TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1998 ý., № 3, 53-nji madda)
(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we
goşmaçalar bilen)
Şu Kanun aw -awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanyn haýwanat dünýäsini awlamaga degişli edilen obýektlerini goramaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER
1 madda. Türkmenistanyň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlary
Türkmenistanyň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlary şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlaryndan ybaratdyr.
Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistanyň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlarynda göz öňünde tutulanyndan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň normalary ulanylýar.
2 madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu esasy düşünjeler ulanylýar:
döwletiň aw fondy (awlanylýan haýwanlar) - haýwanat dünýäsiniň obýektleri (ýabany haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanlar) Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen tertipde awlamaga degişli edilen görnüşleri;
aw gurallary - ok atýan we sowuk aw ýaragy, ýabany haýwanlary awlamak üçin ulanylýan, bellenilen tertipde ygtyýar edilen beýleki serişdeler;
aw önümleri - aw awlamagyň barşynda ele salnan awlanylýan haýwanlar, şeýle hem olardan alnan et, deriler, şahlar, toýnaklar, iç goşlary we göwresiniň beýleki bölekleri;
awlagdan peýdalanyjy - özüne berkidilen awlaklarda awlanylýan haýwanlardan peýdalanmaga hukuk alnan ýuridiki we fiziki şahs;
awçy - Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen tertipde aw awlamaga hukuk berlen Türkmenistanyň graždany, daşary ýurt döwletiň graždany ýa bolmasa graždanlygy bolmadyk şahs;
aw awlamak kadalary - Türkmenistanyň döwlet organlary tarapyndan aw awlamagyň möhletlerini, gurallaryny, usullaryny, tertibini we beýleki şertlerini belleýän normatiw hukuk aktlarynyň jemidir;
awlanylýan haýwanlaryň gymmatly görnüşleri – awlanylýan haýwanlaryň diňe belli bir şahsyň adyna Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnamalar bar mahaly awlap almaga rugsat berilýän görnüşleri;
belli bir şahsyň adyna berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnama – aw awlamagyň ýeri we möhleti görkezilip, awlanylýan haýwanyň degişli görnüşiniň birini tebigy ýaşaýan ýerinden bir gezek awlap almak üçin Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde berilýän ýörite rugsatnama;
putewka - awlakdan peýdalanyjylar tarapyndan awça (awçylara ýazylan belli bir awlaklarda aw awlamaga hukuk berlendigi barada bellenilen tertipde berilýän ýörite rugsatnama.
II BÖLÜM. AW AWLAMAK WE AW HOJALYGYNY ÝÖRETMEK BABATDA DOLANDYRYŞ
3 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda döwlet dolandyryşy organlary
Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary we döwlet dolandyryşynyň munuň üçin ýörite ygtyýarly edilen organlary aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet dolandyryşy organlary bolup durýarlar.
4 madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky ygtyýarlyklary
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň garamagyna şular degişlidir:
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny ýöretmek;
döwletiň aw fonduny goramak, rejeli peýdalanmak we aw hojalygyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny tassyklamak;
döwlet dolandyryşy organlarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky işini utgaşdyrmak hem oňa kontrollyk etmek;
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatyny düzgünleşdirmegi amala aşyrýan we oňa kontrollyk (gözegçilik) edýän döwlet organlarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýörite maliýe çeşmelerini döretmegiň hem peýdalanmagyň tertibini bellemek;
döwletiň aw fonduny döwlet tarapyndan hasaba almagy, döwlet kadastryny we döwlet monitoringini ýöretmegiň ýeke-täk tertibini kesgitlemek;
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda döwlet standartlaryny, kadalaryny, çäklendirmelerini we normatiwlerini, şeýle hem döwletiň aw fondundan peýdalanmak üçin töleg almagyň tertibini bellemek;
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda beýleki meseleleri düzgünleşdirmek.
5 madda. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ygtyýarlyklary
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň garamagyna şular degişlidir:
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
döwletiň aw fonduny goramak, rejeli peýdalanmak we aw hojalygyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek;
döwletiň aw fonduna degişli edilen ýabany haýwanlaryň görnüşleriniň sanawlaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak;
aw awlamagy guramak, döwletiň aw fonduny goramak we rejeli peýdanmak hem-de aw hojalygyny ýöretmek boýunça wedomstwolaýyn normatiw aktlary işläp taýýarlamak we tassyklamak;
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda tebigaty goraýjy kanunlaryň berjaý edilişine döwlet kontrollygyny amala aşyrmak;
hojalyk ýörediji subýektlere Türkmenistanyň territoriýasynda awlaklaryň degişli çäklerinde aw hojalygyny ýöretmäge hukuk bermek;
awlaglardan peýdalanyjylara şolary berkitmek hakyndaky teklipleri bellenilen tertipde taýýarlamak, aw haýwanlaryny we aw ýerlerini kesgitlemek, aw möwsüminiň möhletlerini bellemek;
aw haýwanlaryndan peýdalanmak üçin bellenilen möçberini kesgitlemek hem-de rugsatnamalary bellenilen tertipde bermek;
döwletiň aw fonduny goramak we rejeli peýdalanmak babatda ylmy barlaglary guramak;
Türkmenistanyň kanunlary bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.
