TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Migrasiýa gullugy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 79-njу madda)

 

(Türkmenistanyň 22.06.2013 ý. № 416-IV, 12.09.2016 ý. № 438-V, 09.06.2018 ý. № 56-VI, 20.10.2018 ý. № 90-VI, 05.10.2019 ý. № 194-VI, 30.11.2019 ý. № 215-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 24.10.2020 ý. № 312-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun migrasiýa gullugynyň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny we ýörelgelerini kesgitleýär, onuň wezipelerini, hukuklaryny we borçlaryny, şeýle hem migrasiýa gullugynyň edaralarynyň işgärlerini hukuk we durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

I BÖLÜM. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy (mundan beýläk – migrasiýa gullugy) Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynyň düzgünleşdirilmegini, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

2-nji madda. Migrasiýa gullugy hakyndaky kanunçylyk

 

1. Türkmenistanyň migrasiýa gullugy hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Migrasiýa gullugynyň işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary  ulanylýar.

 

3-nji madda. Migrasiýa gullugynyň düzümi we ýolbaşçylygy

 

1. Migrasiýa gullugynyň düzümine onuň merkezi edarasy, welaýatlardaky, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerdäki müdirlikleri, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki bölümleri, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlary (mundan beýläk – migrasiýa gullugynyň edaralary) we harby bölüm girýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan başlygy ýolbaşçylyk edýär.

3. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarlary hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýärler we wezipeden boşadylýarlar.

4. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýatlardaky, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerdäki müdirliklerine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdirleri ýolbaşçylyk edýärler.

5. Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň wezipe sanawyny we zähmet haky goruny Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanan düzüminiň we kesgitlenen işgär sanynyň çäklerinde, şeýle hem harby gullukda durmaýan işgärleriniň wezipe sanawyny we zähmet haky goruny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenilen kadalaşdyryjy ölçegnamalaryna laýyklykda hyzmat etmegiň kadalaryndan ugur alyp, Döwlet býujetinde şol ýyl üçin bölünip berlen serişdeleriň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşylan zähmet haklarynyň çyzgydyna laýyklykda tassyklaýar.

(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky we 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

4-nji madda. Migrasiýa gullugynyň hukuk derejesi

 

1. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan, migrasiýa gullugynyň edaralary hakynda düzgünnamalar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň garamagyndaky harby bölüm Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hukuk esaslaryny kesgitleýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda hereket edýär.

(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

5-nji madda. Migrasiýa gullugynyň işiniň esasy ýörelgeleri

 

1. Migrasiýa gullugynyň işi kanunylyk, ynsanperwerlik, raýatlaryň kanunyň öňündäki deňligi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi, olaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan, mertebesine hormat goýulmagy ýörelgelerine esaslanýar.

2. Migrasiýa gullugy şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, ýörite kanun arkaly goralýan syrlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän halatlarda aýan hereket edýär.

 

6-njy madda. Migrasiýa gullugynyň esasy wezipeleri

 

Migrasiýa gullugynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) migrasiýa babatdaky Türkmenistanyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) döwlet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň migrasiýa meselelerini düzgünleşdirmek boýunça işini utgaşdyrmak, migrasiýa meseleleri boýunça halkara guramalary bilen işini utgaşykly alyp barmak;

3) bikanun migrasiýany ýüze çykarmak, öňüni almak we aradan aýyrmak;

4) migrasiýa ýagdaýlary baradaky maglumatlar ulgamyny (goruny) döretmek, maglumatlary işläp taýýarlamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrmak;

5) migrasiýa meselelerini çözmekde adam hukuklaryny berjaý etmek, kemsitmelere ýol bermezlik we milli däp-dessurlara hormat goýmak;

6) daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmek we Türkmenistandan gitmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek  üçin wizalary bermek;

7) ýurduň içerki zähmet bazaryny goramak, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrmak üçin rugsatnama bermek;

71) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň çäginde bolýan ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça hasaba almak hem-de olaryň hasabyny ýöretmek;

72) Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýeri boýunça bellige almak we olaryň hasabyny ýöretmek;

73) Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýerleri boýunça bellige almak bilen bagly meseleler babatynda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen arkalaşykly işlemek we bu meseleler boýunça umumy statistiki hasabatyň ýöredilmegini üpjün etmek;

8) migrasiýa çygrynda, şol sanda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan migrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

9) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarmak, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meseleleri boýunça resminamalary taýýarlamak, Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilendigini bellige almak;

10) Türkmenistanyň raýatlygyna degişliligini kesgitlemek;

11) raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasyny, bosgunlara bosgunyň şahsyýetnamasyny, olara ýol resminamalaryny we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalary bermek;

12) Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlaryny resmileşdirmek we olaryň hasabyny ýöretmek;

13) halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Türkmenistan tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň umumy kadalaryna laýyklykda migrasiýa meseleleri boýunça özara gatnaşyk etmek we maglumatlary alyşmak;

14) migrasiýa babatda Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramagy üpjün etmek;

15) Türkmenistanyň döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri, hukuk goraýjy we harby edaralary, şeýle hem halkara guramalary bilen bikanun migrasiýa garşy hereket etmek babatda arkalaşykly işlemek;

151) gullugyň düzüm birliklerini, şeýle hem migrasiýa gullugynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin döredilen beýleki kärhanalary dolandyrmak;

16) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirmek.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

7-nji madda. Şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi

 

1. Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň islendik çäklendirilmesine diňe Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär.

