyň) razylygy hem-de hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsady bilen, şol sanda, kinematografiýa edaralarynda, teatrlarda, teatral we konsert guramalarynda, sirklerde eserleriň döredilmegine we (ýa-da) ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga, eger onuň zähmet işleri mekdepdäki okuwyny dowam etmäge päsgelçilik döretmeýän, saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirmeýän bolsa, ýol berilýär. Şu ýagdaýda işgäriň adyndan zähmet şertnamasyna onuň ata-enesi (hossary) gol çekýär we zähmet şertnamasyny baglaşmaga razylyk we rugsat ýazmaça resmileşdirilýär. 257-nji maddasyna laýyklykda işden boşatmagyň umumy tertibini berjaý etmegiň daşyndan diňe kärdeşler arkalaşygy guramasynyň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparyň razylygy bilen iş berijiniň başlangyjy boýunça on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň işden boşadylmagyna ýol berilýär. Şunda agzalan kodeksiň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-3-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça, ýagny zähmet şertnamasy iş berijiniň başlangyjy boýunça şu halatlarda ýatyrylanda: 1) kärhana ýatyrylanda ýa-da iş beriji – fiziki şahs tarapyndan iş bes edilende; 2) kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda, şol sanda önümçilik tehnologiýasynyň, zähmeti guramagyň üýtgedilmegi, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy bilen baglanyşykly; 3) ýeterlik hünär derejesiniň bolmazlygy sebäpli, işgäriň eýeleýän wezipesine ýa-da ýerine ýetirýän işine laýyk gelmezligi, şol sanda hünär synagynyň netijeleri bilen tassyklanan bolsa işe ýerleşdirilmän işden boşadylmagyna ýol berilmeýär. On sekiz ýaşyna ýetmedikler kärhanada geçirilýän hünär synagyna degişli däldirler.
Administartiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 26-27-nji hem-de 577-nji maddalaryna laýyklykda Administratiw hukuk bozulmany eden pursadynda on alty ýaşyna ýeten adamlar administratiw jogapkärçilige degişlidir. On alty ýaşdan on sekiz ýaş aralygynda ownuk bozgakçylyk eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň özbaşdak gazanjy bolmadyk halatynda jerime olaryň ata-enesinden ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlardan tutulyp alynýar. Administratiw hukuk bozulmany eden on alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynyň sanksiýasynda göz öňünde tutulandygyna ýa-da tutulmandygyna garamazdan, oňa duýduryş görnüşinde administratiw temmisi berlip bilner. Administratiw hukuk bozulmany on alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli eden kämillik ýaşyna ýetmedik adam edilen hukuk bozulmanyň anyk ýagdaýlary, hukuk bozujynyň psihiki ösüşi, durmuş we ýaşaýyş şertleri, saglyk ýagdaýy we bilim derejesi hasaba alnyp, etraplaryň ýa-da etrap hukukly şäherleriň häkimliginiň ýanyndaky kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlar we işe seretmäge beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan administratiw jogapkärçiliginden boşadylyp, oňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki täsir ediş çäreleri ulanylyp bilner.
a) jerime; b) düzediş işleri; ç) azatlygy çäklendirmek; d) azatlykdan mahrum etmek. (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 84-nji maddasy)
Är-aýalyň özara razylygy boýunça nikanyň bozulmagy, olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolmadyk we är-aýalyň bilelikde edinen emlägini bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedel bolmadyk mahalynda, är-aýalyň bilelikdäki arzasynyň esasynda RÝNÝ edarasy tarapyndan arza berlen gününden iki aý geçenden soň geçirilýär (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 25-nji maddasynyň 1-nji bölegi).
Çagany terbiýelemek bilen baglanyşykly jedellere kazyýet tertibinde garalýar. Çaganyň terbiýesi bilen baglanyşykly jedellere garalanda, çagany goramak boýunça hak isleginiň kim tarapyndan bildirilendigine garamazdan, hossarlyk we howandarlyk edarasy işe gatnaşmaga çekilmelidir. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 101-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bölegi).
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 147-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “b” bendine laýyklykda hak isleýiş wagtynyň möhleti şahsyň janyna ýa-da saglygyna ýetirilen zeleliň öwezini töletmek hakyndaky talaplara degişli däl. Emma şonuň ýaly zeleli töletmek hukugynyň ýüze çykan pursatyndan beýläk üç ýyl geçenden soň bildirilen talaplar geçen wagt üçin hak isleýşiň bildirilen mahalynyň öň ýanyndaky üç ýyldan köp bolmadyk wagt üçin kanagatlandyrylýar. Hak isleýiş wagtynyň umumy möhleti on ýyldyr.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 204-nji maddasyna laýyklykda jedel zerarly hakyky araçägi kesgitlemek mümkin bolmaýan bolsa, onda goňşularyň hakykat ýüzünde eýeläp oturan ýeri araçägi aýyl-saýyl etmek üçin kesgitleýji şertdir. Eger hakykat ýüzünde eýelenilýän ýeri takyklap bolmaýan bolsa, onda jedelli meýdandan her bir ýer uçastogynyň üstüne deň bölek goşulmalydyr. Eger bu görkezmelere laýyklykda araçägiň kesgitlenilmegi bellenilen faktlara garşy gelýän bolsa, hususan-da, ýer uçastogynyň bellenilen möçberine laýyk gelmeýän netijä getirýän bolsa, onda araçägi taraplaryň biriniň arzasy boýunça kazyýet kesgitleýär.