6 madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň ygtyýarlyklary
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň garamagyna şular degişlidir:
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky döwlet syýasatyny degişli territoriýalarda durmuşa geçirmek;
döwletiň aw fonduny goramak, rejeli peýdalanmak we aw hojalygyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam etmek hem-de territorial maksatnamalary işläp taýýarlamak;
eýeçiliginiň görnüşlerine we kime tabyndygyna garamazdan, degişli territoriýalarda hojalyk ýörediji subýektleriň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky işini utgaşdyrmak hem-de oňa gözegçilik etmek;
awlaglardan peýdalanyjylara awlaglary berkitmek hakynda çözgütleri kabul etmek;
jemgyýetçilik birleşikleriniň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky işine ýardam etmek.
7 madda. Aw awlamagy we aw hojalygyny ýöretmegi guramakda jemgyýetçilik birleşikleriniň roly
Jemgyýetçilik birleşikleri öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet aw fonduny goramak we rejeli peýdalanmak boýunça çäreleri amala aşyrmakda, aw awlamagy we aw hojalygyny ýöretmegi guramak işinde döwlet dolandyryşy organlaryna öz ustawlaryna, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlaryna laýyklykda ýardam berýärler.
Türkmenistanda awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň işini utgaşdyrmak üçin awlaglardan esasy peýdalanyjy bolup durýan Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşigi (soýuzy) döredilýär.
III BÖLÜM. DÖWLETIŇ AW FONDY WE AWLAGLAR
8 madda. Döwletiň aw fondundan peýdalanmagyň tertibi
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda Türkmenistanyň hereket edýän kanunlary bilen bellenilen tertipde döwletiň aw fondundan peýdalanmaga ýol berilýär.
9 madda. Döwletiň aw fondundan peýdalanmagyň esasy ýörelgeleri
Döwletiň aw fondundan peýdalanylan mahaly eýeçiligiň görnüşlerine we kime tabynlygyna garamazdan kärhanalar, edaralar hem-de guramalar, awçylar we balykçylar jemgyýetleri, daşary ýurt ýuridiki şahslar, şeýle hem Türkmenistanyň graždanlary we Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşaýan ýa-da bolýan beýleki şahslar şu esasy ýörelgeleri goldanmalydyr:
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlaryň talaplaryny berjaý etmek, olaryň bozulandygy üçin jogapkärçiligiň gutulgysyzdygy;
aw haýwanlarynyň tebigy erkinlik ýagdaýynda dürli-dürlülik görnüşlerini saklamak;
aw haýwanlarynyň mesgen tutan ýerlerini, köpelýän ýerlerini we göçýän ýollaryny hem-de olaryň jemlenýän beýleki ýerlerini goramak;
döwletiň aw fonduny haýwanlaryň populýasiýalarynyň sanyny,olaryň üznüksiz köpeldilmeginiň hojalyk we beýleki jähtden maksadalaýykdygyny we üznüksiz köpeltmek şertleriniň goralyp saklanylmagyny nazara almak bilen rejeli peýdalanmak.
10 madda. Döwletiň aw fondundan peýdalanmagyň görnüşleri we tertibi
Türkmenistanda döwletiň aw fondundan peýdalanmagyň şu görnüşleri amala aşyrylyp bilner:
aw awlamak (höwesjeň, güzeran çeşmesi hökmünde);
döwletiň aw fonduny ylmy, medeni aň-bilim we hojalyk maksatlary üçin peýdalanmak.
Aw awlamagyň tertibi Türkmenistanda aw awlamagyň Kadalary bilen bellenilýär.
Döwletiň aw fonduny hojalyk, ylmy, medeni aň-bilim, terbiýeçilik, dikeldiş we estetik maksatlar bilen peýdalanmak Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Awlaglaryň territoriýasynda haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň beýleki görnüşlerine (awlamaga degişli bolmadyk haýwanlary ele salmak, haýwanlaryň peýdaly sypatlaryny ulanmak we olardan önýän önümleri almak hem-de beýlekiler) bellenilen tertipde Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan berilýän ýörite rugsatnamalar boýunça ýol berilýär.
11 madda. Awlaglar
Ýabany haýwanlaryň we guşlaryň ýaşaýan ýerleri bolan hem-de aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek üçin peýdalanylyp bilinjek ähli ýerler we tokaýlar, dag giňişlikleri, derýalaryň çaýlymlary, deňziň, howdanlaryň, suw howdanlarynyň akwatoriýalary awlaglar diýlip ykrar edilýär.
12 madda. Awlaglaryň klassifikasiýasy
Awlaglar şu aşakdakylara bölünýär, ýagny:
kärhanalara, edaralara, guramalara we jemgyýetçilik birleşiklerine berkidilen awlaglar;
umumylykda peýdalanylýan awlaglar (ätiýaçlyk zona);
awlanylýan haýwanlaryň ähli ýa-da aýry-aýry görnüşlerini awlamak belli bir möhlet üçin gadagan edilen döwlet ýa-da ýerli ähmiýetli zakaznikler;
ulanylýan kanunlara laýyklykda aw awlamak gadagan edilen ýerler (gorughanalar, gorughanalaryň goralýan zonalary, graždanlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerine ýanaşyk şäherleriň we ilatly ýerleriň töweregindäki bag-bakjaly zonalar), hökmünde tapawutlandyrylýar.
13 madda. Awlaglardan peýdalanyjylara awlaglary berkitmek
Awlaglary aw hojalygyny ýöretmek üçin awlaglardan peýdalanyjylara berkitmek Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.
