«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2001-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda kabul edilen № 57-II «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň kanuny esasynda rejelenen görnüşde beýan edilen.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda

 

(Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 2, 4-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 29.01.1997 ý. № 221-1 we 14.02.2000 ý. № 14-II Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen )

 

1. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr.

 

2.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy göniburçluk görnüşindäki mata bölegidir. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden bir ýarym esse ulydyr.

Baýdak ýaşyl reňklidir. Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke, ýomut, salyr, çowdur, ärsary gölleri ýerleşdirilen, olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan, onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl-gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlanýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir. Olaryň her biri aşakysyndan we ýokarkysyndan başgasy jübüt ýerleşen, uçlarynda keçilýän ýapraklaryň onusyndan ybaratdyr.

Baýdagyň uly ýaşyl böleginde çep ýokarky burçda ak reňkli ýarymaý we bäş sany ýyldyz şekillendirilendir.

 

3.Türkmenistan Döwlet baýdagy aşakdaky ýerlerde gerilýär:

Prezident köşgüniň, Mejlisiň, Ministrler kabinetiniň, ministrlikler, döwlet komitetleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerili ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş organlarynyň jaýlarynda - hemişelik;

ýerili ýerine ýetiriji  häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş  organlarynyň sessiýalarynyň geçirilýän jaýlarynda - sessiýanyň bütin döwründe;

umumy döwlet baýramlarynyň günlerinde we beýleki baýramlarda we hatyra günlerinde  kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň jaýlarynda, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda;

Türkmenistan beýleki ýurtlardaky diplomatik, konsullyk we beýleki döwlet wekilhanalarynyň jaýlarynda - hemişelik;

Prezidentiň, Mejlisiniň Başlygyn, Türkmenistanyň diplomatik we beýleki resmi wekilleriniň bar wagtynda deňiz hem derýa gämilerinde, olaryň beýleki ulag serişdelerinde, şeýle hem beýleki ýagdaýlarda - Hökümet tarapyndan bellenen tertipde.

Döwlet baýdagyny ulanmagyň beýleki ýagdaýlary we halatlary Hökümetiň kanunçylygy we aktlary tarapyndan  göz öňünde  tutulyp bilner.

 

4. Ýatlama günlerinde: 12-ýanwarda we 6-oktýabrda matam tutmak hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşak egilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň yglan eden çözgüdi boýunça beýleki halatlarda matam tutmak hökmünde aşak eglip biliner.

 

5. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, onuň reňki, şekili, ölçegi we materialy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnama arkaly bellenilen ölçege, reňke, materialla we şekile laýyk gelmelidir.

 

6. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylan we düşürilen mahaly, şeýle hem dabaraly ýöriş bilen geçiler mahaly baýdaga hormat goýmak, nyzamy «gönelin» ýagdaýynda amala aşyryrylýar.

 

7. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüni alyp barmak) arkaly hem-de islendik beýleki görnüşde hormatyny gaçyrmaga, şeýle hem oňa hormat goýmazlyga ýol berilmeýär.

 

8. Şu Kanunyň talaplaryny bozan adamlar Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik  çekýärler.