2. Migrasiýa meseleleri boýunça hukuk bozulmalaryny amala aşyrmakda güman edilip saklanylan we tussag edilen raýatlar öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegi babatda Migrasiýa gullugynyň işgärlerinden maglumat almaga hukuklydyrlar.

 

8-nji madda. Döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň Migrasiýa gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirmegine ýardam bermegi

 

Bikanun migrasiýa bilen baglanyşykly hereketleriň öňüni almak, olaryň üstüni açmak maksady bilen döwlet edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli ýuridik we fiziki şahslar Migrasiýa gullugynyň işgärlerine öz gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekde ýardam bermelidirler.

 

9-njy madda. Migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary bilen özara gatnaşyklary

 

Migrasiýa gullugy migrasiýa babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, migrasiýa ýagdaýlaryny seljermek, bikanun migrasiýany ýüze çykarmak, öňüni almak we aradan aýyrmak maksady bilen, dessin-agtaryş, anyklaýyş, öňüni alyş işlerini we gaýry çäreleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary bilen özara arkalaşykly hereket edýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

10-njy madda. Migrasiýa gullugynyň daşary ýurt döwletleriniň migrasiýa gulluklary, hukuk goraýjy edaralary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy

 

Migrasiýa gullugy üstüne ýüklenen wezipeleri berjaý etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda beýleki döwletleriň migrasiýa gulluklary, hukuk goraýjy edaralary, şeýle hem halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we hyzmatdaşlyk etmäge  haklydyr.

 

II BÖLÜM. Migrasiýa gullugynyň ygtyýarlyklary

 

11-nji madda. Migrasiýa gullugynyň ýerine ýetirýän işleri

 

Migrasiýa gullugy öz üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda şu aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:

1) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde migrasiýa gözegçiligini guraýar we amala aşyrýar, ýagny Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegini we Türkmenistandan gitmegini hasaba alýar hem-de migrasiýa gullugynyň edaralaryndan gelip gowuşýan maglumatlary toplamak, umumylaşdyrmak we olara seljeriş geçirmek arkaly olaryň hasabyny ýöredýär, bu maglumatlaryň esasynda Türkmenistana gelýän we Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar barada, şeýle hem dessin hasapda duran adamlar barada migrasiýa gullugynyň merkezleşdirilen, awtomatlaşdyrylan ýeke-täk maglumatlar ulgamyna migrasiýa gullugynyň beýleki maglumatlar gorlary bilen bir bitewüleşdirilen maglumatlar goruny döredýär;

2) Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasport almak baradaky ýüztutmalaryna garaýar we olara Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlary resmileşdirýär;

3) daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, onda bolmagynyň we ondan gitmeginiň düzgünleriniň bozulmagy baradaky işler boýunça dessin-agtaryş, jenaýat jogapkärçiligine getiren halatynda anyklaýyş işlerini geçirýär, şeýle-de bikanun migrasiýany ýüze çykarmak, öňüni almak we ony aradan aýyrmak boýunça gaýry çäreleri amala aşyrýar;

4) adam söwdasyna garşy hereket etmek meselesi boýunça öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirýär;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki döwlet edaralarynda hasaba alynmaga degişli adamlardan başga Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary olaryň bolýan ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alýar hem-de daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba alýan migrasiýa gullugynyň edaralaryndan hem-de ýuridik we fiziki şahslardan, beýleki guramalardan gelip gowuşýan maglumatlary toplamak, umumylaşdyrmak we olara seljeriş geçirmek arkaly Türkmenistana gelen we Türkmenistanda ýaşaýan we bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasabyny ýöredýär, bu maglumatlaryň esasynda daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň döwlet maglumatlar ulgamyny döredýär;

51) zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen, hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan kyrk bäş senenama gününden köp möhlete Türkmenistanyň çäginde başga ýere wagtlaýyn giden Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýeri boýunça bellige alýar, bu barada degişli resminamany berýär hem-de şol raýatlaryň bellige alynmagy barada maglumatlar goruny döretmek arkaly olaryň hasabyny ýöredýär;

6) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsatnamalary resmileşdirýär;

7) Türkmenistanyň raýatlaryna halkara şertnamalary esasynda ýönekeýleşdirilen tertipde degişli daşary ýurt döwletlerine gidip-gelmegi üçin içlik berýär;