Çaganyň dogluşynyň fakty RÝNÝ edarasynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 66-njy maddasyna laýyklykda çaganyň dogluşynyň faktyny tassyklaýan şu aşakdaky resminamalardan biriniň bolmagy çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin esas bolup durýar: 1) çaganyň dogluşy hakynda, dogluşyň bolup geçen lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama; 2) çaga doglanda lukmançylyk edarasyndan daşarda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soň ýüz tutan lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň doglandygy hakynda resminama; 3) çaga lukmançylyk edarasyndan başga ýerde doglanda (lukmançylyk kömegi berilmedik) çaga doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasy. Çaganyň doglandygynyň beýleki kanuny subutnamalary çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin esas bolup biler. Ýokarda görkezilen resminamalaryň biri bolan mahalynda şu aşakdakylar çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak hakynda arzany RÝNÝ edarasyna berýärler: 1) çaganyň ata-enesi (olaryň biri); 2)çaganyň garyndaşlary, goňşulary, çaganyň doglan lukmançylyk edarasynyň administrasiýasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralary, ýa-da ata-enesi syrkaw bolanda ýa-da başga sebäpler boýunça arza bermäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýlarda - başga adamlar. Çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman çaganyň doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýazmaça görnüşde arza berilýär. Çaganyň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk mahalynda çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak, şu Kodeksiň 68-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen esaslar boýunça, şeýle esaslar bolmadyk mahalynda bolsa, çaganyň dogluşynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdi boýunça geçirilýär. Pasportyny (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny) görkezmedik ejesi tarapyndan, çaganyň doglan ýa-da çaga doglandan soň ejesiniň ýüz tutan lukmançylyk edarasynda goýlup gidilen çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak, lukmançylyk edarasynyň ýa-da çaganyň bolýan edarasynyň administrasiýasynyň ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak hakynda arzasy esasynda, çagany ejesiniň goýup giden gününden başlap ýedi senenama gününden gijä galman geçirilýär. Ejesi tarapyndan goýlup gidilen çaganyň familiýasy, ady we atasynyň ady hakynda maglumatlar şu bölümde görkezilen edaranyň ýa-da guramanyň hödürlemegi boýunça çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär. Şunda şeýle çaganyň dogluşy döwlet tarapyndan bellige alnanda onuň ata-enesi hakynda maglumatlar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilmeýär. Çaganyň dogluşy şu tertipde döwlet tarapyndan bellige alnyp, onuň dogluş hakynda nama ýazgysynda ata-enesi hakynda maglumatlar ýok bolsa, çaganyň milleti çaga pasport berlende, onuň islegi boýunça kesgitlenilýär. Ata-enesi nämälim bolan, tapylan (taşlanylan) çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak çaganyň dogluşyny bellige almak hakynda içeri işler edaralarynyň, hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň ýa-da lukmançylyk edarasynyň, durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň we çaga ýerleşdirilen beýleki edaranyň arzasy boýunça çaganyň tapylan gününden başlap ýedi senenama gününden gijä galman geçirilýär. Çagany tapan adam haýal etmän bu hakda içeri işler edarasyna ýa-da çaganyň tapylan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna mälim etmäge borçludyr. Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak hakynda arza bilen bir wagtda şular berilmelidir: 1) çaganyň tapylandygy hakynda, degişli içeri işler edarasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň tapylan wagty, ýeri we çaganyň haýsy ýagdaýlarda tapylandygy görkezilen resminama; 2) tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan, lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen resminama. Tapylan (taşlanylan) çaganyň familiýasy, ady we atasynyň ady, doglan wagty hakynda maglumatlar şu bölekde görkezilen edaranyň ýa-da guramanyň görkezmesi boýunça şeýle çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär. Şunda şeýle çaganyň dogluşy döwlet tarapyndan bellige alnanda onuň ata-enesi hakynda maglumatlar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilmeýär. Çaganyň dogluşy şu tertipde döwlet tarapyndan bellige alnyp, onuň dogluş hakynda nama ýazgysynda ata-enesi hakynda maglumatlar ýok bolsa, çaganyň milleti çaga pasport berlende, onuň islegi boýunça kesgitlenilýär. On alty ýaşyna ýeten çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 71-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda: ,,Biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan çaga doglan halatynda we olaryň bilelikdäki arzasy ýa-da çaganyň kakasynyň arzasy bolmadyk mahalynda atalyk ata-enäniň biriniň ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň) arzasy boýunça ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň arzasy boýunça ýa-da on sekiz ýaşyna ýeten çaganyň özüniň arzasy boýunça kazyýet tertibinde anyklanylýar”. Şeýle-de agzalan kodeksiň 74-nji maddanyň 2-nji bendiniň: ,,Atalyk (enelik) barada jedel gozgamak, ýagny çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilen, çaganyň ata-enesi (olaryň biri) hakynda maglumatlar barada jedel gozgamak, kazyýet tertibinde geçirilýär” diýen talaplaryndan ugur alyp, bu meselede raýatlara kazyýete ýüz tutmaga bolan hukuklaryny düşündürmeli. Raýatlaryň atalygy anyklamak bilen bagly meselesine: Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 201-nji maddasynyň: ,,Türkmenistanda atalygy anyklamak we atalyk barada jedel gozgamak, çaganyň ata-eneleriniň raýatlygyna we olaryň ýaşaýan ýerine garamazdan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär. Haçan-da, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda RÝNÝ edaralarynda atalygyň anyklanylmagyna ýol berilýän halatlarda, çaganyň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ata-eneleriniň iň bolmanda biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa, atalygyň anyklanylmagy hakynda arza bilen Türkmenistanyň diplomatik wekillhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutmaga haklydyr” diýen talabyna esaslanyp, raýata bu mesele boýunça kazyýete ýa-da konsulluk edarasyna ýüz tutmaga bolan hukugynyň bardygyny düşündirmeli. Raýatlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly arzalaryna we şikaýatlaryna: Türkmenistanyň Esasy kanunynyň 51-nji maddasynyň: ,,Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr” diýen talaplaryndan hem-de Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 6-njy we 7-nji maddasynyň ,,e” bendiniň:,,ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlary hasaba almak, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ýaşaýyş jaýlaryny raýatlara bermek we olary çalyşmak kadalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek” bilen bagly talaplaryndan ugur alyp, raýatlara ilki häkimliklerde ýöredilýän ýaşaýyş jaýyny bölüp bermegiň nobatyna durmalydygyny, şeýle-de häzirki döwürde döwletiň jaýlaryndan başga-da paýly gurluşyk (ipoteka) boýunça hem ýaşaýyş jaý edinmäge bolan hukuklarynyň bardygy barada raýatlara düşündirmeli.
Raýatlaryň wezipeli adamynyň bikanun hereketleri bilen bagly ýüz tutmalaryna Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 280-nji maddasynyň: ,,Raýat, eger döwlet dolandyryş edarasynyň ýa-da wezipeli adamyň bikanun hereketleri ýa-da hereketsizligi bilen özüniň hukuklary kemsidilen diýip hasap edýän bolsa, ol kazyýete şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyr” diýen talabyna we ,,Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň 43-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat etmäge hukuklary bar.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 10-njy maddasynyň 1-nji böleginde bozulan ýa-da dawa edilen raýat hukuklarynyň iş ýörediş kanunlarynda ýa-da şertnamada bellenilişine laýyklykda degişlilikde kazyýetler tarapyndan goralýandygy baradaky talaplaryndan ugur alyp, bu mesele boýunça kazyýete ýüz tutulmaga degişli.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1226-njy maddasyna laýyklykda: ,,Miras bölünende şärikli mirasdarlaryň arasynda ylalaşyk ýok mahalynda jedel kazyýet tarapyndan seredilýär, emläk bölünende ol bölünmäge degişli emlägiň häsiýetini, mirasdaşyň her biriniň işini we başga anyk ýagdaýlary göz öňüne almalydyr”.
Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ygtyýaryndaky döwlet ýerli ýaşaýyş jaý gaznasyndan ybarat bolup durýandygy sebäpli, döwlet ýaşaýyş jaý meseleleri boýunça degişliligi boýunça Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine we etrap, etrap hukukly şäher häkimliklerine ýüz tutmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky 1875 belgili karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň raýatlaryny ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň Tertibine» laýyklykda, degişlilikde Aşgabat şäher häkimliginiň ýanyndaky Jemgyýetçilik toparyna we Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak birliklerine ýüz tutmaly.
Ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller kazyýet tertibinde çözülýär. (Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 9-njy maddasy)
Ýaşaýyş jaýyndan çykarmaga diňe kanunda bellenilen esaslarda ýol berilýär. Ýaşaýyş jaýyndan çykarmak kazyýet tertibinde geçirilýär. Ýaşaýyş jaýynyň baş-başdak eýelenen ýa-da ýykylmak howpy astynda durýan jaýlarda ýaşalýan aýratyn halatlarda ýaşaýyş jaýyndan prokuroryň karary bilen çykarylmagyna ýol berilýär. Türkmеnistаnyň jenaýat iş ýörediş kodeksinde başgaça görkezilmedik bolsa, ýaşaýyş jaýyndan çykarylanda raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bildirilýän talaplara laýyk gelýän başga ýaşaýyş jaýy berilýär.
