Tohumçylyk hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Tohumçylyk hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 2, 30-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 03.06.2017 ý. № 578-V we 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ösümlikleriň tohumlarynyň öndürilmegi, taýýarlanylmagy, gaýtadan işlenilmegi, saklanylmagy, ýerlenilmegi, daşalmagy we ulanylmagy, tohumçylyk ulgamynyň guralmagy we işlemegi, şeýle hem Türkmenistanda tohumçylyk babatdaky döwlet gözegçiligini amala aşyrmak  babatdaky işiň hukuk esaslaryny belleýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

tohumçylyk – tohumlaryň öndürilmegi, taýýarlanylmagy, gaýtadan işlenmegi, saklanmagy, ýerlenmegi, daşalmagy we ulanylmagy baradaky iş, şeýle hem sortluk we tohum gözegçiligi;

tohumlar – ösümlikleriň sortlarynyň üznüksiz öňdürilmegi üçin ulanylýan ösümlik bölekleri (kökleri, lukowisalary, miweleri, nahallary, tohumlaryň özleri, bitişip gögeren miweleri, çylşyrymly miweleriň bölekleri we başgalar);

tohumlaryň sortlulyk hilleri – tohumlaryň ösümlikleriň belli bir sortuna degişlidigini häsiýetlendirýän alamatlarynyň jemi;

tohumlaryň ekiş hilleri – tohumlaryň ekiş (oturtmak) üçin ýaramlydygyny häsiýetlendirýän alamatlarynyň jemi;

tohumlaryň tapgyry – degişlilikdäki sortuň tohumlarynyň birmeňzeş hili we gelip çykyşy boýunça kesgitli mukdary;

sort gözegçiligi – ekişleri seljeriş, toprak we barlaghana sort gözegçiligini geçirmek arkaly sort arassalygyny kesgitlemek baradaky çäreler;

tohum gözegçiligi – tohumçylyk babatdaky döwlet standartlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň talaplarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak, tohumlaryň ekiş hilini kesgitlemek babatdaky çäreler;

ekişleriň seljermesi – sort arassalygyny ýa-da ösümlikleriň sort meňzeşligini, sort ekişleriniň hapalananlygyny, kesellänligini we zyýankeşler tarapyndan zaýalananlygyny kesgitlemek maksatlary bilen sort ekişleriniň derňelmegi;

toprak gözegçiligi – ösümlikleriň we tohumlaryň belli bir sorta degişlidigini anyklamak we ösümlikleriň ýörite meýdançalarda ekilmegi we ösümlikleriň soňraky barlagy arkaly sort arassalygyny kesgitlemek;

barlaghana sort gözegçiligi – tohumlaryň belli bir sorta degişlidigini anyklamak we barlaghana barlagyny geçirmek arkaly tohumlaryň sort arassalygyny kesgitlemek.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň tohumçylyk babatdaky kanunçylygy

 

Tohumçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan we Türkmenistanyň tohumçylyk baradaky meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda.Tohumlary öndürmäge we ulanmaga bolan hukuk

 

Patent bilen goralýan sortlaryň tohumlaryny we garnuwlary öndürmek we ulanmak hukugyna patent eýeleri, şeýle hem tohumçylyk baradaky işiň ygtyýarlylandyrylýan  görnüşlerini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar eýedirler.

Patent eýeleri, olar tarapyndan  ygtyýarly edilen wekiller, şeýle hem olaryň arasyndaky şertnamalar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde bellige alynýar.

 

4-nji madda. Tohumçylyk ulgamy we subýektleri

 

Tohumlary öndürmek, olary taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ulanmak we ýerlemek, şeýle hem tohumlaryň hiline gözegçilik etmek işini amala aşyrýan tohumçylyk subýektleriniň jemi tohumçylyk ulgamydyr.

Tohumlaryň öndürilmegi we taýýarlanylmagy, ýerlenmegi, saklanmagy, gaýtadan işlenmegi, daşalmagy, ulanylmagy bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar tohumçylygyň subýektleri bolup durýarlar.