8) öz ygtyýarlylygynyň çäginde barlaglary geçirmek arkaly gözegçiligi amala aşyrýar:

a) daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, wezipeli adamlar, ýuridik we fiziki şahslar, ýuridik şahslaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de beýleki guramalary tarapyndan wizalary resmileşdirmegiň we bermegiň, Türkmenistana gelmegiň, Türkmenistanda bolmagyň, Türkmenistandan gitmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegiň, bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň tertibiniň, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň esaslarynyň we möhletleriniň berjaý edilişine;

b) Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary, ýuridik şahslaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de beýleki guramalary tarapyndan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda işe çekilende we olara zähmet işini amala aşyrmaga rugsatnamalar resmileşdirilende Türkmenistanyň raýatlarynyň boş iş orunlaryny eýelemäge artykmaç hukugy baradaky ýörelgäniň, şeýle hem iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygynyň berjaý edilmegine, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyryşyna;

ç) daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bolmagy we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi üçin hasaba alyş ýygymynyň alnyşyna;

d) zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen, hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan kyrk bäş senenama gününden köp möhlete başga ýere wagtlaýyn giden Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýeri boýunça bellige almagyň tertibiniň berjaý edilişine;

e) daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, ýuridik we fiziki şahslar, ýuridik şahslaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de beýleki guramalary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde migrasiýa babatda kanunçylygyň berjaý edilişine;

9) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden galplaşdyrylan, kesekiniň resminamalaryny ulanyp geçmekçi bolýan adamlary ýüze çykarýar, şol hereketlerde jenaýatyň alamaty bolan ýagdaýynda bolsa anyklaýyş işlerini geçirýär, olar boýunça maglumatlar goruny ýöredýär;

10) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanda bosgun statusyny kesgitleýär, goşmaça goragyň berilmegi baradaky meselelere seredýär, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlary hasaba alýar, olara degişlilikde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde bosgun şahsyýetnamasyny we ýol resminamasyny, şeýle hem beýleki şahsyýetnamalary we şahadatnamalary berýär we olaryň ýaşaýan döwletlerine meýletin gaýdyp barmagy üçin şertleri döredýär;

11) daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň wiza almak üçin towakganamalarynyň ähli görnüşlerine (çakylyklaryny resmileşdirmek we wizalarynyň möhletini uzaltmak) garaýar, şeýle hem olara ýurda gelmek we ýurtdan gitmek, ýurduň çäginden üstaşyr geçmek üçin wizalary, serhet sebitine barmak üçin rugsatnamalary berýär;

111) harby däl deňiz (derýa) gämileriniň ekipažlarynyň agzalary bolup durýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň kenara düşmegi we Türkmenistanyň halkara deňiz menzillerinde hem-de deňiz menzilli şäherlerinde bolmagy üçin rugsatnamalary berýär;

112) Türkmenistanyň çäginde degişli bolan döwletiniň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy bolmadyk daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan ýol resminamalary ýa-da olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary ýitirilen, ogurladylan hem-de ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa getirilen halatynda, agzalan şahslara «Daşary ýurt raýatynyň ýurduna dolanyp barmak üçin şahadatnamasyny» berýär;

12) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça önümçiligi amala aşyrýar;

13) daşary ýurtly işçi güýjüniň sany we düzümi hakyndaky döwlet hasabatynyň maglumatlaryny toplamagy ýerine ýetirýär, daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin rugsatnamalary berýär;

14) Türkmenistanda ýaşaýan adamlardan Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary kabul edýär, şeýle arzalaryň we olara goşulan resminamalaryň degişli barlagyny geçirýär hem-de olary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirýär, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan, Türkmenistanyň raýatlygyny bes eden, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen ýa-da oňa dikeldilen, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigi kesgitlenen adamlaryň hasabyny ýöredýär;

15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini kesgitleýär we degişli resminamany berýär;

16) Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlara şahsyýetnamalary we ýol resminamalaryny berýär;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary resmileşdirýär, olary hasaba alýar we olaryň hasabyny ýöredýär;

18) bikanun migrasiýa bilen bagly hereketlere garşy gönükdirilen öňüni alyş çärelerini geçirýär, bikanun migrasiýanyň, adam söwdasynyň we beýleki kanuna garşy hereketleriň zyýanly täsirini we olaryň netijelerini düşündirmek hem-de migrasiýa babatda kanunçylygyň berjaý edilmeginiň zerurlygy barada wagyz-nesihat etmek boýunça işleri amala aşyrýar;

19) migrasiýa meseleleri boýunça raýatlary kabul edýär, raýatlaryň arzalaryna we şikaýatlaryna seredýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olary seljerýär, Migrasiýa gullugynyň ygtyýarlygyna degişli meseleler boýunça ilatyň we ýuridik şahslaryň işgärleriniň arasynda düşündiriş işlerini geçirýär;

20) Migrasiýa gullugy üçin işgärleri seçip almagy, taýýarlamagy guraýar we olaryň işlerini kämilleşdirmek barada çäreler görýär;

21) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet we gulluk syryny düzýän maglumatlary goramaklygy üpjün edýär;

22) Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunçylygynyň birmeňzeş ulanylmagyny üpjün edýär;

221) kömekçi hojalygy üçin bölünip berlen ýerlerde  hojalyk işleriniň amala aşyrylmagy netijesinde alnan we özüniň hasaplaşyk hasabyna geçirilen girdejilerini bellenen tertipde peýdalanýar;