IV BÖLÜM. AW AWLAMAK
14 madda. Aw awlamak diýen düşünje
Döwletiň aw fonduna bellenilen tertipde degişli edilen ýabany haýwanlaryň, guşlaryň we suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň ele salmak maksady bilen agtarylmagy, olaryň yzarlanylmagy we ele salynmagynyň özi (tutulmagy, atylmagy) aw awlamak diýlip ykrar edilýär.
Şahslaryň awlaglaryň çäklerinde (umumylykda peýdalanylýan ýollaryň çyzygyndan daşarda) tüpeňler, ele salmagyň ýaraglary, aw itleri, aw guşlary bilen, şeýle hem ele salnan aw önümi bilen bolmagy aw awlamak bilen deňleşdirilýär.
Eger haýwanlary we guşlary tebigy ýaşaýan ýerlerine goýbermek nähilidir bir sebäpler bilen mümkin bolmasa, olary heläkçilikli ýagdaýdan halas etmek hem-de öý şertlerinde wagtlaýyn saklamak aw awlamak diýlip hasap edilmeýär.
Gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi ok atýan ýaragy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralary tarapyndan berlen degişli ygtyýarnama bar mahaly ýanynda götermek bilen baglanyşykly bolan wezipeli şahslaryň awlaglarda ýany ok atýan ýaragly bolmagyna aw awlamagyň möhletine garamazdan ygtyýar berilýär. Şol şahslaryň aw awlamagyna umumy esaslarda ygtyýar berilýär.
15 madda. Aw awlamagyň görnüşleri
Türkmenistanda höwesjeň awçylyk hem-de güzeran maksatly awçylyk amala aşyrylýar.
Dynç almak höwesjeň awçylaryň maksady bolanda, şeýle awçylaryň aw önümine bolan şahsy talabyny kanagatlandyrmak maksady bilen geçirilen aw awlamak höwesjeň awçylyk diýlip ykrar edilýär.
Hojalyk babatda peýdaly önüm almak maksadyna eýerip, taýýarlaýyş guramalary bilen aw önümini taýýarlamak baradaky baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen aw awlamak güzeran maksady bilen aw awlamak diýlip ykrar edilýär.
Aw haýwanlarynyň gymmat bahaly görnüşleriniň awlanylmagyna diňe Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan berilýän tölegli sport rugsatnamalary (höwesjeň awçylyk) hem-de awçylyk üçin berilýän harytlyk (güzeran maksatly) rugsatnamalary boýunça ýol berilýär.
16 madda. Aw awlamak hukugy
Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalary bolup durýan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurtly raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar aw awlamak hukugyndan peýdalanýarlar, olar döwlet pajyny wagtynda töläp, Türkmenistanyň awlaklarynda aw awlamak üçin rugsatnama almalydyr.
Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalygyna kabul etmegiň tertibi şol jemgyýetiň Ustawy bilen kesgitlenilýär.
17 madda. Aw awlamak hukugyny bermegiň tertibi
Şular höwesjeň awçylyk hukugy üçin şaýatnama bolup hyzmat edýär:
a) awçylyk minimumynyň tabşyrylandygy hakynda bellikler goýlan, Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan berilýän awçylyk bileti;
b) öz adyna berkidilen awlaglarda aw awlamak üçin Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan berlen putýowka (rugsatnama);
w) aw haýwanlarynyň gymmat bahaly görnüşleri awlanylan mahaly bellenilen tertipde Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan bir şahsyň adyna berlen tölegli bir gezeklik rugsatnama.
Şular güzeran maksatly aw awlamak hukugy üçin şaýatnama bolup hyzmat edýär:
a) awçylyk minimumyny tabşyrandygy hakynda we döwlet pajynyň tölenilendigi barada bellikler edilen awçylyk bileti;
b) aw önümlerini ibermek hakynda taýýarlaýyş guramasy bilen baglaşylan şertnama;
w) aw haýwanlarynyň gymmat bahaly görnüşleri awlanylan mahaly bellenilen tertipde Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan belli bir şahsyň adyna berlen tölegli bir gezeklik rugsatnama.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň organlarynyň aw ýaragyny saklamak we ýanynda götermek hukugy üçin beren rugsatnamasy Türkmenistanyň graždanlarynyň hem-de aw ýaragyny Türkmenistana getirmek we ondan alyp gitmek hukugy üçin beren rugsatnamasy daşary ýurt graždanlarynyň aw awlamak hukugyna güwä geçýän goşmaça dokument bolup durýar.
Awlaglary peýdalanyjylara berkidilen ýerlerde aw awlamaga şol awlaglary peýdalanyjylar tarapyndan berlen rugsatnamalar boýunça ýol berilýär.
18 madda. Aw awlamagyň gurallary
Ok atýan we sowuk aw ýaragy, gapanlar, çirtmekler, aw itleri, el guşlar hem-de aw haýwanlaryny ele salmak maksady bilen agtarmak, çagyrmak, yzarlamak üçin hem-de ele salmagyň (atmagyň, tutmagyň) özi üçin ýörite niýetlenilen we gös-göni peýdalanylýan aw awlaýyş gurallary we enjamlar aw awlamagyň gurallaryna degişlidir.
19 madda. Aw tüpeňini we ok-därileri satyn almagyň hem-de ýerlemegiň tertibi
Aw tüpeňini we onuň üçin ok-därileri satyn almagyň we ýerlemegiň şeýle hem olary Türkmenistana getirmegiň we onuň çäklerinden daşyna alyp gitmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilýär.