Tohumçylyk ulgamynyň işiniň tertibi tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

 

II bap. Tohumçylyk babatdaky döwlet düzgünleşdirişi

 

5-nji madda. Tohumçylyk babatdaky döwlet düzgünleşdirişini  amala aşyrýan edaralar

 

1. Tohumçylyk babatdaky döwlet düzgünleşdirişini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.

2. Tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralaryna şular degişlidir:

tohumçylyk gözegçiligi boýunça ygtyýarly döwlet edarasy;

oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy;

şeýle hem tohumçylyk bilen baglanyşykly meselelerde:

bäşinji tesimi Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

saglygy goraýyş we derman senagaty babatdaky ygtyýarly döwlet dolandyryş edarasy.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) tohumçylyk babatda döwlet syýasatyny kesgitlemek;

2) tohumçylyk gözegçiligi boýunça döwlet edaralarynyň ygtyýarlylyk çygryny kesgitlemek we olaryň işini utgaşdyrmak;

3) ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň we guramalaryň tohumçylyk babatdaky işini kadalaşdyryp düzgünleşdirmegi amala aşyrmak;

4) Döwlet tohumçylyk gorunyň emele gelmeginiň, saklanylyşynyň we ulanylyşynyň tertibini kesgitlemek;

5) ekinler we sortlar boýunça Döwlet tohumçylyk gorunyň möçberini tassyklamak;

6) tohumçylyk babatdaky işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak.

 

7-nji madda. Tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet  edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Tohumçylyk gözegçiligi baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) tohumçylykda işleriň ähli toplumynyň geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmek;

2) tohumlyk we oturdylan ekinleriň hiline döwlet standartlarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny amala aşyrmak;

3) tohumlyk we oturdylan ekinleriň ekiş we sort baha berlişini kesgitlemek, şu meseleler boýunça hemmeler üçin hökmany bolan kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlamak;

4) eksport we import edilýän tohumlyk we oturdylan ekinleriň döwlet standartlaryna we halkara kadalaryna laýyk gelşine gözegçiligi amala aşyrmak, hil güwänamalaryny bermek;

5) ösümlikleriň sortlary ösdürilende, öndürilende, saklananda, ýerlenende we ulanylanda tohumlyk we oturdylan ekinleriň hökmany barlag düzgünleriniň we kadalarynyň usullaryny işläp taýýarlamak we olaryň Türkmenistanyň çäklerinde peýdalanylmagyny üpjün etmek;

6) tohumçylyk babatdaky ylmy barlaglaryň esasy ugurlarynyň kesgitlenmegine gatnaşmak.

2. 5-nji maddanyň ikinji böleginde görkezilen tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň her biriniň ygtyýarlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan olar baradaky düzgünnamalar bilen kesgitlenilýär.

 

8-nji madda. Tohumçylyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tohumçylyk babatdaky ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmekleri üçin şert döredýärler;

2) hususy tohumçylyk binýadynyň döredilmegine we ösdürilmegine, gymmatly ýerli we dünýä genetik gaznasynyň saklanylmagyna we netijeli ulanylmagyna ýardam edýärler;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tohumçylyk babatdaky gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

9-njy madda. Tohumçylykda döwlet standartlary

 

Tohumçylyk babatdaky döwlet standartlary tohumçylyk babatda ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar.

Tohumçylykda döwlet standartlaryny tassyklamak Türkmenistanyň standartizasiýa hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

 

10-njy madda. Tohumlaryň güwälendirilmegi

 

Ýerlemek üçin niýetlenen tohumlar hökmany güwälendirmäge degişli bolup, ol haýsy sorta degişliligi, gelip çykyşy we tohumlaryň ekiş hillerini kepillendirýän görkezijiler boýunça geçirilýär.

Seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen sortlara degişli bolan, ulanylmaga rugsat edilen tohumlaryň güwälendirilmegi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumlyk we oturdylan ekinleriň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk boýunça gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

Seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilmedik sortlara degişli bolan ulanylmaga rugsat edilen tokaý we derman ösümlikleriň tohumlarynyň güwälendirilmegi degişlilikde oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we saglygy goraýyş we derman senagaty baradaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan geçirilýär.

 

11-nji madda. Tohumçylyk babatdaky işiň ygtyýarlylandyrylmagy

 

Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki tohumçylyk subýektleri seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen, ulanylmaga rugsat edilen sortlaryň tohumlaryny degişlilikdäki tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýän ygtyýarnama esasynda öndürmäge, taýýarlamaga, ulanmaga we ýerlemäge haklydyrlar.