222) Migrasiýa gullugynyň işi hakynda maglumaty ýerleşdirmek, şeýle hem fiziki şahslara hyzmatlary etmek üçin Internet torunda öz resmi saýtyny ýöredýär;

223) beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen özara gatnaşykda migrasiýa ýagdaýlaryna seljeriş geçirmek we çaklamak esasynda migrasiýa babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň emele getirilmegine gatnaşýar, ony durmuşa geçirmek, şol sanda bikanun migrasiýany ýüze çykarmak, öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar we amala aşyrýar;

224) migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy boýunça maksatnamalaryň, halkara şertnamalarynyň, milli meýilnamalaryň, döwlet strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

225) merkezleşdirilen maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan maglumatlar ulgamyny (goruny) döredýär we onuň işlemegini hem-de oňa bir bitewüleşdirilen migrasiýa gullugynyň edaralarynyň ähli maglumatlar gorunyň sazlaşykly işlemegini üpjün edýär, maglumat tehnologiýalaryny we olary üpjün etmegiň serişdelerini işläp taýýarlamagy amala aşyrýar;

226) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, migrasiýa gullugynyň işi bilen bagly arhiw resminamalaryny, şol sanda elektron resminamalary toplamak, saklamak, hasaba almak, ulanmak, ýok etmek boýunça işi amala aşyrýar;

227) migrasiýa gullugynyň we onuň düzüm birlikleriniň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça, şol sanda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we durmuş taýdan hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça çäreleri kabul edýär;

23) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry işleri amala aşyrýar.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

12-nji madda. Migrasiýa gullugynyň hukuklary

 

1. Migrasiýa gullugynyň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) öz işini amala aşyrmak üçin zerur resminamalary ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli ýuridik şahslardan bellenilen tertipde almaga, migrasiýa meseleleri boýunça zerur bilermenler seljermesiniň, seljerişiň we baha bermegiň, şeýle hem ylmy barlaglaryň geçirilmegini guramaga;

2) ýuridik we fiziki şahslardan migrasiýa baradaky kanunçylygyň berjaý edilmegini talap etmäge;

3) daşary ýurt raýatlaryndan, raýatlygy bolmadyk adamlardan, Türkmenistanyň raýatlaryndan, şeýle hem wezipeli adamlardan öz ygtyýarlygyna degişli meseleler boýunça düşündiriş we degişli resminamalary almaga;

4) daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hem-de olary çagyrýan (kabul edýän) ýuridik we fiziki şahslary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde barlamaga, olardan zerur resminamalary talap etmäge;

5) migrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyny bozanlar baradaky materiallary bellenilen tertipde degişlilikde döwlet edaralarynyň garamagyna geçirmäge, şeýle-de anyklaýyş işini geçirmäge;

6) döwletiň migrasiýa meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň binýadyny kämilleşdirmek barada teklipleri taýýarlamaga;

7) migrasiýa gullugynyň işine degişli meseleler boýunça konferensiýalary, seminarlary, maslahatlary geçirmäge, döwlet häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle hem halkara guramalary tarapyndan guralýan çärelere gatnaşmaga;

8) zerur halatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň migrasiýa babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý edişleriniň toplumlaýyn barlaglaryny geçirmäge;

9) zerur halatlarda fiziki şahslary we ýuridik şahslaryň wekillerini migrasiýa gullugynyň ygtyýarlygyna degişli meseleler boýunça onuň düzüm birliklerine çagyryp getirmäge;

10) Türkmenistanda bolmagyň bellenen tertibini bozan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda yzarlamaga, saklamaga, tutup getirmäge, olaryň wizasyny ýatyrmaga we Türkmenistanda bolmaly möhletini gysgaltmaga, Türkmenistandan çykmaga tabşyryknama bermäge, ýurduň çäginden çykarmaga, olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmäge;

11) kanunda bellenilen möhlete tutup saklamaga, anyklaýyş işleri geçirilýän mahaly migrasiýa meseleleri boýunça hukuk bozulmalaryny amala aşyrmakda güman edilip saklanan adamlary wagtlaýyn gabawhanada saklamaga;

12) Migrasiýa gullugynyň ygtyýarly meseleleri boýunça güman etmäge esas bolan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jaýlary, edara binalaryny we ulag serişdelerini, şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň el goşlaryny we ýüküni gözden geçirmäge;

13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we soňuna çykmak, olary amala aşyran adamlary saklamak işleri geçirilende Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplaryna garşy hereketleriň öňüni almak üçin fiziki güýji ulanmaga;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ýaragy, ýörite serişdeleri we ýörite (harby) tehnikany edinmäge;

15) öz üstüne ýüklenen wezipeleriň çözülmegi üçin aýry-aýry adamlaryň kömeginden peýdalanmaga;

16) dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilýän döwründe ýaragy, ýörite serişdeleri we ýörite (harby) tehnikany şu Kanunda we beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen tertipde ulanmaga;

17) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde administratiw taýdan tutup saklamaga;

18) dessin-agtaryş işlerini geçirmäge ygtyýarly bolan beýleki edaralar bilen ylalaşyp, şol edaralaryň güýçlerini we serişdelerini käbir dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin çekmäge;

19) Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Migrasiýa gullugynyň garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döretmäge;

20) ýuridik we fiziki şahslar üçin migrasiýa gullugynyň edaralarynyň wezipeleri bilen baglanyşykly goşmaça hyzmatlary (işleri) (SMS-ler arkaly habarnamalary  ibermek we nobata goýmak, ýuridik we fiziki şahslaryň migrasiýa gullugynyň edaralaryna berýän ýüztutmalaryny dolduryp bermek, nusga köpeldiş hyzmatlaryny etmek we beýlekiler) ýerine ýetirmäge we ýerine ýetirilen hyzmatlar (işler) üçin tölegleriň möçberlerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özbaşdak ýa-da şertnamalaýyn esasda kesgitlemäge.

2. Migrasiýa gullugynyň öz ygtyýarlygyna girmeýän meseleler boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň hojalyk ýa-da başga bir işine gatyşmaga hukugy ýokdur.

3. Migrasiýa gullugynyň wezipeli adamlarynyň anyklaýşy geçirmek bilen bagly bolmadyk meseleleri boýunça hereketleri barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

13-nji madda. Migrasiýa gullugynyň borçlary

 

Migrasiýa gullugy şu aşakdakylara borçludyr:

1) döwlet häkimiýet edaralary bilen öz ygtyýarlygyna degişli meseleler boýunça arkalaşykly işlemäge;

2) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň migrasiýa meselesine degişli böleginiň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

3) migrasiýa hakyndaky hukuk kadalaryny bozan adamlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri ulanmaga;

4) daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara, şeýle hem ýuridik şahslara migrasiýa meseleleri boýunça düzgün bozulmalara ýol bermezlik baradaky düşündirişleri we duýduryşlary bermäge, bellenilen tertipde teklipnamalary ibermäge;

5) Türkmenistana gelen ýa-da onuň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ahlaksyz hereketlerini dessin çäreleri gurnamak arkaly ýüze çykarmaga we degişli çäreleri görmäge;

6) Türkmenistana gelen ýa-da onuň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň zerur halatlarda lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmegini üpjün etmekde saglygy goraýyş edaralaryna ýardam etmäge;

7) Türkmenistanda bolmagyň tertibini bozan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary gözlemäge;

8) bikanun migrantlary ýüze çykarmaga we degişli çäreleri görmäge;

9) Migrasiýa gullugyna degişli meseleler boýunça ýüze çykarylan düzgün bozulmalar babatda anyklaýyş işini geçirmäge;

91) Migrasiýa gullugynyň elektron maglumatlar gorunyň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

10) şahsyýetiň janyny we saglygyny, onuň kanun tarapyndan goralýan hukuklaryny we azatlyklaryny, emlägini, jemgyýetiň hem-de döwletiň howpsuzlygyny goramak üçin öz ygtyýarlarynyň çäklerindäki ähli möhüm çäreleri, şol sanda öňüni alyş häsiýetindäki çäreleri görmäge;

11) Türkmenistanyň çäklerinde dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan beýleki edaralary şol edaralaryň ygtyýarlaryna degişli bikanun hereketler barada mälim edip durmaga we olara zerur bolan kömegi bermäge;

12) öz işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilmegine ýardam beren adamlaryň, olaryň maşgala agzalarynyň şahsy howpsuzlygyny, olaryň emlägini jenaýatçylykly hem-de beýleki bikanun hyýanatçylyklardan gorap saklamagy üpjün etmäge;

13) kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üstüne ýüklenen gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 20-nji oktýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

14-nji madda. Migrasiýa gullugynyň dessin-agtaryş we anyklaýyş işleri

 

Migrasiýa gullugynyň dessin-agtaryş we anyklaýyş işi migrasiýa babatda kanun bozulmalaryny ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak, Türkmenistanda bolmagyň tertibini bozan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary gözläp tapmak, anyklaýyş işlerini geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň milli bähbitlerini, ilatyň ahlak ýörelgelerini üpjün etmek maksady bilen degişlilikde "Dessin-agtaryş işleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine, Migrasiýa gullugynyň dessin-agtaryş işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

III BÖLÜM. Migrasiýa gullugynyň fiziki güýji, ok atýan

ýaragy we ýörite serişdeleri ulanmagy

(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

15-nji madda. Fiziki güýji, ok atýan ýaragy, ýörite serişdeleri ulanmagyň maksady we tertibi

 

1. Migrasiýa gullugynyň işgärlerine diňe şu Kanunda göz önünde tutulan halatlarda we tertipde fiziki güýji, ok atýan (tabel) ýaragy, ýörite serişdeleri saklamak, götermek we ulanmak hukugy berilýär.