20 madda. Aw itleri bilen aw awlamak. Itleri türgenleşdirmek
Aw haýwanlaryny agtarmak, yzarlamak we ele salmak üçin aw itlerini peýdalanmaga rugsat berilýär.
Awlaglarda awçy bilen bilelikde bolýan itleriň ählisi onuň awçylyk biletine ýazylan bolmalydyr hem-de olaryň weterinariýa gözegçiligi organlarynda bellige alnandygy hakynda şahadatnama bolmalydyr.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan bellenilen aw möhletlerinde aw awlamak üçin açyk bolan awlaglaryň ählisinde aw itleri bilen aw awlamaga, olary türgenleşdirmäge ygtyýar berilýär.
Aw itlerini aw möhletlerinden başga wagtda ýörite bellenilen awlaklarda ýa-da awlaklaryň ýörite bellenilen ýerlerinde awlaklardan peýdalanyjylar tarapyndan berlen ýörite rugsatnamalar (putýowkalar) boýunça türgenleşdirmäge we kowgy öwretmäge ygtyýar berilýär.
Öz itleri tarapyndan aw kadalary bozulan halatynda itleriň eýeleri döwletiň aw fonduna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýärler.
21 madda. Elguşlar bilen aw awlamak
Türkmenistanda aw awlanylan mahaly, elguşlary peýdalanmaga ýol berilýär.
Elguşlar bilen aw awlamaga 1 oktýabrdan 1 fewrala çenli döwürde ygtyýar berilýär.
Ygtyýar edilen möhletlerde elguşlar bilen aw awlanylan mahaly awyň mukdary babatdaky çäklendirmeler hem-de aw awlamak gadagan edilen günler bellenilmeýär.
Ýabany elguşlary tutmaga we kapasada saklamaga, olary Türkmenistana getirmäge we Türkmenistanyň çäklerinden daşyna alyp gitmäge Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan berlen rugsatnamalar boýunça ýol berilýär.
Ozal getirilen elguşlar Türkmenistandan alnyp gidilen mahaly olaryň sany ilkibaşdaky sanyndan köp bolmaly däldir. Aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň organlary elguşlary belgilemek usulyny peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilmäge degişli edilen görnüşli elguşlary satyn almaga, satmaga, çalyşmaga we sowgat bermäge ýol berilmeýär.
22 madda. Bikanun aw awlamak (brakonýerçilik)
Şular bikanun aw awlamak (brakonýerçilik) diýlip hasap edilýär:
aw haýwanlarynyň ele salynmagy gadagan edilen görnüşleriniň awlanylmagy;
haýwanyň belli bir görnüşine aw awlamagyň bellenilen möhletlerinden başga wagt awlanylmagy;
aw awlamak gadagan edilen ýerlerde (gorughanalarda, gorughanalaryň goralýan zonalarynda, zakazniklerde, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töweregindäki bag-bakjaly ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerine ýanaşyk zonalarda) aw awlanylmagy;
aw haýwanlarynyň gymmat bahaly görnüşleriniň Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ýörite rugsatnamasy bolmazdan awlanylmagy;
awlanylýan haýwanlaryň aw kadalary bilen bellenilen ölçeglerinden artyk ele salynmagy, aw awlamagyň gadagan edilen gurallaryny we usullaryny (özi atylýan tüpeňleri we ýaýlary gurap goýmak, garymlary gazmak, özi döwülýän syrtmaklary goýmak, partlaýjy maddalary, zäherlenen imrindiriji azyk önümlerini, duzaklary, awyly himikatlary, beýhuş ediji preparatlary hem-de beýleki serişdeleri ulanmak bilen aw awlamak, harby nusgadaky hyrly ýaragy, elde ýasalan hyrly niller soň oturdylan kiçi kalibrli we pnewmatik ýaraglary, nili 50 santimetrden gysga bolan hyrsyz ýaragy we gundagy kesilen ýaragy ulanmak bilen aw awlamak;
balyklaryň, samyrlaryň we gunduzlaryň ähli görnüşlerini ok atýan ýarag ulanyp ele salmak;
hereket etmegiň mehanizmleşdirilen serişdelerini: wertoletlary, katerleri we motorly gaýyklary, awtomototransport serişdelerini ulanmak bilen aw awlamak (Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalar boýunça ýyrtyjy haýwanlaryň awlanylmagy muňa girmeýär);
ýiti yşykly çyralary, reflektorlary we beýleki yşyklandyryjy enjamlary, şeýle hem gije görmek üçin ulanylýan enjamlary ulanmak bilen aw awlamak (aw tüpeňlerinde oturdylan we awçylyk biletinde bellige alnan yşyklandyryjy enjamlary ulanmak bilen gije ýekegapany we oklukirpini awlamak muňa girmeýär);
aw haýwanlaryny olar suw howdanlaryndan geçýän mahaly ele salmak;
betbagtçylykly we mejalsyz ýagdaýda bolan (tupandan, ýangyndan, gar syrgynyndan, suw joşmagyndan, iýmsizlikden, doňaklykdan halas bolmaga synanyşýan) aw haýwanlaryny ele salmak, şeýle hem ganatlanmadyk jüýjeleri we perini täzeleýän guşlary awlamak;
Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginde bellenilen tertipde bellige alynmadyk aw itleri we elguşlar bilen aw awlamak;
haýwanlaryň suwa inýän ýerlerinde bukudan (bukuda oturylýan ýerden) aw awlamak hem-de galkanlara gizlenip aw awlamak;
göze görünmeýän ýa-da äşgär görünmeýän nyşana tarap ok atmak, dürli seslere we şygyrdylara tarap ok atmak, jeňňelliklerde 2 metrden aşakdaky nyşanany atmak, 50 metrden uzakda bolan guşlary hyrsyz tüpeňlerden atmak, tüpeňi serhoş ýagdaýda peýdalanmak.