Ygtyýarnama alan tohumçylyk subýektleri tohumçylyk işiniň Döwlet sanawyna girizilýär.

Tohumçylyk babatdaky işiň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýuridik we fiziki şahslar diňe öz hususy talaplary üçin bolan tohumlary ygtyýarnamasyz öndürmäge haklydyrlar.

 

III bap. Tohumlaryň görnüşleri

 

12-nji madda. Ösümlikleriň sortlarynyň tohumlarynyň  görnüşleri

 

1. Üznüksiz öndürilmeginiň tapgyryna laýyklykda tohumlaryň şu görnüşleri kesgitlenilýär:

tohummaýa;

naýbaşy;

saýlantgy;

arkaly (birinji we soňraky arkaly tohumlary, şeýle hem birinji nesiliň garnuw tohumlary).

2. Tohummaýa tohumlary diýlip ösümligiň sortunyň originatory ya-da onuň ygtyýarly adamy tarapyndan tohumhana meýdançalaryndan alnan we doly barlaghana seljermesinde barlanan ösümlik tohumlaryna aýdylýar.

Ösümligiň sortunyň originatory diýlip ulanylmaga goýberilen we maglumatlary seleksion gazanylanlaryň Döwlet sanawyna girizilen ösümligiň sortunyň döredilmegini, çykarylmagyny, ýüze çykarylmagyny we (ýa-da) saklanmagyny üpjün edýän ýuridik ýa-da fiziki şahsa aýdylýar.

Ösümligiň sortunyň originatoryny bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Naýbaşy tohumlar – munuň özi sortuň ähli alamatlaryny we häsiýetlerini has doly berip bilýän ösümlikleriň iň oňat saýlanyp ösdürilip ýetişdirilýän nesliniň saýlantgy tohumlaryň öňündäki köpeliş bölegidir.

4. Saýlantgy tohumlar diýlip naýbaşy tohumlaryndan alnan we tohumçylyk babatdaky döwlet standartlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplaryna laýyk gelýän ösümlik tohumlaryna aýdylýar.

Saýlantgy tohumlar arkaly tohumlary öndürmek üçin ulanylýar.

5. Arkaly tohumlar diýlip saýlantgy tohumlardan soň gelýän ösümlik nesilleriniň tohumlaryna aýdylýar.

Birinji nesliň garnuw tohumlary arkaly tohumlar bolup durýarlar.

6. Tohumlaryň degişlilikdäki görnüşlerini öndürmegiň usullaryny tohumçylyk baradaky ygtyýarly döwlet edaralary kesgitleýärler.

 

IV bap. Tohumlaryň öndürilişi

 

13-nji madda. Tohumlaryň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilişi

 

Tohummaýa we naýbaşy tohumlary üznüksiz öndürmek we saklamak maksady bilen nesil ösümliklerini yzygiderli seçmek we olara baha bermek ýoly bilen ylmy edaralar we sortlaryň awtorlary tarapyndan öndürilýär.

Saýlantgy we arkaly tohumlar tohumçylyk babatdaky işi ýerine ýetirmäge ygtyýarnamasy bolan ähli gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan öndürilip bilner.

 

14-nji madda. Ösümlikleriň tohumlaryny öndürmek üçin  ýörite zolaklar

 

Ýokary sortlulyk hili bolan ösümlikleriň tohumlarynyň öndürilmegi üçin has amatly tehnologik we fitosanitar şertleri döretmek maksady bilen tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ösümlikleriň tohumlaryny öndürmek üçin ýörite zolaklary kesgitleýärler. Bu zolaklarda tohumlary öndürmegiň aýratyn düzgüni bellenilýär.

 

V bap. Tohumlaryň taýýarlanylyşy, işlenip bejerilişi,

saklanylyşy we ulanylyşy

 

15-nji madda. Tohumlaryň taýýarlanylyşynyň, işlenip bejerilişiniň, saklanylyşynyň we ulanylyşynyň tertibi

 

Tohumlaryň taýýarlanylyşynyň, işlenip bejerilişiniň, saklanylyşynyň we ulanylyşynyň tertibi degişlilikde tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

Aýratyn hukuklaryň (intellektual eýeçilik) obýekti bolup durýan tohumlaryň ulanylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ýol berilýär.