2. Fiziki güýç, ok atýan ýarag, ýörite serişdeler howply etmişi togtatmak, hukuk tertibiniň bozulmagynyň öňüni almak we soňuna çykmak, olary amala aşyran adamy tutup saklamak we gabawhana eltmek maksady bilen hukuk tertibiniň bozulmagynyň häsiýetini, düzgün bozujynyň şahsyýetini, anyk ýagdaýy nazara almak bilen ulanylýar.

3. Fiziki güýç, ok atýan ýarag, ýörite serişdeler (adamyň janyna we saglygyna howply bolmadyk ýagdaýlarda ulanylmagy muňa degişli däldir) ulanylmazyndan öň olary ulanmak meýli hakynda duýduryş berilmelidir, şunda muňa duýdansyz hüjüme gaytawul bermek we girewe alnanlary boşatmak halatlary girmeýär.

4. Duýdansyz ýa-da ýaragly çozulanda, söweş tehnikasyny, ulag serişdelerini, uçuş abzallaryny, deňiz we derýa gämilerini peýdalanmak bilen çozulanda, tussag astyndan ýaragly gaçylanda ýa-da ulag serişdeleriniň hereketi mahalynda olardan gaçylanda, şeýle hem girewe alnanlary boşatmakdan ötri ýarag öňünden duýdurmazdan ulanylýar.

5. Eger ýüze çykan ýagdaýda ok atýan ýaragy ulanmaly boljakdygynyň mümkinçiligi aradan aýrylmaýan hasap etse, onda migrasiýa gullugynyň işgäriniň ony taýýar etmäge hukugy bardyr.

6. Ygtyýarlyklary ýokarlandyrmak bilen fiziki güýjüň, ok atýan ýaragyň we ýörite serişdäniň ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

16-njy madda. Fiziki güýjüň ulanylyşy

 

Öz üstüne ýüklenen borçlaryň ýerine ýetirilmegini beýleki usullar bilen üpjün etmek mümkin bolmasa, onda jenaýatlaryň, administratiw hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, şol jenaýatlary eden we administratiw hukuk bozulmalary eden adamlary tutup saklamak, kanuny talaba garşy edilen hereketleri ýatyrmak üçin Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň fiziki güýji, şol sanda söweşjeň göreş usullaryny ulanmaga hukugy bardyr.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

17-nji madda. Ok atýan ýaragyň ulanylyşy

 

1. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň şu aşakdaky halatlarda aňrybaş çäre hökmünde ok atýan ýaragy ulanmaga hukugy bardyr:

1) raýatlary olaryň janyna we saglygyna howp salýan çozuşlardan goramak üçin, şeýle hem girewine alnanlary boşatmak üçin;

2) Migrasiýa gullugynyň işgärlerine gulluk borçlaryny ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän beýleki adamlara garşy toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşy, şeýle hem olaryň janyna ýa-da saglygyna howp salýan beýleki çozuşy yzyna serpikdirmek üçin;

3) ýaragly garşylyk görkezýän ýa-da tussag astyndan gaçyp barýan jenaýatkäri, şeýle hem ýaragy tabşyrmak hakyndaky kanuny talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan ýaragly adamyň tutulyp saklanmagy üçin.

2. Ok atýan ýaragyň ulanylmagyndan ozal ony ulanmak niýetiniň bardygy hakynda duýduryş berilmelidir.

3. Duýdansyz ýa-da ýaragly çozuş wagtynda, söweş tehnikasy, ulag serişdeleri, uçuş enjamlary, deňiz we derýa gämileri peýdalanylyp çozulanda, tussag astyndan ýaragly ýa-da ulag serişdeleri ulanylyp gaçylanda, tussag astynda bolýan adamlar ulag serişdeleriniň hereketi wagtynda olardan gaçanda, şeýle hem girewine alnanlary boşatmak üçin ok atýan ýarag duýduryş berilmezden ulanylyp bilner.

4. Aýallaryň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň, şeýle hem maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlaryň ýaragly çozýan, ýaragly garşylyk görkezýän ýa-da jana howp salýan toparlaýyn çozuş edýän mahalyndan başga halatlarda olar barada ok atýan ýaragy ulanmak gadagan edilýär.

5. Ok atýan ýaragyň ulanylan we peýdalanylan halatlarynyň ählisinde Migrasiýa gullugynyň işgäri töweregindäki raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ejir çekenlere gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini bermek, şeýle hem olaryň hossarlaryna ýa-da kanuny wekillerine habar bermek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr.

6. Ok atýan ýaragyň ulanylan her bir halaty hakynda Migrasiýa gullugynyň işgäri tarapyndan maglumat düzülýär we degişli ýolbaşçysyna we prokurora haýal etmän habar berilýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

18-nji madda.Ýörite serişdeleriň ulanylyşy

 

1. Galp resminamalary ýüze çykarmak üçin mikroskoplar we ultrafiolet yşyklary, biometriki maglumatlary okaýjy enjamlar, barmak yzlaryny okaýjy ykjam enjamlar, rezin dürreler, elektro şokly dürreler, ulag serişdelerini barlaýan gurallar, el gandallary, gulplary (gapylary) açmak üçin abzallar, dürbüler, gije görmegi üpjün edýän enjamlar  hem-de beýleki ýörite enjamlar we ulag serişdeleri (şol sanda howa ulagy) Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

1) Migrasiýa gullugyna degişli meseleler boýunça hukuk bozulmalaryny ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we aradan aýyrmak;

2) Türkmenistanda bolmagyň tertibini bozan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary gözläp tapmak, olary degişli jogapkärçilige çekmek;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen üstüne ýüklenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.