1. zähmet jedelleri baradaky toparlar; 2. kärhanalaryň we olaryň bölümleriniň kärdeşler arkalaşygy edaralary; 3. kazyýetler Işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň zähmet jedellerine ýokary durýan edaralar tarapyndan garalýar. Işgäre täze zähmet şertlerini bellemek ýa-da dowam edýän zähmet şertlerini üýtgetmek hakyndaky zähmet jedelleri iş beriji tarapyndan hem-de degişli kärdeşler arkalaşygy edarasy tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäginde çözülýär. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 368-nji maddasy)
Kazyýetlerde gös-göni şu aşakdakylaryň arzalary boýunça her bir aýratyn zähmet jedellerine garalýar: 1. Işgäriň – zähmet şertnamasynyň bes edilmeginiň nämä esaslanýandygyna garamazdan işe dikeltmek hakyndaky; 2. Zähmet şertnamasynyň bes edilen senesini we bes edilmegiň esaslandyrylyş beýanyny üýtgetmek hakyndaky; 3. Mejbury ýagdaýda işe gelinmedik wagtynyň ýa-da pes hak tölenilýän işiň ýerine ýetirilen wagtynyň hakyny tölemek hakyndaky; işgär zähmet borçlaryny ýerine ýetirende onuň saglygyna ýa-da onuň emlägine ýetirilen zyýany (zeleli) iş berijiniň öwezini doldurmak hakyndaky; işe kabul etmekden boýun gaçyrmak hakyndaky; iş berijiniň – iş berijä maddy zyýany işgäriň tölemegi hakyndaky. Eger işgäriň işleýän ýerinde kärdeşler arkalaşygy guramasy ýa-da zähmet jedelleri baradaky topar döredilmedik bolsa, zähmet jedellerine hem gös-göni kazyýetlerde garalýar. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 381-nji maddasy)
Kazyýete ýa-da zähmet jedelleri baradaky topara ýüz tutmagyň aşakdaky möhletleri bellenilýär: 1. Işe dikeltmek hakyndaky jedeller boýunça – işgäre onuň bilen zähmet şertnamasynyň bes edilýändigi hakyndaky buýrugyň nusgasynyň işgäre gowşurylan gününden beýläk – bir aý; 2. Işgäriň iş berijä ýetiren maddy zyýanynyň öwezini tölemegi hakyndaky jedeller boýunça – iş berijiniň ýetirilen zyýanyň üstüni açan gününden beýläk – bir ýyl; 3. Beýleki zähmet jedelleri boýunça – işgäriň öz hukuklarynyň bozulandygyny bilen ýa-da bilmeli bolan gününden beýläk – üç aý. Şu maddada bellenilen möhletleriň esasly sebäplere görä berjaý edilmedik halatynda olar işgäriň ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekiliniň arzasy esasynda kazyýet tarapyndan ýa-da zähmet jedelleri baradaky topar tarapyndan dikeldilip bilner. Işgäriň janyna ýa-da saglygyna ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini tölemek hakyndaky jedeller boýunça kazyýete ýüz tutmagyň möhleti bellenilmeýär. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 382-nji maddasy)
Iş bilen üpjünçilik meselesi boýunça raýatlar Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi ministrliginiň ýerlerdäki bölümlerine ýa-da degişli häkimlige ýüz tutmaly.
Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 80-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden iş hakyny tutup almak hakynda hak islegleri boýunça we zähmet hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan beýleki talaplar boýunça hak isleýjiler boşadylýar.
Zähmet şertnamasy on sekiz ýaşyna ýeten şahs bilen baglaşylýar. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 23-nji maddasy)
Zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününde iş beriji işgäre onuň zähmet depderçesini we zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakyndaky buýrugyň nusgasyny bermäge borçludyr. Eger zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününde işgäriň ýoklugy ýa-da zähmet depderçesini eline almakdan onuň ýüz öwürmegi sebäpli zähmet depderçesini bermäge mümkinçilik bolmasa, iş beriji zähmet depderçesini almagyň zerurlygy hakyndaky habarnamany işgäre ugradýar. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 52-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bölegi)
Esasly sebäpler ýüze çykan mahalynda işgäriň islegine görä ýylyň dowamynda dowamlylygy on senenama gününe çenli zähmet haky tölenilmeýän rugsat berilýär. Haçanda işgäre on senenama gününden köp dowamlylykda zähmet haky tölenilmeýän rugsat gerek bolan halatlarynda oňa her ýylky esasy rugsadyň ýa-da goşmaça rugsatlaryň hasabyna goşmaça günler berlip bilner. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan dowamlylykdan başga-da, zähmet haky tölenilmeýän rugsat şu işgärlere olaryň islegine görä berilýär: 1) on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara - on dört senenama gününe çenli; 2) maýyplara - otuz senenama gününe çenli; 3) ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebine giriş synaglaryna goýberilene - degişlilikde on bäş we on senenama gününe çenli, aspirantura - on bäş senenama gününe çenli, şunda görkezilen möhletlere okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine giden we yzyna gaýdan wagty girmeýär; 4) gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň soňky okuw ýylynda önümçilikden aýrylman okaýan işgäriň islegi we degişli okuw mekdebiniň haty boýunça diplom taslamasyny (işini) taýýarlamak üçin – otuz senenama gününe çenli; 5) syrkawlan maşgala agzasyna seretmek üçin hossaryna - saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen möhlete; 6) Türkmenistanyň bilim edaralarynda işleýän daşary ýurtly mugallymçylyk işgärlere – otuz senenama gününe çenli; 7) ýaşy boýunça pensionere - otuz senenama gününe çenli. Önümçilik sebäpleri boýunça (enjamlaryň, mehanizmleriň hatardan çykmagy, çig malyň, serişdeleriň (materiallaryň), elektrik energiýasynyň bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi we beýlekiler) boş durlan mahalynda kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ylalaşygy boýunça iş berijiniň işgärlere üç aýa, aýratyn halatlarda bolsa – on iki aýa çenli zähmet haky tölenmeýän rugsady bermäge haky bardyr. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna we ýeňillikler boýunça olara deňleşdirilen adamlara iş haky tölenmeýän rugsadyň dowamlylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 54-nji maddasynyň 4-nji we 5-nji böleklerine laýyklykda: ,,Kärhana ýatyrylanda iş beriji – fiziki şahs tarapyndan iş bes edilende, kärhananyň işgärleriniň sanyny ýa-da wezipe sanyny gysgaltmak bilen zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda), şeýle hem şu Kodeksiň 22-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda işden boşadylýan işgärlere: 1) ortaça aýlyk zähmet haky möçberinde işden çykylanda berilýän kömek puly berilýär; 2) işe ýerleşýän döwri üçin ortaça zähmet haky saklanylýar, ýöne ol işden çykylanda berilýän kömek puluny hasaba almak bilen işden boşadylan günden başlap iki aýdan köp bolmaly däldir; 3) işgär işden boşadylan gününden soň iki hepde möhletiň dowamynda işe ýerleşdiriş edarasyna ýüz tutan bolsa we işe ýerleşdirilmedik halatynda, onuň işden boşan gününden başlap üçünji aýyň içinde işe ýerleşdiriş edarasynyň çözgüdi boýunça ortaça zähmet haky saklanýar. Işden boşadylan işgär üç aýyň içinde iki gezek hödürlenilen laýyk gelýän (bilimine, hünärine, başarnygyna) işden ýüz öwüren ýagdaýynda üç aý möhlet tamamlanýança ortaça zähmet hakyny saklap galmak hukugyny ýitirýär” diýen talaplaryny düşundirip, bu maddanyň 5-nji bölegi boýunça raýata işden çykylanda berilýän kömek puly we saklanyp galýan ortaça zähmet haky ozalky iş ýerinde ýa-da hukuk orun tutary tarapyndan tölenilýändigi barada beýan etmeli.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1226-njy maddasyna laýyklykda: ,,Miras bölünende şärikli mirasdarlaryň arasynda ylalaşyk ýok mahalynda jedel kazyýet tarapyndan seredilýär, emläk bölünende ol bölünmäge degişli emlägiň häsiýetini, mirasdaşyň her biriniň işini we başga anyk ýagdaýlary göz öňüne almalydyr” .