Sortlulyk we ekiş hilleri tohumçylyk babatdaky döwlet standartlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän, şol sanda önümçilige ornaşdyrylmadyk tohumlaryň (nahallaryň) ekiş üçin ulanylmagy gadagan edilýär.

 

16-njy madda. Döwlet tohum gory

 

Döwlet tohum gory özüne gerek tohumlary öndürmeýän ýa-da olary öndürmek üçin mümkünçilikleri çäkli bolan hojalygy ýörediji subýektleri we beýleki sarp edijileri tohumlar bilen üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde ekinler ýok edilende, ýa-da zaýalananda olara kömek bermek üçin we gaýry maksatlar üçin döredilýär.

Döwlet tohum goruny tohumlar bilen üpjün etmek tohumçylyk subýektleri tarapyndan şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

Tohumlaryň importynyň hasabyna Döwlet tohum gorunyň üsti ýetirilip bilner.

Döwlet tohum goruny döretmegiň, saklamagyň we ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Ätiýaçlyk we geçýän tohum gory

 

Ätiýaçlyk tohum gory – munuň özi tebigy betbagtçylyklar zerarly ýok edilen ekinleri gaýtadan ekmek üçin Döwlet tohum gorunyň on bäş göteriminden köp bolmadyk möçberlerinde döredilýän eldegrilmesiz tohumlaryň her ýylda täzelenýän gorudyr.

Geçýän tohum gory – munuň özi oba hojalyk ösümlikleriniň tohumlarynyň taýýarlanylýan ýylynyň yzyndaky ýylda ulanylýan gorudyr.

Ätiýaçlyk we geçýän tohum gorlary tohumçylyk subýektleri tarapyndan döredilýär, Döwlet tohum gorundan aýratyn hasaba alynýar we saklanylýar hem-de pugta maksadalaýyklykda peýdalanylýar.

 

VI bap. Tohumlaryň tapgyrynyň dolanyşygy

 

18-nji madda. Tohumlary dolanyşyga girizmek

 

1. Eger tohumlar önümçilige goýberilen, seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen sorta degişli hem-de döwlet standartlarynyň sortlulyk we ekiş hiliniň talaplaryna laýyk gelýän bolsa dolanyşyga girizilýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tohumçylykda döwlet dolandyryş guramalarynyň teklibi boýunça aýratyn halatlarda:

Türkmenistanda ygtyýarlylandyrylan tohumlar üçin hiliň aşakladylan görkezijilerini bir ýyldan köp bolmadyk möhlete bellemäge;

ösümlikleriň karantini babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň talaplary berjaý edilen mahalynda tohumlaryň importy üçin bir ýyldan köp bolmadyk döwür üçin çaklendirmeleri aşaklatmaga rugsat berýär.

3. Dolanyşyga girizilen tohumlaryň bir ýa-da dürli görnüşli garyndylaryny dolanyşyga girizmek zerurlygy ýüze çykanda we dolanyşyga girizilen tohumlar olaryň düzüm bölekleri bolup duran halatynda, oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumçylyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugy tarapyndan rugsat berilýär.

4. Ulanmaga goýberilen, seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilmedik sortlaryň tohumlary ekiş maksatlary üçin peýdalanylyp bilner, eger:

a) sortuň awtory döwlet sort-synagy geçirilýän döwürde tohumlaryň ätiýaçlyk goruny döredende;

b) tohumlary ýerlemek hukugy bolmazdan we (ýa-da) başga birine bermezden, öndüriji tarapyndan hususy hajatlary üçin tohumlar ulanylsa;

ç) seleksiýa we barlag işleri, sergilerde görkezip goýmak üçin tohumlar ulanylsa.

Önümçilige goýberilen sort seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyndan çykarylanda şu sortuň tohumy arkaly tohumlaryň derejeleri boýunça soňraky iki ýylyň içinde dolanyşyga girizilip bilner.

