TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Täjirçilik syry hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2000 ý., № 3-4, 39 madda)
(Türkmenistanyň 26.03.2011 ý. № 183-IV we 31.03.2012 ý. № 297-IV Kanunlary
esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun täjirçilik syryny düzýän habary bermegiň, peýdalanmmagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň we goramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
1 BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1 madda. Täjirçilik syry düşünjesi
1. Täjirçilik syry, munuň özi kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň ykdysady, maliýe, önümçilik, tehnologik we gaýry işi bilen baglanyşykly döwlet syry hasaplanmaýan habar bolup, onuň aýan edilmegi (berilmegi, ýaýramagy) şolaryň işine we bähbitlerine zyýan ýetirip biler.
2 madda. Täjirçilik syry hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Türkmenistanyň täjirçilik syry hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Daşary ýurtly düzgünnamaly şahslaryň, olaryň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk şahslaryň täjirçilik syrynyň hukuk goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.
3 madda. Şu kanunyň hereket çygry
1. Şu kanun Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, eýelik etmeginde, peýdalanmagynda we ygtyýar etmeginde täjirçilik syryny düzýän habar daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk şahslara, düzgünnamaly şahslara, şahamçalara, düzgünnamaly taraplaryň wekilhanalaryna (mundan beýläk hukuk eýeleri diýlip atlandyrylýar) degişlidir.
2. Şu kanunyň täsiri şeýle habaryň bellenilen tertipde mälim bolan şahslaryna hem degişlidir.
4 madda. Täjirçilik syryny düzýän habara bolan talaplar
Täjirçilik syryny düzýän habar aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:
üçünji şahsa (şahslara) mälim bolmadyk ygtybarlylygy bolan habara eýelik edýänler üçin onuň hakyky ýa-da has möhüm gymmatynyň bolmagy;
Türkmenistanyň kanunçylygyna görä , şol habar umumy mälim ýa-da umumy elýeter bolmaly däldir;
habary peýdalanmagy çäklendirmegiň içerki kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny, resminamalara we beýleki habar göterijilere degişli belgi goýmagyň girizilmegini, hasaba alşyň guralyşyny, saklanylmagyny we ulanylmagyny goşmak bilen birlikde onuň ýaşrynlygyny goramak degişli çäreler bilen üpjün edilmelidir.
5 madda. Täjirçilik syryny aýan etmek
1. Täjirçilik syryny aýan etmek diýlip syryň wagtyndan öň açylmagyna ýa-da gözegçiliksiz peýdalanylmagyna ýa-da ýaýradylmagyna getiren täjirçilik syryny düzýän habara ygtyýary bolan şahsyň (şahslaryň) bilkastlaýyn hereketlerine düşünilýär, munuň netijesinde bolsa kärhananyň, guramanyň we edaranyň, ýekebara telekeçiniň bähbitlerine zyýan ýetirilendir ýa-da ýetirilip bilner.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan halatlarda täjirçilik syryny düzýän habaryň üçünji şahsa (şahslara), şeýle hem hukuga eýelik edijä hukuk, hasaphana, gaýry maslahatçylyk ýa-da wekilçilik hyzmatlaryny bitirýän ýa-da onuň üçin belli bir işleri ýerine ýetirýän şahsa (şahslara) habar berilmegi, şunda munuň özi şol hyzmatlary bitirmek ýa-da işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolsa, habaryň ýa-da maglumatyň berilmegi täjirçilik syrynyň aýan edilmegi hasaplanylmaýar.
II BAP. TÄJIRÇILIK SYRYNYŇ HUKUK DÜZGÜNI
6 madda. Täjirçilik syryny düzýän habara bolan hukugyň ýüze çykmagynyň esaslary
1. Täjirçilik syryny düzýän habara bolan hukugyň ýüze çykmagyna şular esas bolup durýar:
habary öz güýçleriň bilen we (ýa-da) öz hasabyňa döretmek;
habary döretmek üçin şertnama;
habara bolan eýeçilik hukugynyň başga şahsa (şahslara) geçiş şertlerini özünde saklaýan şertnama.
2. Eger täjirçilik syryny düzýän habar jismi şahs ýa-da düzgünnamaly şahs tarapyndan döredilse, kanuny esasda edinilse, miras ýa-da peşgeş tertibinde alynsa, onda ol jismi şahsyň ýa düzgünnamaly şahsyň eýeçiligi hasaplanýar.
Täjirçilik syryny düzýän habar Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada bellenilen çäklerde başga şahsyň (şahslaryň) eýelik etmeginde, peýdalanmagynda, ygtyýar etmeginde durmaga haklydyr.