«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 16-njy maddasynyň 1-nji böleginiň «a» bendine laýyklykda, ýer bölegini hususy eýeçilige şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak – mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary, bu barada ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça Geňeşe, şäherdäki etrabyň häkimligine arza berýärler. «Daýhan birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 5-nji tesimine laýyklykda, daýhan birleşiginiň Toparynyň ygtyýarlyklaryna önümçilik ýeriň we malyň kärendä berilmegi boýunça oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen şertnamalaryň baglaşylmagy we ýatyrylmagy barada çözgüt çykarmak degişli bolup, şol Kanunyň 15-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 2-nji tesimine laýyklykda, daýhan birleşigiň başlygy ekin meýdanlaryna laýyklykda her bir kärendeçiniň we beýleki ýerden peýdalanyjylaryň öndürmeli önümleriniň möçberini kesgitleýär we olar bilen şertnamalar baglaşýar hem-de olaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralyndaky 1146 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi kombinirlenen ot-iýmleri öndürmelidigi hem-de olar bilen Türkmenistanyň ilatyny we beýleki sarp edijileri üpjün etmelidigi görkezilen. Şeýlelik-de, ýurdumyzyň raýatlary hojalyklarynda saklaýan mallaryna iým (kepek, sary un, şulha we ş.m.) kesgitlenen döwlet nyrhy boýunça satyn almak üçin bugdaýy gaýtadan işleýän galla ugurly kärhanalara we pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanalaryna ýüz tutmaly. Raýatlar agzalan kärhanalar tarapyndan ýüz tutmalary boýunça iým berilmedik halatlarynda, olar özleriniň ozalky ýüz tutmalarynyň jogabyny alyp, gaýtadan ýüz tutmasyny delillendirip (hojalyklardan bar bolan iri şahly we ownuk şahly mallaryň baş sanyny, guşlaryň sanyny görkezip) «Administratiw önümçilik hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny esasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýa-da kazyýete ýüz tutmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralyndaky 1146 belgili karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnama» laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi döwlet tabşyrygy boýunça oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän önüm öndürijilerden oba hojalyk önümlerini we olaryň tohumlaryny satyn almagy hem-de tabşyrylan önümler üçin olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmelidigi görkezilen. Şeýlelik-de, ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan döwlete tabşyrylan pagtanyň, bugdaýyn, şugunduryň hem-de şalynyň hasyllary boýunça girdejisini alyp bilmeýändikleri barada ilki bilen bank edaralaryna ýüz tutup, hakykatdan bank kartlaryna pul serişdesiniň geçmändigini anyklamaly. Töleg geçmedik ýagdaýynda, kärendeçiler şertnama bglaşan daýhan birleşigine, şertnama baglaşan önüm öüdürijiler degişliligi boýunça galla ugurly kärhanalara, pagta arassalaýjy kärhanalara we «Maryşeker» AGPJ-ne ýüz tutmaly. Eger-de, raýatlar agzalan kärhanalar tarapyndan seredilen ýüz tutmalary boýunça çykarylan netije bilen kanagatlanmadyk halatlarynda, olar özleriniň ozalky ýüz tutmalarynyň jogabyny alyp, gaýtadan ýüz tutmasyny delillendirip «Administratiw önümçilik hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny esasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýa-da kazyýete ýüz tutmaly.
«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, ýaşaýyş jaý gaznasyny ulanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibiniň berjaý edilmegini, jemagat we ýol hojalygynyň obýektleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti hem-de durmuş hyzmaty kärhanalarynyň, elektrik, gaz, suw we beýleki ulgamlaryň hem-de desgalarynyň, aragatnaşyk we gatnaw serişdeleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek, ilatyň tebigy gaz, suw we elektrik energiýasy bilen üpjün bolmagy üçin çäreler görmek welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkiminiň umumy ygtyýarlyklaryna degişli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.10.2018 ýyldaky «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» 943 belgili karary bilen tassyklanan tertibe laýyklykda, ilkinji nobatda daýhan birleşiginde kärende usulynda işläp, soňky üç ýylyň dowamynda şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren kärendeçilere we daýhan hojalyklaryna olaryň ýüztutmalary esasynda ozalky peýdalanýan ýerleri azyndan ýetmiş göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleriň hasylyny, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin önüm öndürijilere 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga berilýär. Döredilen ýörite ýer gaznasyndan döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetiren kärendeçiler we daýhan hojalyklary ýer bölegini almaga isleg bildirmedik ýagdaýynda, maliýe we tehniki üpjünçilik ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, bäsleşik esasynda beýleki isleg bildirýän önüm öndürijilere 99 ýyla çenli peýdalanmaga berilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we kazyýet.
Ýerden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň Ýer hakyndaky bitewi kanunynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, aşakdaky halatlarda bes edilýär: Ýerden peýdalanyjy ýerden peýdalanmakdan ýüz dönderende; ýer böleginiň berlen möhleti gutaranda; ýerden maksatly niýetlenilişi boýunça däl-de, başga maksat üçin peýdalanylanda, ýerden wagtlaýyn peýdalanmak möhletinden öň bes edilende, 2 ýylyň dowamynda berlen ýerden peýdalanmasa, ýer böleginiň topragy ekologik ýagdaýy ýaramazlaşanda.
Harby gulluk bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklardan gelip çykýan meseleler boýunça raýatlar Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, degişliligi boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň harby prokuraturalaryna ýüz tutmaly.