Toparlaýyn çozulýan ýa-da ýaragly garşylyk görkezilýän, şeýle hem raýatlaryň janyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary anyk bildirýän adamlar babatda ýörite serişdeleri ulanmak gadagandyr.

2. Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary tarapyndan ulanylýan ýörite serişdeleriň sanawy we olary ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky we 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

IV BÖLÜM. Migrasiýa gullugynyň edaralarynda gullugy geçmek

 

19-njy madda. Migrasiýa gullugynyň işgärler düzümi

 

1. Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we harby gullukda durmaýan işgärleri Migrasiýa gullugynyň işgärler düzümini emele getirýärler.

2. Migrasiýa gullugynyň işgärlerine şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan şahsyýetnama we bellenilen nusgadaky tapawutlandyryş nyşanlary berilýär.

3. Migrasiýa gullugynyň işgäri birmeňzeş görnüşdäki lybas bilen mugt üpjün edilýär, onuň nusgasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Harby wezipä bellemek, gullukda başga wezipä geçirmek we  harby wezipeden boşatmak, nobatdaky harby atlary dakmak, şeýle hem harby atlardan mahrum etmek "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda we Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky düzgünnamada bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

5. Migrasiýa gullugynyň düzümindäki harby gullukçylar şu Kanuna, "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanda harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda harby gullugy geçýärler we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna deňleşdirilýärler.

6. Migrasiýa gullugynyň harby gullukda durmaýan işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.   

 

20-nji madda. Migrasiýa gullugyna gulluga kabul edilmegi we gullukdan boşadylmagy

 

1. Migrasiýa gullugyna borçnama boýunça harby gulluga Türkmenistanyň raýatlary «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilýär.

2. Migrasiýa gullugynda gulluk etmäge kabul edilýän raýata şu aşakdaky talaplar bildirilýär:

1) Watana, halka, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly bolmak,  Migrasiýa gullugynyň işine durnukly we gaýduwsyz gulluk etmäge jany-teni bilen taýýar bolmak; 

2) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny hem-de beýleki hukuk namalaryny birkemsiz berjaý etmek;

3) raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini hormatlamak we goramak, ýokary medeniýetliligi berjaý etmek;

4) döwletiň özygtyýarlygyny, syýasy we ykdysady bähbitlerini goramak;

5) Türkmenistanyň halkynyň milli adatlaryna we däp-dessurlaryna hormat goýmak;

6) düzgün-nyzamy we jogapkärçiligi ýokary derejede berjaý etmek;

7) işe döredijilikli çemeleşmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk iş alyp barmagy başarmak;

8) salyhatlylyk, halallyk, öz işiniň netijelerine hakyky we tankydy baha bermegi başarmak ukyby.

3. Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gullukdan boşadylýarlar.

(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

21-nji madda. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň gulluk wagty we dynç almaga bolan hukugy

 

1. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hepdelik iş wagtynyň we dynç alyş wagtynyň dowamlylygynyň hasaba alnyş tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

2. Migrasiýa gullugynyň işgärlerine «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda»Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda her ýylky esasy rugsat we rugsatlaryň beýleki görnüşleri berilýär.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

22-nji madda. Migrasiýa gullugynyň işgäriniň pul we gaýry üpjünçiligi

 

1. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň pul üpjünçiligi olaryň eýeleýän wezipesine hem-de harby adyň dakylmagyna laýyklykda her aýda alýan aýlygyndan ybarat bolýar, mundan başga-da olaryň aýda alýan başga hili goşmaça pullaryndan hem-de gaýry pul haklaryndan ybarat bolýar. 

2. Harby atlar üçin aýlyk iş haklarynyň we goşmaça tölegleriň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar hem-de pul, azyk we gaýry zatlar  bilen üpjün edilýärler.

 

V BÖLÜM. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy

 we durmuş taýdan goraglylygy

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

23-nji madda. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy

 

1. Migrasiýa gullugynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly döwletiň aýratyn goragynda durýar. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplary Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we wezipeli adamlar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

2. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmezlik, olara dil ýetirmek, garşylyk görkezmek, olary ynamdan gaçyrmak, zorluk ulanyp haýbat atmak, olaryň janyna, saglygyna, at-abraýyna we mertebesine kast etmek ýa-da şek ýetirmek, olaryň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik berýän beýleki hereketler, şeýle hem öz borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly olaryň maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna islendik kast etmek kanunda bellenen jogapkärçilige eltýär.