23 madda. Aw önümleri we olary peýdalanmagyň tertibi
Aw haýwanlary we olary gaýtadan işlemek netijesinde alynýan sütükler, deriler, şahlar, toýnaklar, et, şeýle hem aw haýwanlaryndan alynýan önümler we aw awlamagyň barşynda ele salnan beýleki aw oljalary aw önümlerine degişlidir.
Höwesjeň awçylygyň barşynda ele salnan aw önümleri awçynyň eýeçiligi bolup durýar, onuň özi tarapyndan peýdalanylýar ýa bolmasa Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen tertipde ýerlemek üçin şertnamalaýyn nyrhlar boýunça onuň özi tarapyndan taýýarlaýyş ýa-da söwda guramalaryna tabşyrylyp bilner. Güzeran maksatly awçylygyň önümleri bellenilen tertipde taýýarlaýyş guramalaryna hökmany suratda tabşyrylmaga degişlidir.
Şikes ýetmegi, tebigy betbagtçylyklar ýa-da beýleki sebäpler netijesinde ölen ýabany haýwanlary we guşlary gaýtadan işlemek netijesinde alnan önümler bellenilen tertipde taýýarlaýyş guramalaryna ýa-da Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýöriteleşdirilen magazinlerine tabşyrylmaga degişlidir. Görkezilen önümi döwlet weterinariýa gullugynyň edaralarynyň gelen netijesine laýyklykda, ulanmaga mümkin bolmadyk halatda, şol önüm ýok edilmäge degişlidir.
Aw oljalaryny (şahlary, kelleçanaklary, toýnaklary, derileri haýwanlaryň gäplerini) Türkmenistana getirmek we Türkmenistanyň çäklerinden alyp gitmek döwlet weterinariýa gullugynyň organlary bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň beren ygtyýarnamalary boýunça amala aşyrylýar.
24 madda. Bikanun aw awlamagyň önümleri
Şular bikanun aw awlamagyň önumleri diýlip ykrar edilýär:
a) aw awlamagyň rugsat edilmeýän usullary bilen, aw awlamak gadagan edilen möhletlerde ýa-da gadagan edilen ýerlerde ele salnan aw haýwanlarynyň sütükleri, derileri, eti, aw oljalary we aw awlamagyň beýleki önümleri;
b) awçylyk bileti, aw haýwanlaryny ele salmak hukugy üçin ýol haty ýa-da rugsatnamalary bolmadyk şahslar tarapyndan ele salnan her dürli aw önümleri;
w) ele salynmagy gadagan edilen ýa-da bellenilen ölçeglerden artyk ele salnan haýwanlaryň sütügi, derileri, eti aw oljalary we beýleki aw önümleri.
Ýabany saýrak guşlaryň we aw awlamagyň beýleki önümleriniň bazarda satylmagyna, ýabany haýwanlaryň sütügini ýa-da derisini gaýtadan işlemek, satyn almak, şeýle hem sütükli haýwanlaryň taýýarlaýyş ýa-da söwda guramalaryna hökmany suratla tabşyrmaga degişli bolan gymmat bahaly görnüşleriniň işlenilmedik ýa-da işlenilen, ýöne taýýarlaýjy guramalaryň tagmasy (ştampy) basylmadyk derileriniň satylmagyna, satyn alynmagyna, çalşylmagyna we gaýtadan işlenilmegine ýol berilmeýär.
25 madda. Bikanun ele salnan aw önümlerini peýdalanmak
Bikanun ele salnan aw önümleri Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenilen tertipde elinden alynmaga we konfiskasiýalanmaga degişlidir.
Bikanun ele salnan aw önümlerini elinden almak mümkin däl bolan mahaly (kanunlary bozujylar olary peýdalananda ýa-da ýerlände ýa bolmasa önümler zaýalananda) şol önümiň bahasyny Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenilen tertipde töletdirmek meselesi goýulýar.
26 madda. Haýwanlaryň taksidermiýasy (gäplerini ýasamak) Taksidermik önümleri ýerlemegiň tertibi
Bellenilen tertipde ele salnan islendik haýwanlardan awçylar taksidermik önümleri özbaşdak ýa-da ýöriteleşdirilen sehleriň ýa bolmasa ussahanalaryň üsti bilen ýasap biler. Öli ýagdaýda tapylan haýwanlardan taksidermik önümler diňe döwlet weterinariýa gullugynyň edaralary oňyn netije çykaranyndan soň ýasalyp bilner.
Aw haýwanlaryndan taksidermik önümleri ýasamak isleýän şahslar bellenilen tertipde Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginde bellige alynmalydyr.
Seýrek we ýitip barýan görnüşlere degişli edilen aw haýwanlaryndan taksidermik önümleri ýasamaga Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan berlen ýörite rugsatnamalar boýunça ýol berilýär. Şol haýwanlaryň gäpleriniň söwdasyna ýol berilmeýär.