«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyna laýyklykda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýat harby gulluga çagyrylmaga degişlidir. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 17-nji madda)
Harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolan ýa-da harby gulluga çagyryşa ýaramly däl diýlip ykrar edilen raýatlar harby gulluga çagyryşa degişli däldirler. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 17-nji madda)
Aşakda görkezilen raýatlar harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga degişlidirler: 1) saglyk ýagdaýy boýunça bellenilen tertipde harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilenler; 2) harby gullugy geçenler; 3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda başga döwletiň ýaragly güýçlerinde harby gullugy ýa-da onuň başga görnüşini geçenler; 4) uly bolmadyk agyr jenaýaty edendigi üçin iki gezek iş kesilenler ýa-da ortaça agyr jenaýaty, agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin iş kesilenler; 5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylan alymlyk derejesi bolan raýatlar; 6) harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary); 7) harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmegi bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary). (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 18-nji madda)
1. Şu raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär: 1) saglyk ýagdaýyna görä harby gulluga wagtlaýyn ýaramly däl diýlip ykrar edilenlere – bir ýyla çenli möhlet bilen. Şeýle esas bilen üç ýylyň dowamynda harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilen raýat Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ätiýaçlygyna geçirilýär; 2) kakasyna, ejesine, aýalyna, süýtdeş doganyna, süýtdeş uýasyna, atasyna, enesine, mamasyna, babasyna, perzentlige ýa-da hossarlyga alanlara hemişelik ideg etmek bilen meşgullanýan adamlar, eger görkezilen raýatlara kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar hakda alada etmäge borçly bolan başga adamlar bolmasa (durmuşa çykyp, aýratyn ýaşaýan süýtdeş uýalary muňa degişli däl), şeýle hem olar doly döwlet üpjünçiliginde bolmasalar we hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň netijenamasyna laýyklykda kesekiniň hemişelik seretmegine (kömegine, gözegçiligine) mätäçlik çekseler ýa-da I we II topardaky maýyplar bolsa ýa-da umumy esaslarda pensiýa bellemek üçin ýaşyna (erkekler – 62 ýaş, aýallar – 57 ýaş) ýetse ýa-da 18 ýaşa ýetmedik bolsa; 2(1)) edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere; 3) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň (internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar muňa girmeýär), orta hünär okuw mekdepleriniň gündizki bölüminde okaýan raýatlara, eger olar öň şeýle okuw mekdeplerinde okamadyk bolsalar – okuwyň möhletine barabar, ýöne olar 26 ýaşdan geçmeli däl; 4) iki we şondan köp çagasy ýa-da maýyp çagasy bolanlara; 5) ejesiz terbiýelenýän çagasy bolanlara; 6) özi barada jenaýat işi gozgalan raýatlara – şol iş boýunça gutarnykly çözgüt çykarylýança; 7) beýleki aýratyn ýagdaýlarda – Türkmenistanyň Goranmak ministriniň çagyryş toparynyň teklibi boýunça kabul eden çözgüdi esasynda. 2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen raýatlardan başga-da, şu raýatyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanan – ygtyýarlyklarynyň möhletine barabar; 2) ýokary pedagogik bilimi bolup, döwlet edarasynyň ýollama haty bilen obadaky orta okuw mekdebinde pedagogik wezipede işleýän – işlän döwrüne barabar; 3) 16 ýaşa ýetmedik iki we şondan-da köp çagasy bar bolan ýa-da çagalygyndan maýyp, I ýa-da II topar maýyp çagasy bolan ýalňyz zähmet çekmäge ukyply ene-atasy (kakasy ýa-da ejesi) bolan – eger kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar barada alada etmäge borçly bolan başga zähmete ukyply adam bolmasa. 3. Şu maddanyň 1-nji böleginiň 1, 2, 5 we 6 bentlerinde we ikinji böleginiň 1, 2 bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek ofiser harby adyny dakmak bilen ätiýaçlyga geçirilen raýatlara hem degişlidir. 4. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilmek hukugy beýleki raýatlara hem berlip bilner. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 19-njy madda)
Raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek – 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 20-nji madda)
1. Harby gulluga çagyryşa degişli raýat (şol sanda dürli sebäpler bilen saparda bolýan çagyryşa degişli raýat bir aý möhletiň içinde) ýaşaýan ýeri boýunça harby wekilligiň çagyrmagy esasynda lukmançylyk güwä geçmesine, çagyryş toparynyň mejlisine gelmäge hem-de harby wekiliň çagyryş haty esasynda harby gulluga gitmek üçin gelmäge borçludyr. 2. Kärhananyň, edaranyň, guramanyň wezipeli adamlary harby wekilligiň çagyrmagy boýunça harby gulluga çagyrylýan raýatyň (şol sanda iş saparyndaky raýatyň) öz wagtynda gelmegini üpjün etmäge borçludyr. 3. Okuwyny dowam etdirmek üçin harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilen (şol sanda daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde okaýan) raýatlar 27 ýaşy dolýança harby gulluga çagyryş meselesi bilen baglylykda harby wekilligiň çagyrmagy esasynda harby wekillige gelmäge borçludyr. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary (konsullyklary) daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýaşaýan we 18 ýaşy dolan Türkmenistanyň erkek raýatlarynyň hemişelik ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekilliklere gelmeklerini üpjün etmelidirler. (Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 26-njy madda)
«Günä geçmek» baradaky meseleler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky topar» tarapyndan seredilýär.
Raýatlar düzediş edaralarynda ýüze çykýan gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna ýa-da degişliligi boýunça Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal welaýat prokuraturasyna, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Balkan welaýat prokuraturasyna, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Lebap welaýat prokuraturasyna, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary welaýat prokuraturasyna, Daşoguz welaýatynyň prokuraturasyna ýüz tutmaly.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 19-njy maddasyna laýyklykda, jenaýat jogapkärçiligine jenaýat eden wagtyna çenli on alty ýaşy dolan adamlar düşýär. Jenaýat eden wagtynda on alty ýaşy dolmadyk adamlaryň soňra bellenen ýaşa ýetmekleri jenaýat jogapkärçiligini ýüze çykarmaýar. Emma, jenaýatlaryň bimäçe gömüşleri boýunça on alty ýaşa ýetmedik, ýöne on dört ýaşy dolan adamlara hem jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Ýagny, bilkastlaýyn adam öldürendigi üçin (101- nji madda), saglyga bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirendigi üçin (107-nji madda), zorlandygy üçin (132-nji madda), beçebazlyk edendigi üçin (133-nji madda), ogurlyk edendigi üçin (247-nji madda), talaňçylyk edendigi üçin (251-nji madda), garakçylyk edendigi üçin (252-nji madda), gorkuzyp alandygy üçin (253-nji madda), kesekiniň ulag serişdesini bikanun eýeländigi üçin (255-nji madda), emlägi bilkastlaýyn ýok edendigi ýa-da zaýalandygy üçin (256-njy maddanyň ikinji bölegi), radioaktiw ýa-da ýadro materiallaryny ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (320-nji madda), ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we partladyjy enjamlary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (326-njy madda), neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlaryny satmak maksady bilen bikanun taýýarlandygy, gaýtadan işländigi, edinendigi, saklandygy, daşandygy, iberendigi üçin (327-nji madda), neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlaryny ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (329-njy madda).