3. Migrasiýa gullugynyň işgärleri öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirenlerinde şu Kanundan we Türkmenistanyň migrasiýa baradaky meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalaryndan ugur alýarlar. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan ygtyýarly edilen adamlardan başga hiç kimiň Migrasiýa gullugynyň işine gatyşmaga we işgärlerini olaryň wezipe borçlaryna girmeýän işleri ýerine ýetirmek üçin çekmäge hukugy ýokdur.

4. Migrasiýa gullugynyň işgärlerine mugallymçylyk, ylym we döredijilik işinden başga hak tölenýän islendik iş bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

5. Migrasiýa gullugynyň işgärleri syýasy partiýalaryň we syýasy maksat tutýan beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolup bilmezler.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

24-nji madda. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy

 

1. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

2. Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň durmuş taýdan goraglylygy we gulluk şertleri şu Kanun, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde bellenilen tertipde hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna we hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlidir.

3. Gulluk bilen baglanyşyklylykda Migrasiýa gullugynyň işgäriniň, onuň maşgala agzalarynyň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dolunýar. 

4. Migrasiýa gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde gulluk ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýärler.

5. Migrasiýa gullugynda azyndan on ýyl işlän işgärler, aradan çykan işgärleriniň maşgala agzalary, şeýle hem ýaşaýyş jaý kanunçylygynda görkezilen beýleki ýagdaýlarda başga ýaşaýyş jaýy berilmezden, gulluk ýasaýyş jaýyndan göçürilmäge degişli däldir.

6. Ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça hasapda duran, aradan çykan işgäriň maşgalasynyň Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak baradaky hukugy saklanyp galýar.

7. Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde bellenilen beýleki hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 20-nji oktýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

25-nji madda. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň gaýry durmuş hukuklarynyň kepillikleri

 

Migrasiýa gullugynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary ýaşaýyş jaýy, jemagat hyzmatlary, ýangyç üçin tölegleri tölemek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde we şertlerde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

26-njy madda. Migrasiýa gullugynyň işgäriniň gulluk saparynda bolan wagtyndaky hukuklary

 

Migrasiýa gullugynyň gulluk saparynda bolýan işgäri gulluk iş saparynyň şahadatnamasy boýunça ulaglaryň ähli görnüşleri üçin ýolagçy resminamalaryny nobatsyz almaga, şeýle hem myhmanhanada ilkinji nobatda ýerleşmäge bolan hukukdan peýdalanýar.

 

VI BÖLÜM. Migrasiýa gullugynyň maliýe we maddy-tehniki üpjünçiligi

 

27-nji madda. Migrasiýa gullugynyň maliýeleşdirilmegi

 

1. Migrasiýa gullugynyň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak döwlet serişdeleriniň, Migrasiýa gullugynyň býujetden daşary serişdeleriniň hem-de kanunçylykda bellenen beýleki çeşmelerden alynýan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

Şu Kanunyň 12-nji maddasynyň birinji böleginiň 20-nji bendinde görkezilen, migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan ýuridik we fiziki şahslara ýerine ýetirilýän goşmaça hyzmatlardan (işlerden) alynýan girdejiler Migrasiýa gullugynyň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we onuň zerurlyklaryna gönükdirilýär.

3. Migrasiýa gullugy öz maliýe-hojalyk işiniň hasabyny ýöredýär, buhgalteriýa hasabyny alyp barýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde statistik hasabaty ýöredýär.

(2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

28-nji madda. Migrasiýa gullugynyň maddy-tehniki üpjünçiligi

 

1. Migrasiýa gullugynyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň tertibi we kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Migrasiýa gullugyna gulluk maksatlary üçin gulluk jaýlaryny, ulag, aragatnaşyk serişdelerini we başga emlägi bellenilen tertipde muzdsuz ulanmaga berýärler.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

VII BÖLÜM. Jemleýji düzgünler

 

29-njy madda. Migrasiýa gullugynyň işine gözegçilik

 

Migrasiýa gullugynyň işine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gözegçilik edýär.

 

30-njy madda. Migrasiýa gullugynyň işinde kanunylygyň berjaý edilişine gözegçilik

 

Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar gözegçilik edýärler. 

 

31-nji madda. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň jogapkärçiligi

 

1. Migrasiýa gullugy, onuň işgärleri we harby gullukçylary raýatlaryň we döwletiň öňünde olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hukuk tertibiniň üpjün edilmegi üçin jogapkärdirler. Migrasiýa gullugynyň işgärleri öz gulluk borjuny ýerine ýetirmändikleri ýa-da talabalaýyk ýerine ýetirmändikleri üçin kanunçylyga laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Migrasiýa gullugynyň işgärleri öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özbaşdak çözgüt kabul edýärler we özleriniň kanuna ters gelýän hereketleri ýa-da hereketsizligi üçin kanuna layýklykda jogapkärçilik çekýärler. Migrasiýa gullugynyň işgärine göz-görtele kanuna ters gelýän buýruk ýa-da görkezme berlen halatynda, ol kanundan ugur almaga borçludyr.

 

32-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

     Prezidenti                                                        Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 21-nji noýabry.

№ 76-IV