27 madda. Aw awlamagyň möhletleri
Aw awlamagyň möhletleri munuň üçin ýörite ygtyýarly edilen beýleki döwlet organlary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan bellenilýär.
28 madda. Aw haýwanlaryny ele salmagyň ölçegleri
Aw haýwanlaryny ele salmagyň ölçegleri Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan bellenilýär.
V BÖLÜM. AW HOJALYGY
29 madda. Aw hojalygynyň wezipeleri
Aw hojalygynyň esasy wezipeleri döwletiň aw fonduny goramakdan, gaýtadan üznüksiz öndürmekden we rejeli peýdalanmakdan, döwletiň hem-de ilatyň aw önümlerine bolan hajatlaryny üpjün etmekden, şeýle hem aw haýwanlarynyň ýaşaýan şertlerini aw hojalygyny ýöretmegiň ylmy taýdan esaslandyrylýan ýörelgelerde goramakdan ybaratdyr.
30 madda. Aw hojalygyny ýöretmegiň ýörelgeleri
Aw hojalygyny ýöredýän kärhanalar, edaralar, guramalar we jemgyýetçilik birleşikleri şu esasy ýörelgeleri goldanmaga borçludyr:
awlanylýan haýwanlary goramak we rejeli peýdalanmak bähbitlerini aw awlamak bähbitlerinden ileri tutmak;
döwletiň aw fonduny rejeli peýdalanmagy üpjün edýän ekologik, ykdysady, ylmy, medeni, estetik bähbitleri ylmy esasda utgaşdyrmak;
tebigaty goraýjy kanunlaryň talaplaryny berjaý etmek we öz bähbitlerini ýerden, tokaýdan, suwdan we beýleki tebigy serişdelerden peýdalanyjylaryň bähbitleri bilen utgaşdyrmak;
işde aýanlyk hem-de döwletiň aw fonduny goramak we rejeli peýdalanmak wezipelerini çözmekde jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen ysnyşykly aragatnaşyklary üpjün etmek;
aw awlamagyň milli görnüşlerini saklap galmak hem-de aw awlamagyň we aw hojalygyny ýöretmegiň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak;
döwletiň aw fonduny goramak we rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.
31 madda. Aw hojalygyny ýöretmek hukugy
Ýuridiki we fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň territoriýasynda awlaklaryň degişli serhetlerinde aw hojalygyny ýöretmek hukugy Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan berilýär.
Şertnamalaýyn şertleri ýerine ýetiren ýuridiki we fiziki şahslar şertnamada bellenilen möhlet tamamlanandan soň, aw hojalygyny ýöretmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýarlar.
32 madda. Aw hojalygyny ýöretmek hukugynyň ýatyrylmagy
Aw hojalygyny ýöretmek hukugy şu halatlarda ýatyrylýar, ýagny:
kärhanalar, edaralar, guramalar we jemgyýetçilik birleşikleri aw hojalygyny ýöretmekden meýletin boýun gaçyranda;
şertnamada bellenilen möhlet tamamlananda;
aw hojalygy öz ähmiýetini ýitirende;
aw hojalygyny ýöretmek hukugy özüne berlen ýuridiki, şahslaryň işi bes edilende;
aw hojalygyny ýöretmegiň talaplary we ölçegleri haýwanat dünýäsiniň haýwanlarynyň sanynyň azalmagyna getirýän şekilde bozulanda;
awlaglardan peýdalanyjylar şertnamanyň şertlerini bozan halatynda.
33 madda. Aw hojalygyny peýdalanmagyň möhletleri
Awlaglarda aw hojalygyny ýöretmek hukugy kärhanalara, edaralara, guramalara we jemgyýetçilik birleşiklerine degişli şertnamalar we rugsatnamalar bilen kesgitlenen möhlet üçin berilýär.
34 madda. Awlaglardan peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary
Awlaglardan peýdalanyjylaryň ýerden esasy peýdalanyjy bilen ylalaşyp, awlaklarda zerur jaýlary gurmaga, iýmlik we gorag ösümliklerini ekmäge hem-de aw hojalygyny ýöretmek üçin zerur bolan beýleki çäreleri amala aşyrmaga hukugy bardyr.
Awlaglardan peýdalanyjylar özlerine berkidilen awlaglaryň territoriýasynda şulary amala aşyrmaga borçludyrlar:
aw awlamagyň bellenilen tertibini we möhletlerini, şeýle hem aw hojalygyny ýöretmegiň kadalaryny we ölçeglerini berjaý etmäge ;
döwletiň aw fonduny tebigy toparlaryň bütewiliginiň bozulmagyna ýol bermeýän hem-de peýdalanmaga berilmedik haýwanlaryň goralyp saklanylmagyny üpjün edýän usullar bilen peýdalanmaga;
döwletiň aw fonduny we beýleki haýwanlary goramagy, rejeli peýdalanmagy we üznüksiz öndürmegi üpjün etmäge;
haýwanlaryň ýaşaýan sredasynyň, köpelýän ýerleriniň we göçýän ýollarynyň bozulmagyna ýol bermezlige, berkidilen awlaglary goramak we olaryň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga;
haýwanlaryň sanyny hem-de peýdalanylýan haýwanlaryň ýagdaýyny hasaba almaga, ýabany haýwanlaryň görnüşleriniň köp dürlüligini gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmäge;
ilatyň saglygyny goramak hem-de halk hojalygyna zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen ýabany haýwanlaryň sanyny düzgünleşdirmäge;
aw awlanylýan döwürde awlaglarda graždanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge.