 

19-njy madda. Tohumlaryň sortlulyk we ekiş hilini kesgitlemek

 

1. Tohumlaryň sortlulyk we ekiş hiliniň kadalary döwlet standartlary arkaly bellenilýär.

Tohumlaryň sortlulyk we ekiş hili kesgitlenende ýeke-täk usullar we barlaghana-tehniki serişdeleri, ýeke-täk kadalaşdyryjy resminamalar we adalgalar ulanylýar.

Tohumlaryň sortlulyk hili seljerme geçirmek, toprak we barlaghana gözegçilik usuly bilen kesgitlenilýär.

2. Saýlantgy tohumlary almak üçin ulanylýan sortlaryň tohumlary oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumlyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugy tarapyndan tassyklanan ekinleriň sanawy boýunça toprak barlagyna degişlidir.

3. Tohumlyk ekinlere seljerme geçirmek tohumçylyk subýektleriniň ýüztutmasy boýunça sortuň originatoryny we tohumçylyk ugrunyň alymlaryny çekmek bilen tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan geçirilýär. Tohumlyk ekinlere seljerme geçirmek işine gözegçilik etmek oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumlyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Tohumlaryň ekiş hilini kesgitlemek oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumlyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugynyň degişlilikdäki barlaghanalarynda tohumlar tapgyryndan saýlanyp alnan nusgalygyň derňewi arkaly geçirilýär.

5. Barlaghana seljermäniň maglumatlary boýunça döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän tohumlaryň eýesi olaryň hili hakdaky degişli resminamalary alýar.

 

20-nji madda. Tohumlaryň eksporty we importy

 

1. Tohumlaryň eksportyna, eger:

1) olar äkitmek üçin gadagan edilen sorta degişli bolmasa;

2) olar tohum bilen üpjün etmegiň şertnamalaryň we ösümlikleriň karantini baradaky halkara ylalaşyklarynyň talaplaryna laýyk gelýän bolsa;

3) tohumlaryň sortlulyk we ekiş hilini tassyklaýan halkara nusgadaky güwänamasy bar bolsa;

4) bellenilen nusgadaky fitosanitariýa sertifikaty bar bolsa ýol berilýär.

2. Tohumlar Türkmenistana import edilip bilner, eger:

1) olar önümçilige goýberilen, seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen sorta degişli bolan ýagdaýynda;

2) Türkmenistanyň döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän halkara nusgadaky güwänamasy bar bolan ýagdaýynda;

3) eksport ediji ýurduň ösümlikleriň karantini boýunça döwlet edaralary tarapyndan berlen fitosanitariýa güwänamasy bar bolsa;

4) olary getirmäge tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň rugsady bar bolsa.

Azyklyk maksatlary üçin genetiki taýdan modifisirlenen önümiň importy gadagan edilýär.

3. Sortlaryň dürli toprak-howa şertlerinde synagyny, ylmy barlaglary, seleksion işleri geçirmek, şeýle hem sergilerde görkezip goýmak üçin tohumlary getirmek we ýerlemek degişlilikdäki ygtyýarly döwlet edarasynyň rugsady boýunça amala aşyrylýar.

4. Eksport we import edilýän tohumlaryň tohumçylykda döwlet standartlarynyň talaplaryna we halkara kadalaryna laýyk gelşine gözegçilik oba hojalygyny dolandyryş ygtyýarly döwlet edarasynyň tohumlyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugy  tarapyndan amala aşyrylýar.

Tohumlaryň eksporty we importy üçin karantin gözegçiligi Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

21-nji madda. Tohumlary belgilemek we gaplamak

 

Dolanyşyga girizilýän tohumlar döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda belgilenen we gaplanan bolmalydyr.

Himiki we biologik serişdeler bilen işlenip bejerilen tohumlar ýörite gapda dolanyşyga girizilýär, onuň degişli duýduryjy ýazgysy bolmalydyr we ýanyna tohumlar bilen howpsuz iş salyşmak barada gollanma hem-de adamyň we haýwanlaryň saglygyna edip biljek täsirleriň görnüşleri we mümkin bolan netijeler esasynda maglumat goşulmalydyr. Tohumlary daşamak we saklamak Türkmenistanyň döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Tohumlaryň her bir tapgyrynyň ýanyna degişli resminamalar goşulmalydyr.