3. Täjirçilik syryny düzýän habar dürli şertnamalaryň: maýa goýum, satyn almak-satmak, ylmy-tehniki önümi bermek hakyndaky, hyzmatlar bitirmek, önümleri bölmek hakyndaky we başga şertnamalaryň özeni bolup biler.
7 madda. Täjirçilik syryny düzýän habar
1. Täjirçilik syryny düzýän habara aşakdakylar degişli bolup biler:
kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň tehnologik, önümçilik, guramaçylyk, harytşynaslyk, intellektual, mazamlaýyş we gaýry aýratynlyklary hakyndaky maglumatlar;
kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň hünärlilik, işewür, önümçilik, bank we beýleki bähbidi bolup durýan maglumatlar;
önümçiligiň dolandyryş gurluşy hakyndaky maglumatlar;
maliýeleşdiriş çeşmeleri hakyndaky maglumatlar;
baglaşylan geleşikler, ulanylýan nyrhlar hakyndaky maglumatlar;
uly mümkinçiligi bolan alyjylar we önüm iberijiler hakyndaky maglumatlar;
kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň patentlenmedik ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary;
kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň işgärleri ýa-da ýekebara telekeçi tarapyndan döredilen EHM üçin maglumatlar gorlary we maksatnamalary;
hasaphana hasaba alnyşynyň we içerki hasaphana hasabatlylygynyň sanawlarynyň mazmuny;
şu kanuna we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda täjirçilik syryna degişli edilen gaýry maglumatlar.
2. Karz edarasynyň müşderileri we korrespondentleri, olaryň bank hasaplary we olar boýunça amallar, goýumlar, çekilen we ýerleşdirilen pul serişdeleri, fiziki şahslaryň hasap açmazdan, karz edaralarynyň üsti bilen amala aşyran pul geçirimleri, müşderiniň karz edarasynyň saklamagynda duran pul serişdeleri we başga gymmatlyklary hakynda "Karz edaralary we bank işi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bank syry bolup durýan maglumatlar täjirçilik syryny düzýän maglumatlara degişlidir.
3. Täjirçilik syryna degişli habaryň mazmuny we möçberi oňa hukuk eýelik ediji tarapyndan kesgitlenýär.
Täjirçilik syryny düzýän habar möhümlik derejesine baglylykda “Gullukda peýdalanmak üçin”, “Ýaşyryn”, “Pugta ýaşyryn”, “Diňe alyja” ýaly we başga ýörite belliklere eýe bolup biler.
4. Täjirçilik syryny düzýän habar kagyz we magnit geçirijide, ses we görnüş ýazgysy, kino, fotoplenka görnüşinde bolup biler.
5. Döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak geçirilende aşakdaky maglumatlar täjirçilik syryna degişli edilip bilinmez:
kärhananyň emläginiň we onuň pul serişdeleriniň möçberleri hakyndaky;
beýleki kärhanalaryň girdeji aktiwlerine (gymmatly kagyzlar), esasnama gaznalaryna, göterimleýin obligasiýalaryna we karzlara serişdeleri goýmak hakyndaky;
kärhananyň karz, söwda we gaýry borçnamalary hakyndaky.
döwlete dahylsyz kärhanalar, döredijilik we wagtlaýyn zähmet toparlary, şeýle hem aýry-aýry raýatlar bilen şertnamalar hakyndaky.
8 madda. Täjirçilik syryna degişli bolmadyk habar
Täjirçilik syryny düzüp bilmejek habara şular girýär:
esaslandyryş resminamalary (kärhanany döretmek hakyndaky karar ýa-da esaslandyryjylaryň şertnamasy, esasnama);
täjirçilik (telekeçilik) işi, şol sanda ygtyýarnama alynmaga (bellige alyş şahadatnamalary, ygtyýarnamalar, patentler) degişli işler bilen meşgullanmaga hukuk berýän resminamalar;
bellenilen görnüşler boýunça statistik hasabatlylygyň, şeýle hem maliýe-ykdysady işi hakyndaky hasabatlylygyň maglumatlary we salgytlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki hökmany tölegleriň hasaplanylyşynyň we tölenilişiniň dogrulygyny barlamak üçin zerur bolan gaýry maglumatlar;
tölege ukyplylygy hakyndaky resminamalar;
işleýänleriň sany, düzümi, olaryň iş haky we zähmet şertleri hakyndaky maglumatlar, şeýle hem boş iş orunlarynyň barlygy hakyndaky maglumatlar;
töwerekdäki gurşawyň hapalanmagy, antimonopol kanunçylygyň bozulmagy, zähmeti goramagyň kadalarynyň berjaý edilmezligi, ilatyň saglygyna zyýan ýetirýän önümiň ýerleşdirilendigi hakyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki bozulmalary we şunda ýetirilýän zyýanyň möçberleri hakyndaky maglumatlar.