VI BÖLÜM. AW AWLAMAK WE AW HOJALYGYNY ÝÖRETMEK HAKYNDAKY KANUNLARYŇ BERJAÝ EDILIŞINE GÖZEGÇILIK
35 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary we döwlet dolandyryşynyň munuň üçin ýörite ygtyýarly edilen beýleki organlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýarlar.
Ýokarda görkezilen döwlet organlary aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmak üçin degişli wedomstwolaýyn gulluklary, jemgyýetçilik inspeksiýalaryny bellenilen tertipde çekip bilerler.
36 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine wedomstwolaýyn gözegçilik
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine wedomstwolaýyn gözegçiligi öz kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna awlaklar berkidilen degişli ministrlikler hem-de wedomstwolar amala aşyrýarlar.
Ministrlikler hem-de wedomstwolar wedomstwolaýyn gözegçiligi amala aşyran mahaly Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hem-de döwlet dolandyryşynyň munuň üçin ýörite ygtyýarly edilen beýleki organlarynyň çözgütlerini we gollanmalaryny goldanmaga borçludyrlar.
37 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligi
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşigi Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna we öz Ustawyna laýyklykda amala aşyrýar.
38 madda. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hem-de ýörite ygtyýarly edilen beýleki organlaryň wezipeli şahslarynyň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky hukuklary
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hem-de aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça ýörite ygtyýarly edilen beýleki organlaryň wezipeli şahslarynyň şulara hukugy bardyr;
a) aw awlaýan ýa-da aw awlamak bilen deňleşdirilýän hereketleri edýän şahslaryň aw awlamak üçin hukugyna güwä geçýän dökümentlerini barlamaga, aw tüpeňini, beýleki aw gurallaryny we aw önümlerini gözden geçirmäge;
b) hukuk düzgünlerini bozujylar hakynda protokollary düzmäge hem şeýle düzgün bozujylar hakynda hukuk goraýjy organlara habar bermäge;
w) saklanylan şahslaryň zatlaryny we hut özlerini gözden geçirmäge, awçylaryň suwda ýüzýän we ulag serişdelerini saklamaga hem-de gözden geçirmäge, ýaraglary, beýleki aw gurallaryny we aw önümlerini ,şol sanda olar daşalan mahaly, saklanylýan, gaýtadan işlenilýän we ýerlenilýän ýerlerinde barlamaga;
g) aw awlamak hukugy üçin dokumentleri, ýaragy we onuň üçin ok-därileri, beýleki aw gurallaryny ýa-da düzgüni bozmagyň guraly bolan zatlary, bikanun ele salnan aw önümlerini, suwda ýüzýän we transport serişdelerini, şeýle hem degişli dokumentleri bozujylaryň elinden alyp, olaryň elden alnandygyny bellenilen tertipde resmileşdirmäge.
39 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik edýän organlaryň wezipeli şahslarynyň strahowaniýesi
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik edýän Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hem-de ýörite ygtyýarly edilen beýleki organlaryň Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýan sanawy hökmany suratda strahowaniýe edilmäge degişlidir we olaryň şikes ýeten ýa-da ölen halatynda bellenilen tertipde zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
Hökmany strahowaniýäniň görnüşleri, şertleri we ony geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenilýär.
VII BÖLÜM. DÖWLETIŇ AW FONDUNYŇ OBÝEKTLERINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN HASABA ALYNMAGY, DÖWLET KADASTRY WE MONITORINGI
40 madda. Döwletiň aw fondunyň obýektleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy we döwlet kadastry
Döwletiň aw fondunyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy we döwlet kadastry haýwanat dünýäsiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagynyň we döwlet kadastrynyň çäklerinde geçirilýär.
Aw hojalygyny ýöredýän ministrlikler hem-de wedomstwolar döwletiň aw fonduny goramagy üpjün etmek we rejeli peýdalanmagy gurmak maksady bilen berkidilen awlaklarda aw haýwanlaryny her ýyl hasaba almaga hem-de alnan maglumatlary Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligine bermäge borçludyr.
41 madda. Döwletiň aw fondunyň monitoringi
Döwletiň aw fondunyň monitoringi döwletiň aw fondunyň ýagdaýyny we oňa degişli haýwanlaryň ýaşaýan şertlerini, olardaky üýtgeşmeleriň wagtynda üstüni açmak, olara baha bermek, olaryň öňüni almak hem-de ýaramaz hadysalaryň we olaryň zyýanly netijeleriniň öňüni almak hem-de olary düzetmek maksady bilen geçirilýän gözegçilik işleriniň sistemasyndan ybaratdyr.
Monitoringiň gurluşy, mazmuny we ony amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.
VIII BÖLÜM. AW AWLAMAGY WE AW HOJALYGYNY ÝÖRETMEGI YKDYSADY TAÝDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK
42 madda. Aw awlamagy we aw hojalygyny ýöretmegi ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň maksatlary hem-de wezipeleri
Aw awlamagy we aw hojalygyny ýöretmegi ykdysady taýdan düzgünleşdirmek işi döwletiň aw fonduny peýdalanyjylar bilen aw hojalygyny ýöredýän kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy we düzgünleşdirmegi, döwletiň aw fondundan peýdalanmak üçin tölegler sistemasyny emele getirmegi hem-de aw haýwanlaryny goramagyň, üznüksiz öndürmegiň we rejeli peýdalanmagyň durnukly ykdysady esasyny döretmegi, şeýle hem aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda döwletin bähbitlerini we awçylary ykdysady taýdan goramagy göz öňünde tutýar.