 

VII bap. Tohumçylykda döwlet gözegçiligi

 

22-nji madda. Tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala  aşyrýan wezipeli adamlar

 

Aşakdakylar tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlardyr:

tohumçylyk gözegçiligi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ýolbaşçysy bolup durýan Türkmenistanyň tohumçylyk gözegçiligi baradaky baş döwlet gözegçisi;

tohumlyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk babatdaky welaýat (etrap) gullugynyň ýolbaşçysy bolup durýan welaýatlaryň (etraplaryň) tohumçylyk gözegçiligi baradaky döwlet gözegçileri;

tohumçylyk gözegçiligi baradaky gözegçiler.

 

23-nji madda. Tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala  aşyrýan wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklary

 

Tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar aşakdaky ygtyýarlyklara eýedirler:

tohumlar öndürilende, taýýarlanylanda, ulanylanda we ýerlenilende döwlet standartlarynyň usuly we tehnologik talaplaryň tohumçylygyň subýektleri tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik etmek;

tohumçylyk baradaky resminamany öwrenmek we barlag nusgalaryny saýlap almak üçin tohumlaryň islendik gabyny açmak;

tohumlaryň ösdürilip ýetişdirilýän, işlenip bejerilýän we saklanylýan ýerlerine barmak;

goralýan sortlaryň tohumlarynyň ulanylmagyna gözegçilik etmek;

tohumçylyk subýektleriniň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan, tohumçylyk işindäki düzgün bozmalary aradan aýyrmak boýunça kesgitnama bermek;

tohumçylyk subýektleri tarapyndan tohumlaryň tapgyrlaryny  barlag üçin bermekden boýun gaçyran halatynda, şeýle hem eger döwlet standartlarynyň talaplaryna olaryň hiliniň laýyk gelmeýändigi barlag mahalynda bellenilse, tohumlaryň ýerlenilmegini gadagan etmek;

Türkmenistanyň tohumlar hakyndaky kanunçylygynyň bozulanlygy üçin raýatlara we wezipeli adamlara jerime çärelerini bellenilen tertipde ulanmak;

şu Kanunyň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünlerine laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

Tohumçylyk gözegçiligi baradaky döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem standartizasiýa baradaky ygtyýarly döwlet edarasy bilen özara hereket edip, şu Kanunyň, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk  namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.

 

VIII bap. Tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet

edaralarynyň işini maliýeleşdirmek

 

24-nji madda. Tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

 

Döwlet býujetiniň we býujetden daşary çeşmeleriň serişdeleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde tohumçylyk babatdaky işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň serişdeleri tohumçylyk baradaky işiň maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri bolup durýar.

 

25-nji madda. Tohumçylygyň döwlet goldawy

 

Tohumçylygyň döwlet goldawy aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

döwlet maýa goýumlarynyň bölünip berilmegi;

bahalaryň döwlet düzgünleşdirilmesi;

salgyt ýeňillikleriniň berilmegi;

tohummaýa, naýbaşy we saýlantgy tohumlaryň öndürilişine edilen çykdajynyň öwezini dolmak;

ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegi;

ykdysady höweslendirmäniň gaýry çäreleriniň ulanylmagy.

 

IX bap. Tohumçylykdaky halkara hyzmatdaşlygy

 

26-njy madda. Türkmenistanyň tohumçylyk baradaky meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy

 

Türkmenistan tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň üsti bilen tohumçylyk meseleleri boýunça halkara we sebitara hyzmatdaşlygyna gatnaşýar.

 

27-nji madda. Halkara şertnamalary

 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

 

X bap. Jemleýji düzgünler

 

28-nji madda. Tohumçylyk baradaky kanunçylygyň  bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Türkmenistanyň tohumçylyk baradaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

29-njy madda. "Tohumçylyk hakynda" Türkmenistanyň  Kanunynyň güýje girizilmegi

 

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Şu Kanunyň güýje giren gününden aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen "Tohumlar hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 9-njy madda);

2) Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1998-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň bäşinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 4, 70-nji madda);

3) Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1999-njy ýylyň 23-nji noýabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň bäşinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 4, 56-njy madda);

4) Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň altynjy bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 22-nji madda).

 

Türkmenistanyň     Gurbanguly

     Prezidenti Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 10-njy maýy.

№ 106-IV.