Kesekiniň emläginiň zaýalanylandygy ýa-da ýok edilendigini üçin, şeýle etmişleriň seresapsyzlyk bilen edilendigine garamazdan, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Olaryň haýsysynyň ýüze çykýandygy bolsa, zaýalanan ýa-da ýok edilen emlägiň möçberine bagly bolup durýar. Ýagny, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 94-nji maddasynyň belligine laýyklykda, ýetirilen zyýanyň möçberi zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden geçmese administratiw jogapkärçiligi, şol möçberden geçen ýagdaýynda bolsa, jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýyndaky 5594 belgili Permany esasynda, jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary, ýagny zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň birisi 300 manat hasaplanylýar. Şeýlelik-de, ýetirilen zyýanyň möçberi 1 500 manatdan geçen ýagdaýynda jenaýat jogapkärçiligi, geçmedik ýagdaýynda bolsa, administratiw jogapkärçiligi ýüze çykýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1027-nji maddasyna laýyklykda, başga biriniň emläginiň seresapsyzlyk bilen zaýalanandygy üçin maddy jogapkärçilik, ýagny ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjy ýüze çykýar. Günäkäriň maddy jogapkärçilige çekilmegi, jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligini aradan aýyrmaýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Jenaýat kodekisiniň 256-njy maddasynyň belligine laýyklykda, eger-de günäkär tarapyndan ýetirilen zyýanyň doly möçberde öwezini meýletin dolan ýagdaýynda jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 364-nji we 365-nji maddalaryna laýyklykda, ulag serişdelerini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketleriň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünlerini bozmagyň netijesinde adam ölüminiň ýüze çykmandygyna garamazdan, uly möçberde, serhoş ýagdaýdaky sürüjiler tarapyndan edilen bolsa, uly bolmadyk möçberde maddy zyýan ýa-da adamyň saglygyna agyr zyýan ýetirse, serhoş sürüjiler tarapyndan bolsa, saglygyna ortaça agyr zyýan ýetirilen ýagdaýlarynda jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Saglyga ýetirilen zyýanyň agyrlyk derejeleri kazyýet lukmançylyk seljermeleriniň esasynda kesgitlenilýär. Ýokarda görkezilen maddalaryň belliklerine laýyklykda, ýetirilen zyýanyň möçberi zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden artyk bolsa uly möçber, agzalan möçberden geçmeýän, ýöne onusyndan artyk bolsa, uly bolmadyk möçber hasaplanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýyndaky 5594 belgili Permany esasynda, jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary 300 manat hasaplanylýar. Şeýlelikde, ýetirilen zyýanyň möçberi serhoş adamlar tarapyndan 3 000 manatdan, serhoş bolmadyk adamlar tarapyndan bolsa, 22 500 manatdan geçen ýagdaýynda jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Yokarda agzalan maddalaryň belliklerine laýyklykda, adamyň ölmegine getirmedik hem-de saglygyna zyýan ýetirmedik ýol-ulag hadysalary boýunça ýüze çykýan jenaýat jogapkärçiliginden, günäkär ýetirilen maddy zyýanyň öwezini doly möçberde hem-de meýletin dolan ýagdaýynda boşadylýar.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 203-nji maddasyna laýyklykda, puldan başga-da gymmatly kagyzlar, emläkler (maddy gymmatlyklar) we emläk görnüşindäki peýdalar paranyň närsesi bolup durýar. Türkmenistanyň Yokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1997-nji ýylyň 28-nji aprelindäki «Parahorçulyk baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda» 5 belgili kararyna laýyklykda, para hökmünde berilýän pullar diňe nagt görnüşinde bolman, eýsem olar nagt däl görnüşinde, ýagny para alyjynyň, hasaplaşyk, depozit, broker ýa-da beýleki hasaplaryna geçirilen pullar hem bolup bilýär. Şeýle ýagdaýda gymmatlyklaryň maddy häsiýetli bolmagy hökmanydyr. Yagny, şol emlägi islendik bir adam satyp, peýda alyp bolýan bolmalydyr. Onuň maddy häsiýeti bolmadyk ýagdaýynda, şol gymmatlyk paranyň närsesi hasaplanylmaýar. Mysal üçin, wezipeli adamyň haýyşy boýunça ol barasynda hakykata göz-görtele gabat gelmeýän seslenmäniň metbugatda çap edilmegi. Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we peýdalaryň hem emläk häsiýetligi bolmagy hökmandyr. Ýagny, şol hyzmatlaryň ýerine ýetirilendigi üçin töleg tölenmäge degişli bolmaly. Mysal üçin, syýahata ýollanmalaryň, ýol petekleriniň berilmegi, bejeriş, gurluşyk we beýleki işleriň edilmegi, toý hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi. Emma, şol hyzmatlary para diýip hasaplamak üçin olaryň mugtuna ýerine ýetirilmegi hem hökmandyr.
Jenaýat işi boýunça deslapky derňew tamamlanyp, seretmeklik üçin kazyýete iberilen ýagdaýynda adwokat, jebir çeken we onuň wekilleri, raýat hak isleýjisi, raýat jogap berijisi ýa-da olaryň wekilleri prokuror tarapyndan habarly edilýär. Şondan soňra işiň kazyýetde seredilmändigine garamazdan, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 114-nji we 329-njy maddalaryna laýyklykda, şol iş boýunça haýyşlar we şikaýatlar gös-göni kazyýete iberilmäge degişlidir.
Güman edilýäniň we aýyplanýanyň derňewden hem-de kazyýetden gizlenmeginm, jenaýat işi boýunça hakykatyň anyklanmagyna päsgel bermeginiň we jenaýatly işler bilen meşgullanmagynyň öňüni almak maksady bilen olar babatynda ätiýaçsyzlandyryş çäreleri ulanylýar. Girew hem şeýle çäreleriň giňden peýdalanylýan görnüşleriniň biridir. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 153-nji maddasyna laýyklykda, girewi güman edilýäniň ýa-da aýyplanýanyň özi ýa- da başga adamlar, şol sanda edara görnüşindäki taraplar hem goýup bilýärler. Emma, şol edara görnüşindäki taraplaryň döwletiň eýeçiliginde bolmazlygy hökmany talapdyr. Girew bank edaralarynyň üsti bilen ony bellän edaranyň gozgamasyz (depozit) hasabyna geçirilýär. Goýulýan girewiň möçberi iň pes zähmet hakynyň elli essesinden az bolmaly däldir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýyndaky 5594 belgili Permany esasynda, jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary 300 manat hasaplanylýar. Şeýlelik-de, girewiň möçberi 15 000 manatdan az bolmaly däldir. Eger, özi barada girew ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adam babatynda kazyýetiň aýyplaw hökümi çykan ýagdaýynda, girewiň ýigrimiden bir bölegi döwletiň haýryna geçirilip, galan on dokuz bölegi girew goýan adama gaýtarylyp berilýär. Eger, şol adam barada kazyýetiň aklaw hökümi çyksa ýa-da kazyýet ýa-da derňew edaralary tarapyndan jenaýat işi ýatyrylsa, goýlan girew tutuşlygyna gaýtarylyp berilýär. Güman edilýän ýa-da aýyplanýan ätiýaçsyzlandyryş çäresiniň düzgünleri bozan ýagdaýynda goýlan girew dolulygyna döwletiň haýryna geçirilip bilinýär.
Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 224-nji maddasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilen islendik işler içeri işler edaralarynyň sülçüleri tarapyndan derňelmäge degişli. Emma, aýratyn jemgyýetçilik ähmiýeti bolan ýagdaýlar we derňewi başga edaranyň dowam etdirmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýa-da onuň orunbasarynyň ýazmaça razylygy esasynda derňew edarasy üýtgedilip bilner. Kämillik ýaşyna ýetmedik adam jenaýat işine güman edilýän ýa-da aýyplanýan hökmünde gatnaşanda, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 512-nji maddasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedigiň ýaşyna garamazdan, onuň ata-enesiniň ýa-da başga kanuny wekiliniň, olar ýok halatynda hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň wekilleriniň gatnaşdyrylmagy hökmandyr. Şol kodeksiň 514-nji maddasyna laýyklykda, güman edilýän ýa-da aýyplanýan on alty ýaşyna ýetmedik ýa-da akyl taýdan ösüşinde yza galýan bolsa, mugallymyň, psihologyň gatnaşdyrylmagy hem hökmany bolup durýar. Başga ýagdaýlarda mugallym zerurlyga görä gatnaşdyrylyp bilner. Eger kämillik ýaşyna ýetmedigiň kanuny wekiliniň hereketleri onuň bähbitlerine zyýan ýetirýändigi ýa-da işiň dogry derňelmegine päsgel berýändigi barada ýeterlik esaslar bar bolsa, ol jenaýat işine gatnaşmakdan çetleşdirilip we onuň başga bir kanuny wekili işe gatnaşdyrylyp bilner. Kodeksiň 254-nji maddasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedik jebir çeken ýa-da şaýat hökmünde sorag edilýän bolsa, onda olar on dört ýaşyna ýetmedik bolsa, mugallym çagyrylýar. On dört ýaşdan geçen ýöne on alty ýaşa ýetmedik bolsa, mugallym sülçüniň garaýşyna görä çagyrylyp bilner. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyny doldurmadyk adamlar kämillik ýaşyna ýetmedikler diýlip ykrar edilýär.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 132-nji maddasyna laýyklykda, zyna gatnaşygyny zorlukly diýip hasaplamak üçin, esasan üç sany kesgitlemelere salgylanmak zerur. Birinjisi, fiziki zorlugyň ulanylmagy; Ikinjisi, haýbat atmak bilen gorkuzylmagy; Üçinjisi bolsa, jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanylmagy, ýagny, jebir çekeniň gartaşandygy, kiçi ýaşlydygy, maýypdygy, aň ösüşiniň yza galakdygy, agyr derejeli serhoşdygy sebäpli we beýleki ýagdaýlara görä aýyplanýana garşylyk görkezmezligi ýa-da görkezip bilmezligi. Emma, Türkmenistanyň Yokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 2006-njy ýylyň 6-njy awgustyndaky «Aýal-gyzlary zorlamak baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda» 1 belgili kararyna laýyklykda, aýal-gyzlary aldamak ýa-da olaryň ynamyndan hyýanatly peýdalanmak arkaly, olary zyna gatnaşygyna razy eden adamyň hereketlerine, mysal üçin durmuş gurmagy öňünden wada berip, şol sanda pul ýa-da başga gymmatlyklary, islendik hereketleri ýa-da hereketsizlikleri wada berip, aldap onuň bilen zyna gatnaşygynda bolunmagyna zorluk hökmünde garalmaýar. Şol sebäpli hem, olar jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişli bolup durmaýar.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 2006-njy ýylyň 6-njy awgustyndaky «Aýal-gyzlary zorlamak baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda» 1 belgili kararyna laýyklykda, aýal-gyzlar zorlanylanda fiziki zorlugy ulanmaklyk diýip, olary urmaklyga, synasyna islendik agyrlyk derejesindäki ten şikesleriniň ýetirilmegine, bogmaklyga, dem alyş ýollaryny elleri ýa-da başga närseler bilen ýapmaklyga we beýleki ýagdaýlara düşünilýär. Fiziki zorluk, aýal- gyzlaryň garşylygyny basyp ýatyrmak üçin oňa ten şikesini ýetirmezden fiziki güýç ulanylmagy görnüşinde hem ýüze çykyp biler. Aýal-gyzlary zorlamak maksady bilen olaryň garşylygyny basyp ýatyrmagyň serişdesi hökmünde ulanylan gorkuzmaklyk diýip, günäkär tarapyndan heläkçilik çekeniň özüniň ýa-da onuň ýakyn adamlarynyň garşysyna haýal etmän fiziki zorlugy ulanmak howpuny salýan sözler ýa-da hereketler bilen heläkçilik çekeni gorkuzmaklyga düşünilýär. Gorkuzmaklyk söz bilen hem, hereket bilen hem (mysal üçin pyçak, päki, palta we ş.m. görkezmek) ýüze çykarylyp bilner. Gorkuzmaklyk hyýaly bolman, hakykat ýüzünde amala aşyrylyp bilinmek we heläkçilik çeken tarapyndan onuň özüniň ýa-da ýakyn adamlarynyň jany we saglygy üçin hakyky howp hökmünde baha berlip bilinmek mümkinçiligini döretmelidir. Emma, günäkäriň aýal-gyzlary masgaralaýjy we abraýdan gaçyryjy maglumatlary ýaýratjakdygy barada aýtmagyna gorkuzmak hökmünde baha berilmeýär. Şol sebäpli, bedendäki şikesleriň we onuň yzlarynyň hem-de beýleki subutnamalaryň ýitmezligi üçin, özüniň zorlanan pursatyndan wagt geçirmezden, dessine degişli prokuratura edaralaryna arza bilen ýüz tutmaklyk maslahat berilýär. Köp wagtyň geçmegi bilen ýazylan arza boýunça barlag geçirilende jenaýatyň yzlaryny tapmakda we subutnamalary toplamakda kynçylyklar döredýär, köp halatlarda bolsa, düýbünden başartmaýar.
Zyna gatnaşygynda bolýan taraplaryň biri on alty ýaşa ýetmedik bolsa we taraplaryň beýlekisi bu ýagdaýdan habarly bolsa ýa-da habarly bolmaly bolsa, ýagny daş keşbinden, mekdepde okaýandygyndan we başga sebäplerden, onuň bellenen ýaşa ýetmändiginiň aýan bolan ýagdaýynda, kämillik ýaşyna ýetmedigiň özüniň razylygynyň bardygyna garamazdan, on alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna gatnaşygynda bolan günäkär Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 141-nji maddäsy bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilýär. Şunda, kiçi ýaşlynyň özüniň fiziki we aň ösüşine görä jyns gatnaşygynyň häsiýetine hem-de manysyna düşünendigi ýa-da düşünmändigi örän ähmiýetlidir. Eger-de, ol şeýle hereketleriň manysyna düşünmedik bolsa, onda günäkär Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 132-nji maddasy esasynda (zorlamak) jogapkärçilige çekilýär. Şeýle ýagdaýlarda, jebir çeken ýa-da onuň hossarlary özüniň zyna gatnaşygynda bolan pursatyndan wagt geçirmezden, haýal etmän degişli prokuratura edaralaryna arza bilen ýüz tutmalydyr.
Emlägiň nähilidir bir borjy ýerine ýetirmek şerti bilen alynmagy diňe günäkär şol emlägi eýeleýän pursatynda ony öz hasabyna geçirmekligi maksat edinip, boýun alan borjuny ýerine ýetirmek barada pikir etmedik bolsa, kezzapçylyk hökmünde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 249-njy maddasy boýunça maddalaşdyrylýar. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 214-nji maddasyna laýyklykda, islendik amala aşyrylan ýa-da taýýarlanylýan jenaýatlar hakyndaky arzalary we habarlary prokuratura, içeri işler, milli howpsuzluk we kazyýet edaralary hasaba almaga borçludyr. Emma, Kodeksiň 224-nji maddasyna laýyklykda, kezzapçylyk bilen bagly (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 249-njy maddasy) jenaýat işleri boýunça deslapky derňewiň içeri işler edaralarynyň sülçüleri tarapyndan geçirilýändigi sebäpli, arzany ýa-da habar kabul eden beýleki hukuk goraýjy edaralary, olary degişliligi boýunça seretmeklik üçin içeri işler edaralaryna iberýärler we ahyrynda şeýle arzalar hem-de habarlar boýunça içeri işler edaralary tarapyndan barlag hem-de demew geçirilýär. Şonuň üçin, kezzapçylyk bilen bagly jenaýatlar hakyndaky arzalaryň we habarlaryň gönüden-göni içeri işler edaralaryna, ýagny polisiýa bölümlerine we müdirliklerine berilmekligi has dogrudyr, şeýle hem arzalaryň tiz seredilmegi üçin ähmiýetlidir. Eger-de, emläkler kezzapçylyk ýoly bilen däl-de, yzyna gaýtaryp bermek şerti bilen karzyna alnyp, gaýtarylyp berilmeýän bolsa, şeýle hereketlere jenaýat hökmünde garalyp bilinmeýär hem-de algy-bergi jedelini raýat tertibinde çözmeklik üçin degişli çäkdäki kazyýete hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutulýar.