43 madda. Aw awlamagy we aw hojalygyny ýöretmegi ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň gurluşy
Aw awlamagy we aw hojalygyny ýöretmegi ykdysady taýdan düzgünleşdirmek şulary göz önünde tutýar:
döwletiň aw fondunyň obýektlerini hasaba almagy we olara baha bermegi;
aw haýwanlaryndan peýdalanmagyň çäk normalaryny, döwletiň aw fondundan peýdalanmak üçin tölegiň normatiwlerini we tölegleriň möçberlerini bellemegi;
aw haýwanlaryna, olaryň ýaşaýan şertlerine we göçýän ýollaryna ýetirilen zyýanyň bellenilen tertipde öweziniň dolunmagyny;
aw haýwanlaryny goramak we üznüksiz öndürmek boýunça çäreleriň býujetden maliýeleşdirilmegini;
ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky talap arzalary boýunça alynýan serişdeleri hem-de aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlaryň bozulmagy üçin jerimeleri, şeýle hem konfiskasiýalanylan aw gurallaryny we olaryň kömegi bilen bikanun ele salnan önümleri ýerlemekden alnan serişdeleriň belli bir maksat bilen peýdalanylmagyny;
graždanlaryň we ýuridiki şahslaryň meýletin wznoslaryny.
44 madda. Döwletiň aw fondundan peýdalanmak üçin tölegler
Eýeçiligiň görnüşlerine we kime tabynlygyna garamazdan kärhanalar,edaralar we guramalar, awçylar we balykçylar jemgyýetleri, daşary ýurtly ýuridiki we fiziki şahslar, şeýle hem Türkmenistanyň graždanlary we Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşaýan ýa-da bolýan beýleki şahslar döwletiň aw fondundan peýdadanmak üçin tölegleri Türkmenistanyň normatiw hukuk aktlary bilen bellenilen tertipde amala aşyrmalydyrlar.
Aw haýwanlaryndan peýdalanmak üçin tölegleriň tölenilmegi olardan peýdalanyjylary haýwanat dünýäsiniň obýektlerini we olaryň ýaşaýan şertlerini goramak boýunça çäreleri ýerine ýetirmekden, şeýle hem olara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan boşatmaýar.
45 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik edýän organlaryň ýörite serişdelerini emele getirmek
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi, aw awlamak hem-de aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik edýän beýleki döwlet organlary we jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenen tertipde ýörite maliýe çeşmelerini döretmäge we şolara bellenen maksat boýunça ygtyýar etmäge haklydyrlar.
Ýörite maliýe çeşmeleri alynmaga degişli däldir hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi, aw awlamaga we aw hojalygyny ýöretmäge gözegçilik edýän, beýleki döwlet organlary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan şu maksatlar üçin peýdalanylýar;
döwletiň aw fonduny goramak üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak;
döwletiň aw fonduny rejeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmek;
awlaglary, gorughanalaryň territoriýalaryny biologiýa-ykdysady taýdan barlamak hem-de biologik çeşmeleri üznüksiz öndürmek boýunça çäreleri geçirmek;
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlary bozujylary ýüze çykarmaga we saklamaga gatnaşýan şahslara baýrak bermek;
tebigaty goramagy wagyz etmek.
IX BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
46 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky kanunlaryň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlaryň bozulmalary şular hasaplanylýar, ýagny:
döwletiň aw fondundan bikanun peýdalanylmagy we awlanylýan önümleri bikanun peýdalanmak;
aw awlamak kadalaryny, haýwanlaryň ýaşaýan şertlerini we göçýän ýollaryny goramak kadalaryny bozmakda;
aw haýwanlaryny, olardan alnan önümleri, şeýle hem zoologik kolleksiýalary Türkmenistana getirmegiň we Türkmenistandan alyp gitmegiň bellenilen tertibini bozmakda;
aw haýwanlaryny zoologik kolleksiýalar we beýleki maksatlar üçin idinsiz göçürmekde, başga ýerlere uýgunlaşdyrmakda we bolýan tebigy şertlerinden aýyrmakda;
aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýan organlaryň wekillerine tabyn bolmazlyk;
aw awlamak we awçylyk hojalygyny ýöretmek baradaky Türkmenistanyň hereket edýän kanunlarynyň başga hili bozulmalary;
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky kanunlaryň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
47 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky kanunlaryň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak
Ýuridiki we fiziki şahslar aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek baradaky kanunlaryň bozulmagy bilen ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenilen möçberlerde we tertipde dolmaga borçludyrlar.
Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly çykdajy çekmegine sebäp bolan wezipeli şahslar we beýleki işgärler bellenilen tertipde maddy jogapkärçilik çekýärler.
48 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda geleşikleriň hakyky däldigi
Türkmenistanyň aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky kanunlary we beýleki normatiw hukuk aktlary bozulyp, amala aşyrylýan ähli geleşikler hakyky däldir.
49 madda. Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek meseleleri boýunça jedelleri çözmegiň tertibi
Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek meseleleri boýunça jedeller Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen tertipde çözülýär.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1998-nji ýylyň 15-nji sentýabry
№ 312-1