9 madda. Täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýar
1. Täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýar kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýolbaşçysy ýa-da ýekebara telekeçi tarapyndan tassyklanylýan gözükdirmä laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Täjirçilik syryny düzýän habara ygtyýarly şahslaryň sanawy we olara ygtyýar bermegiň tertibi hukuga eýe bolujynyň we şeýle habary peýdalanyjynyň arasyndaky şertnama bilen hem düzgünleşdirilmäge haklydyr.
10 madda. Täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýary togtatmagyň şertleri
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň işgärleriniň täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýary aşakdaky halatlarda togtadylýar:
olar bilen zähmet şertnamasynyň (kontraktynyň) bozulmagy ýa-da işden boşadylmagy;
täjirçilik syryny aýan etmezlik boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny olaryň bir gezek bozmagy;
täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýarda çäklendirmelere esaslar bolup durýan ýagdaýlaryň ýüze çykmagy.
2. Eger zähmet şertnamasynda (kontraktynda) täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýary togtatmagyň şertleri göz öňüne tutulan bolsa, onda zähmet şertnamasyny (kontraktyny) möhletinden öň ýatyrmak üçin esas bolup durýar.
3. Täjirçilik syryny düzýän habary peýdalanmak üçin şertnama baglaşylan şahslaryň ygtyýary täjirçilik syryny aýan etmezlik boýunça olaryň öz üstüne alan borçnamalaryny birnäçe gezek bozan halatlarynda, şeýle hem ygtyýarda togtatmak üçin esas bolan, şertnamada göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda togtadylyp bilner.
11 madda. Täjirçilik syryny düzýän habary bermek
1. Täjirçilik syryny düzýän habary bermek diýlip hukuga eýelik ediji tarapyndan bu habaryň başga şahsa diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we esaslarda berilmegine düşünilýär.
Täjirçilik syryny düzýän habary bermek dilden ýa-da ýazmaça görnüşde, şeýle hem elektron resminama görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
2. Döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň wezipeli şahslary we gullukçylary öz kontrollyk, gözegçilik we gaýry wezipelerini ýerine ýetirenlerinde kanun tarapyndan kesgitlenýän öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde täjirçilik syryny düzýän habary almaga hukuklydyrlar. Döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralary tarapyndan şeýle habaryň peýdalanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan tertipde amala aşyrylýar we aýan edilmäge degişli däldir.
3. Täjirçilik syryny düzýän habary oňa ygtyýary bolmadyk başga şahsa (şahslara) bermek kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýa-da ýekebara telekeçiniň karary ýa-da razylygy bilen muzdsuz ýa-da tölegli esasda amala aşyrylyp bilner. Eger şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, onda täjirçilik syryny düzýän habar berlen şahs (şahslar) ony üçünji şahsa (şahslara) jar etmek hukugy bolmazdan peýdalanyp biler.
4. Täjirçilik syryny düzýän habar eminliklere, şeýle hem seljeriş ýa-da deslapky derňewi amala aşyrýan edaralara we şahslara Türkmenistanyň jenaýat-iş ýörediş, raýat-iş ýörediş ýa-da araçylyk iş ýörediş kanunlarynda bellenilen tertipde berilýär.
5. Kärhanalar, guramalar, edaralar we ýekebara telekeçiler ätiýaçlandyryş guramalarynyň talaplary boýunça täjirçilik syryny düzýän habary ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly habar bermäge borçludyrlar.
12 madda. Täjirçilik syryny düzýän habara ygtyýary bolan şahslara esasy talaplar
1. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wezipeli şahslary we işgärleri, öň olaryň ýolbaşçylary ýa-da işgärleri bolan şahslar, şeýle hem olara hyzmatlar (işler) bitirýän ýa-da öň bitiren şahslar we guramalar özlerine ynanylan ýa-da öz işi bilen baglanyşykly mälim bolan täjirçilik syryny jar etmäge, şeýle hem ony şahsy bähbitlerine ýa-da üçünji şahsyň (şahslaryň) bähbitlerine ulanmaga, ony saklamak tertibini bozmak netijesinde rugsat bermek, päsgel bermezlik ýa-da şeýle habary peýdalanmaga mümkinçilik bermek arkaly üçünji şahsa (şahslara) göni ýa-da gytaklaýyn şeýle mümkinçiligi bermäge haky ýokdur.