Kesekiniň emläginiň ogurlanmagy, eger ol heläkçilik çekeniň ýa-da başga adamlaryň ýoklugynda, bar bolaýanda-da, olara bildirilmän amala aşyrylsa, onda ol gizlin ogurlyk diýip hasap edilýär we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 247-nji maddasy boýunça maddalaşdyrylýar. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 214-nji maddasyna laýyklykda, islendik amala aşyrylan ýa-da taýýarlanylýan jenaýatlar hakyndaky arzalary we habarlary prokuratura, içeri işler, milli howpsuzluk we kazyýet edaralary hasaba almaga borçludyr. Emma, Kodeksiň 224-nji maddasyna laýyklykda, ogurlyk bilen bagly (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 247-nji maddasy) jenaýat işleri boýunça deslapky derňewiň içeri işler edaralarynyň sülçüleri tarapyndan geçirilýändigi sebäpli, arzany ýa-da habar kabul eden beýleki hukuk goraýjy edaralary, olary degişliligi boýunça seretmeklik üçin içeri işler edaralaryna iberýärler we ahyrynda şeýle arzalar hem-de habarlar boýunça içeri işler edaralary tarapyndan barlag hem-de derňew geçirilýär. Şonuň üçin, ogurlyk bilen bagly jenaýatlar hakyndaky arzalaryň we habarlaryň gönüden-göni içeri işler edaralaryna, ýagny polisiýa bölümlerine we müdirliklerine berilmekligi has dogrudyr, şeýle hem arzalaryň tiz seredilmegi üçin ähmiýetlidir.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasyna (Öz-özüni öldürmäge maýyl etmek we öz-özüni öldürmäge mejbur etmek) laýyklykda öz-özüni öldürmäge maýyl etmek, ýagny, ynandyrmak, aldamak arkaly ýa-da başga ýol bilen beýleki adamda öz-özüni öldürmegi ýüregine düwmegi oýarsa, eger şol adam öz-özüni öldürse ýa-da oňa kast etse, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Şol maddanyň 2-nji bölegine laýyklykda «Adama haýbat atmak, töhmet atmak, çydamsyz güne salmak ýa-da onuň şahsy mertebesini birsyhly kemsitmek bilen, ony öz-özüni öldürmäge mejbur edene ýa-da öz-özüni öldürmegiň kastyna düşürene, bäş ýyla çenli möhletde azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi, kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda edene, sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Günäkär adam ynandyrmak, aldamak arkaly ýa-da başga ýol bilen beýleki adamda öz-özüni öldürmegi ýüregine düwmegi oýarýar. Günäkäriň şeýle hereketleri beýlekide öz-özüni öldürmek meýlini oýarmasa, öz-özüni öldürmäge synanyşmaga getirmese ýa-da beýleki adam özüne kast etmese, şu jenaýatyň düzümini emele getirmeýär. Şunluk bilen, diňe aldamak, ynandyrmak ýa-da beýleki adamda öz-özüni öldürmek meýilini oýarmaga gönükdirilen beýleki hereketleriň ýüze çykmagy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 1-nji böleginiň dispozisiýasynda bellenen agyr netijelere getirmese, kanun bu işde jenaýatyň düzüminiň ýokdugyny göz öňünde tutýar. Öz-özüni öldürmäge yrmagy amala aşyrmagyň delili dürli-dürlüdir. Ol hususan-da duşmançylykly gatnaşyklar ýa-da başga adamyň göwnüni tapmak, ar almak ýa-da özüňe ýakyn adamyň haýyşyny ýerine ýetirmek, gullukda bäsleşik ýa bolmasa özi üçin zyýanly ýagdaýy ýaşyrmak meýili bolup biler. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýlaryň jenaýaty maddalaşdyrmak üçin ähmiýeti ýokdur. Öz-özüni öldürmek derejesine ýetirmek günäkäriň Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji böleginiň dispozisiýasynda görkezilen hereketleriň amala aşyrylmagyndan ybaratdyr, şonuň netijesinde bolsa ejir çeken öz ömür tanapyny kesmegi ýüregine düwýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasy boýunça, diňe ynandyrmak, aldamak arkaly ýa başga ýol bilen beýleki adamda öz-özüni öldürmegi ýüregine düwmegi oýarmaga gönükdirilen hereket ýa-da bolmasa wehim salmak, töhmet, ýowuz daraşmak ýa-da şahsy mertebesini birsyhly kemsidip durmak öz-özüni öldürmäge getirse ýa şoňa synanyşyk etdirse, şeýle halatda jenaýat jogapkärçiliginiň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutmak gerek. Ejir çekeniň öz-özüni öldürmäge taýýarlanmak bilen çäklenýän hereketleri, bu barada dil üsti bilen aýtmagy ýa-da bu meýili barada başga ýol bilen beýan etmegi bu jenaýatyň düzümini emele getirmeýär. Şeýle adamyň hereketlerinde beýleki jenaýatyň düzümi, mysal üçin, kemsitmek, töhmet, bilkastlaýyn bedene zeper ýetirmek bar bolsa, ol şeýle hereketler üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner.
Administratiw hukuk bozulmany eden pursadynda on alty ýaşyna ýeten adamlar administratiw jogapkärçilige degişlidir. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 26-njy maddasy)
Işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama (karar) we işiň beýleki materiallary alnan gününden on bäş gün möhletde administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýär. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça goşmaça ýagdaýlary anyklamak zerur bolan halatlarynda işe seretmäge ygtyýarly edaranyň esaslandyrylan karary bilen işe seretmek möhleti bir aýa çenli uzaldylyp bilner. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 544-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bölegi)
Ygtyýarly wezipeli adamyň administratiw hukuk bozulma barada işe seretmek boýunça hereketlerine we kararlaryna Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner. Iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň şu Kodeksde bellenilen tertipde administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara täzeden seredilmegini talap etmäge hukugy bardyr. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 19-njy maddasynyň 1-nji we 2-nji bölegi)
Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin administratiw temmisiniň şu görnüşleri berlip bilner: 1) duýduryş; 2) administratiw jerime; 3) jemgyýetçilik işleri; 4) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri tölegli almak; 5) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz almak; 6) fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek; 7) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek; 8) administratiw taýdan tussag etmek; 9) administratiw taýdan işi togtatmak. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 41-nji maddasy)
Jerimäni hukuk bozujy özüne jerime salnandygy hakynda kararyň gowşurylan gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir, şeýle karara şikaýat edilen ýa-da garşylyknama getirilen halatynda bolsa – ol şikaýatyň ýa-da garşylyknamanyň kanagatlandyrylman galdyrylandygy mälim edilen gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir. Bellenilen möhletde jerime tölenilmese, onda salnan jerimäniň möçberi möhleti geçirilen her gün üçin 0,5 göterim artdyrylýar. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 577-nji maddasynyň 1-nji we 5-nji bölekleri)