2. Şu maddanyň 1 böleginiň düzgünleri ýekebara telekeçä we, şonuň ýaly-da onuň bilen zähmet ýa-da gaýry şertnamalaryny (kontraktlaryny) baglaşan şahslara hem degişlidir.
III BAP. TÄJIRÇILIK SYRYNY DÜZÝÄN HABARY GORAMAK
13 madda. Täjirçilik syryny düzýän habary goramagyň esasy maksatlary
Täjirçilik syryny düzýän habary goramagyň esasy maksatlary şulardyr:
jismi şahslaryň we düzgünnamaly şahslaryň täjirçilik syryny düzýän habary peýdalanmaga bolan hukuklaryny we onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saklanylmagyny üpjün etmek;
şeýle habaryň ýaýramagynyň, ogurlanmagynyň, ýitirilmeginiň, ýoýulmagynyň, galplaşdyrylmagynyň öňüni almak;
täjirçilik syryny düzýän habary ýok etmek, şekilini kysmylaşdyrmak, ýoýmak, göçürmek, toplamak boýunça rugsat berilmedik hereketleriň, beýleki bikanun hereketleriň öňüni almak.
14 madda. Täjirçilik syrynyň goragyny üpjün etmek
1. Kärhanalar, guramalar, edaralar, hususy telekeçiler täjirçilik syryny düzýän habaryň saklanylyşyny üpjün etmek üçin degişli tehniki we guramaçylyk çärelerini görmäge borçludyrlar.
2. Kärhanalarda, guramalarda we edaralarda täjirçilik syrynyň goragyny üpjün etmek üçin degişli gulluklar döredilip bilner, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary düzgünnamalarda, gözükdirmelerde ýa-da buýruklarda görkezilýär.
3. Döwlet täjirçilik syrynyň goragyny we saklanylyşyny üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilmegine ýardam edýär.
4. Hukuk goraýjy edaralar, hökümet aragatnaşygy we habar edaralary, eger bu olaryň işiniň wezipelerine we ýörelgelerine garşy gelmese, tehniki serişdeleriň kömegi bilen täjirçilik syryny goramak boýunça çäreleri işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde kärhanalara, guramalara, edaralara şertnamalaýyn esasda ýardam etmäge hukuklydyrlar.
15 madda. Täjirçilik syryny düzýän habary goramagyň tertibi
1. Şu kanuna laýyklykda täjirçilik syryny düzýän habary goramagyň tertibi oňa hukuk taýdan eýelik ediji tarapyndan täjirçilik syryny goramak hakyndaky gözükdirmede kesgitlenilýär.
2. Täjirçilik syryny goramak hakyndaky gözükdirmede aşakdakylar bolmalydyr:
täjirçilik syryny düzýän habaryň düzümi we möçberi;
täjirçilik syryny düzýän habaryň ýörite belligini dakmagyň we aýyrmagyň tertibi;
şahsyň (şahslaryň) täjirçilik syryny düzýän habara bolan ygtyýarynyň şertleri;
resminamalary we beýleki habar göterijileri, maglumatlary, täjirçilik syryny düzýän önümleri peýdalanmagyň, hasaba almagyň, saklamagyň we şolara nyşan goýmagyň tertibi;
täjirçilik syryny düzýän habary alýan şahslary hasaba almagyň görnüşi;
täjirçilik syryny düzýän habaryň dogry peýdalanylyşyna gözegçiligi guramagyň görnüşi;
haýsydyr bir bilelikdäki hereketleri geçirmek hakyndaky şertnamalar (kontraktlar) baglaşylanda ony saklamak boýunça taraplaryň özara borçnamalary kabul etmeginiň tertibi.
16 madda. Şertnamalaýyn gatnaşyklar amala aşyrylanda täjirçilik syryny goramak
Кärhanalar, guramalar, edaralar, ýekebara telekeçiler tarapyndan söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, walýuta-maliýe we beýleki gatnaşyklar, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar amala aşyrylanda ylalaşýan taraplar täjirçilik syryny düzýän habaryň häsiýetini, düzümini, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň saklanylyşyny üpjün etmek boýunça özara borçnamalary ýörite belläp bilerler.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
17 madda. Täjirçilik syry hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Täjirçilik syryny düzýän habary peýdalanmagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň we goramagyň şu kanun ýa-da hukuk eýesi tarapyndan bellenilen tertibini bozýan kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wezipeli şahslary, işgärleri, beýleki jismi şahslar we edara görnüşli taraplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçiligi çekýärler.
18 madda. Halkara şertnamalary
Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu kanundaka garanda başgaça kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2000-nji ýylyň 19-njy dekabry
№ 53-II